Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan prezidentiniň Aşgabada eden resmi sapary tamamlandy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen duşuşdy, 21-nji fewral, 2019-njy ýyl
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen duşuşdy, 21-nji fewral, 2019-njy ýyl

Penşenbe güni Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani bilen Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Taraplar ykdysadyýet, söwda, tranzit ýaly ugrularda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça ylalaşdy.

Düýn 21-nji fewralda owgan prezidenti Aşraf Gani Aşgabada resmi sapary amala aşyryp, prezident Berdimuhamedow bilen gepleşik geçirdi.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatyna görä, taraplar nebitgaz pudagynda gatnaşyklary ösdürmek, Türkmenistanyň Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň dil, edebiýat we golýazmalar instituty bilen Owganystanyň Milli arhiwiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Memorandumlara gol goýdular. Şeýle-de iki ýurduň baş demir ýol edaralary Akina – Andhoý demir ýoluny gurmak boýunça özara düşünişdi. Mundan başga-da taraplar gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşdy.

Özara düşünişmek boýunça ylalaşylan Memorandumlar energiýa, transport, medeniýet ýaly ugurlary öz içine alýar. Gol çekilen dokumentleriň hatarynda, resmi mglumatlara görä, howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça resminama ýok, ýöne taraplar howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassyklady.

Owganystanyň prezidentiniň diwanynyň beýanatyna görä, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda gol çekilen strategiki hyzmatdaşlyk şertnamasy iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady we howpsuzlyk hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berer.

Şeýle-de maglumata görä, Berdimuhamedow öz ýurdunyň Owganystandaky çaknyşyklaryň diplomatiki ýollar arkaly çözülmegini tutanýerli goldaýandygyny hem-de bu ugruda Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýdypdyr.

Gepleşiklerde owgan prezidenti terroçylygyň regionda we dünýäde çynlakaý problemadygyny aýtmak bilen, munuň hötdesinden gelmek üçin hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýdypdyr.

Türkmen prezidentiniň sözlerine görä, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurulmagy Owganystanda 12 müň iş ornuny döreder. Şeýle-de ol bu taslamanyň Owganystana ýyllyk 1 milliard dollar girdeji getirjekdigini aýdypdyr.

Iki ýurt Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi hem-de Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan (TAP) demir ýol taslamasy ýaly iri proýektlere gatnaşýar.

Türkmenistan TOPH taslamasynyň öz çäginden geçýän böleginiň gurluşygynyň dowam edýändigini aýdýar.

Ýöne energiýa bilermenleri Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, hem-de Türkmenistanyň ykdysady kynçylyklaryny nazarda tutup, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine şübheli garaýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda TOPH taslamasynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow bu taslamanyň bahasynyň 7 milliarda düşürilendigini mälim etdi. Ilkibaşda taslamanyň umumy bahasy 10 milliard dollar diýlip kesgitlenipdi.

Türkmen döwlet metbugaty Türkmenistanyň Owganystana beren ynsanperwer ýardamlarynyň hatarynda Balh welaýatynda gurlan mekdebi, Farýap welaýatynda gurlan oba hassahanasyny hem-de Hyrat welaýatynda gurlup ulanmaga berlen çaga dogrulýan öýi agzaýar.

Günüň ikinji ýarymynda, Aşraf Gani Aşgabada eden saparynyň çäginde Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklar institutyna baryp, professor-mugallymlara we studentlere leksiýa berdi.

XS
SM
MD
LG