Aşgabadyň dükanlarynda alkogolly içgiler irden sagat 10:00 bilen agşam sagat 8:00 aralygynda satylyp başlandy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy habar berýär.
Aşgabatda gara we garamtyl reňkli ulaglara garşy göreş täzeden güýçlenýär. Häkimiýetler ulaglaryň ak reňke boýadylmagyny talap edýär. “Hatda kümüşsow reňke-de boýatmaga rugsat berilmeýär, hökman ak bolmaly” diýip, Azatlygyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.
18-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyk arkaly sanly iş maslahatyny geçirdi.
Aşgabadyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde häkimiýetler barlag işlerini geçiýärler. Olaryň geçirýän barlaglary üç topara bölünýär – derňew barlagy, frontal barlag we bilim barlagy.
Aşgabadyň bazarlarynda azyk önümleriniň bahalaryny söwda tekjesinde görkezilen bahadan has gymmada satmak tejribesi saklanyp galýar. Käbir et önümleriniň gymmatçylygy, şeýle-de gök-bakja we miwe önümleriniň bolçulygy göze ilýär.
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Parahat we Azatlyk daýhan birleşiklerinden birnäçe gallaçy kärendeçi Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen gürrüňdeş bolup, özleriniň mineral dökün üpjünçiligi bilen bagly duçar bolýan kynçylyklary barada gürrüň berdiler.
“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu günki sanynda türkmen adam atlary; at saýlamakda halk arasyndaky häzirki meýiller we köne tejribeler barada gürrüň edýäris.
Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady efirde Sonajemal diýlip tutulýan, 58 ýaşly türkmenabatly ene golaýda Mary welaýatyndaky bir harby bölümde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän oglunyň yzyndan barýar. Baranda ogluny harby bölümden tapyp bilmeýär.
Türkmenistanda kärendeçi daýhanlaryň kärende ýerlerinden bir ýylda ikinji hasyl almak üçin ekýän ekinlerine degişli döwlet ýer salgydy iki essä golaý ýokarlandy. Bu töleg mundan ozal 1 gektar ýer üçin 800 manatdy, indi 1400 manat boldy.
Golaýda türkmen telewideniýesinde “Aşyr däde” diýlip tanalýan “Siziň üçin körpeler!” gepleşiginiň alyp baryjysy Aşyrmyrat Gurbanow Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda ýerleşýän käbir medeniýet öýlerinde sahna çykyşlaryny goýdy.
Türkmenistan gaz pudagynda Russiýa bilen täze iri ylalaşyklary maksat edinýär diýip, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 6-njy fewralda Aşgabatda geçiren duşuşygyndan soň metbugatda çykyş etdi.
9-njy düzediş koloniýasy Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabadyň günbatarynda ýerleşýär. Ol ilat arasynda “Abdyşükür" adyndaky koloniýa atlandyrylýar. Köpleriň gürrüň bermegine görä, ol bu ady irki döwürlerdäki “ýakasy gaýyşly zalym” müdiriň adyndan alyp gaýdýar.
Aşgabat şäherinde we Balkan welaýatynda döwlete degişli köp sanly edara-kärhanalaryň işgärleri ýanwar aýynyň aýlyk haklaryny alyp bilmeýär. Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy bular barada 5-nji fewralda giňişeýin maglumat berdi.
2-nji fewralda Aşgabat şäheriniň 50-den gowrak mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary duýdansyz ýowara çykaryldy. Aşgabat şäher we etrap bilim bölümleri mekdep müdrilerine ýowar boýunça görkezmäni şenbe güni irden berdi.
23-nji ýanwarda Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrant, 32 ýaşly, Mary welaýatynda hemişelik ýazgyda duran Rüstem Ýusubow Stambulyň Migrasiýa edarasynda tussag edilýär.
Kiberhowpsuzlygy boýunça halkara ekspert Germaniýanyň Rohde & Schwarz kompaniýasynyň türkmen ýörite gulluklaryny Interneti yzarlamak üçin, belki, üpjün eden gurallary barada Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.
29-njy ýanwarda geçiren hökümet mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň beýleki käbir pudaklary bilen bir hatarda transport ulgamyny özgertmek barada çykyş etdi.
Türkmenistanda häkimiýetleriň VPN tilsimlerine garşy girizen çäklendirmeleri öz güýjünde galýar.
Indi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly günde-günaşa maslahat geçirýär.
26-njy ýanwarda Tähranda Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi maglumat çap etdi.
Ýene-de ýükle