Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda şugundyr ösdürip ýetişdirýän daýhanlar kösenýär


Türmkenistanda ösdürilip ýetişdirilen şugundyr
Türmkenistanda ösdürilip ýetişdirilen şugundyr

Balkanly kärendeçi daýhanlar meýdanlarda ösdürip ýetişdiren gant şugundyrlaryny 800 kilometr töweregi ýol söküp, "Maryşeker" döwlet kärhanasyna tabşyrmaly bolýar. Serdarda gurulmaly gant zawodyň gurluşygy 3 ýyldan bäri yza çekilýär.

Şu günler Türkmenistanda meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri dowam edýär. Ýurduň regionlarynda şol sanda Balkan welaýatynyň ekin meýdanlarynda döwlet tabşyrygy esasynda daýhanlar şugundyr ösdürip ýetişdirýärler. 26-njy fewralda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy balkanly kärendeçileriň gant şugundyryny kabul edýän kärhanalara önüm tabşyrmak boýunça dürli kynçylyklara sezewar bolýandyklaryny habar berdi.

Birinjilik bilen, Balkan welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýän şugundyryň hasylyny täzeden işläp şeker öndürer ýaly welaýatyň çäginde zawod-fabrik ýok. Şol sebäpden, şugundyr ösdürýän balkanly daýhanlar ýygnan hasyllaryny welaýatdan tas 800 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýän Mary welaýatynyň “Maryşeker” döwlet kärhanasyna tabşyrmaly bolýarlar. Munuň üçin, kärendeçi daýhanlar ýygnan hasylyny uzak ýol söküp, habarçynyň sözlerine görä, transport çykdajylaryny özleriniň hasabyna Mary welaýatyna äkitmeli bolýarlar.

Türkmenistanda şugundyr ösdürip ýetişdirýän hojalyklar “Maryşeker” döwlet kärhanasy bilen şertnama baglaşyp, şol şertnamanyň esasynda öz önümlerini agzalýan kärhana tabşyrmaga borçlanýar.

Ikinjilik bilen, “Maryşeker” döwlet kärhanasy balkanly daýhan hojalyklaryň kärhana tabşyran şugundyrynyň umumy agramynyň üstünden tebigy zaýaçylyga degişli diýip, 10 %-ni aýyrýar. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan balkanly daýhanlar, uzak aralyga adaty ýük ulagda daşalan jemi önümiň, onsuzam tas 20-30 %-e golaýynyň zaýalanýandygyny aýdýarlar.

“Şeýlelik bilen daýhan özüniň şugundyrdan gazanmaly gazanjynyň tas 3-den 1-ni ýitirýär” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Balkan welaýatynyň esasan iki etrabynda, ýagny Bereket we Serdar etraplarynda döwlet plan borçnamasy esasynda kärendeçiler şugundyr ösdürip ýetişdirýärler. Welaýatyň Esenguly etrabynda-da geçen ýyl 100 gektar ýere şugundyr ekildi. Resmi metbugata görä, Bereket etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginde gant şugundyry ekilen 250 gektar meýdandan 2000 tonna töwereginde hasyl ýygnaldy.

Häzirki wagtda ýurtda ýeke-täk gant zawody bar. “Maryşeker” döwlet kärhanasy 2004-nji ýylda işe girizildi. Ýöne habarçynyň maglumatyna görä, Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň gündogarynda 2015-nji ýylyň aýagynda ýurduň ikinji gant zawodyny gurmak işlerine girişilipdi.

“Zawodyň guluşygy birbada göwnejaý ýalydy. Binanyň boýy ýetdi, şondan soň gurluşyk togtady. Oňa penjire oturtmak, içerki suwag işleri, tehnika ornaşdyrmak, oňa ýöriteleşdirilen awtonom elektrik stansiýasyny gurmak ýaly işler edilenok. Gapdalyndan geçseň, ulakan ymarat, “bu näme” diýip sorasaň, ýerli ýaşaýjylar ol ýerde gant zawodynyň gurulmalydygyny, ýöne onuň gurluşygynyň uzaga çekendigini aýdýarlar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy gürrüň berdi.

Serdar şäherinde gurluşygy togtadylan gant zawodyna degişli işleriň barşy bilen gyzyklanyp, Azatlyk Radiosynyň habarçysy golaýda Balkan welaýatynyň welaýat häkimliginde agzalýan gurluşykdan habarly bir resmi bilen gürrüňdeş boldy.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde çykyş eden resminiň sözlerine görä, agzalýan zawodyň gurluşygyny ýerli býujetiň hasabyna tamamlamak tabşyrylypdyr.

Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän döwletiň ekin meýdanlarynda gowaça ösdürip ýetişdirmek işleri ýatyrylyp, oňa derek plan borçnamasy esasynda kärendeçilere şugundyr we beýleki gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek tabşyrylypdy.

Azatlyk Radiosynyň obasenagat toplumynda Balkan welaýatynda alnyp barylýan işleri yzarlaýan habarçysy, welaýatda şugundyr önümçiligine 3500 gektar ýeriň döwlet tarapyndan bölünip berlendigini habar berdi.

Prezident Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň aprel aýynda welaýatyň şol wagtky häkimine gant şugundyrynyň ekişine taýýarlyk işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin diýip, “käýinç” yglan edipdi.

Türkmenistanda alnyp barylýan gant şugundyrynyň önümçiligine garamazdan, ýurtda geçen ýyllarda wagtal-wagtal şeker gytçylygy we gymmatçylygy ýüze çykypdy.

XS
SM
MD
LG