The Risk Advisory Group toparynyň ýaýradan täze hasabatynda Türkmenistan korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri we ol baradaky maglumatlaryň elýetersizligi boýunça dünýäde iň öňdäki orunda.
9 – 10-njy aprelde Aşgabatda “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly halkara maslahat geçirilýär.
Türkmenistanda derman serişdeleriniň bahalarynyň ýokarlanýan wagty, paýtagt Aşgabadyň dermanhanalarynda arzanladylan bahadan ýaramlylyk möhleti geçen dermanlar peýda bolup başlady.
Türkmenistan öz içinde öndüren pagtasyny Türkiýäniň üstünde dünýä bazaryna çykarýar.
Martyň soňky ongünlüginde Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda “Türkmenler öz çagalaryny mekdebe ýollasyn” atly kampaniýa girişildi. "Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sany şol kampaniýalar baradaky söhbetlere gönükdirilýär.
2-nji aprelde Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn Asyr” internet neşiri Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň häzirki wagtda tamamlanýandygyny habar berdi.
4-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowa “berk käýinç” yglan etdi.
Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda sambo boýunça dünýä çempionaty 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriler.
Aziýanyň ösüş bankynyň 2019-nji ýyl üçin yklymyň ösüş çaklamalary boýunça çap eden soňky hasabatynda bu ýyl Türkmenistanda inflýasiýanyň 9 %-e, jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüş depgininiň 6 %-e barabar boljakdygy çaklanylýar.
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisi üçin zerur bolan turbalary Türkmenistan Russiýadan satyn alar.
Aşgabat şäheriniň häkimliginiň Jemagat hojalygy müdürliginiň “Aşgabatagyzsuw” birleşigi paýtagtyň ýaşaýjylaryndan suw we kanalizasiýa üçin ölçeýjileri oturtmagy we töleg etmegi soraýar.
Türkmenistanda häkimiýetler aýal-gyzlaryň awtoulag sürmegini bökdeýän wagty, döwlet metbugaty ýol belgilerini şaý-sep hökmünde dakynan rul başyndaky bir aýaly görkezýän karikatura çap etdi. Şaý-sepleriň arasynda “gadagan” ýol belgili gülýaka ünsi çekýär.
Türkmenistanda häkimiýetler döwlet edaralarynda işleýän ýa-da olara işe ýerleşmekçi bolýan raýatlardan “üç arka” baradaky maglumatlary talap etmäge dowam edýär.
“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sanynda Eýranyň il arasynda Türkmensähra atlandyrylýan sebitlerinde, şeýle-de Türkmenistanyň Eýran bilen araçäkleşýän regionlarynda ýüze çykan soňky howa hadysalary we olaryň ilatyň gündelik durmuşyna ýetiren täsiri barada gürrüň edilýär.
Türkmen-özbek serhediniň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Farap gümrük geçelgesinden Özbegistana geçmek isleýän türkmenistanlylara türkmen gümrükçileri we Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň işgärleri dürli kynçylyklary döredýärler.
25-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň etegindäki Çoganly ýaşaýyş jaý tolpumynyň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habar gullugy (TDH) habar berýär.
Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda esasy iýmit önümleriniň üpjünçiligi boýunça bar bolan bökdençlikler saklanyp galýar.
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Metýu S. Klimowy (Matthew S. Klimow ) hödürleýändigini mälim etdi.
"Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň bu sanynda geçen asyryň başlarynda owgan türkmenleriniň ata watandan owgan serhedine bosup çykmagynyň aňyrsynda ýatan sebäpleri baradaky gürrüň dowam etdirilýär
Türkmenistanyň Russiýa eksport eden pomidorlaryndan zyýanly mör-möjek tapyldy.
Ýene-de ýükle