Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetine salgylanyp, 1-nji aprelde habar berdi.
Habarda aýdylmagyna görä, resmi bildirişde paýtagtyň ýaşaýjylaryndan jaýlardaky agyz suwuny tygşytly ulanmak soralýar.
“Raýatlaryň degişli rugsat almazdan ýaşaýyş jaýlarynyň suw geçirijilerinden we lagym ulgamlaryndan ýaşaýyş we kömekçi hojalyklara, ýer uçastoklaryna özbaşdak ýagdaýda geçiriji çekmekleri düýpden gadagan edilýär” diýip, “Aşgabatagyzsuwuň” bildirişinde aýdylýar.
Maglumata görä, jaýlaryň ýerzeminlerinde we ýarym ýerzeminlerde ýerleşýän suw geçirijilerden bikanun suw çekip, içimlik suwa awtoulag we haly ýuwmak gadagan edilýär. “Suw netijesiz, geleňsiz we tygşytsyz ulanylan halatynda, düzgüni bozujylara adminstratiw jerime salnar” diýip, bildirişde aýdylýar.
Türkmenistanda hökümet 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap suw, elektrik, tebigy gaz ýaly ondan ozal ilata mugt berilýän ýeňillikleri ýatyrdy.
Bu karar Halk Maslahatynyň geçen ýylyň sentýabr aýynda geçirilen soňky mejlisinde kabul edildi.
Şondan soň oktýabryň başynda geçiren hökümet mejlisinde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2019-njy ýyldan başlap suwuň, gazyň we toguň mugtçulygynyň ýatyrylmagy bilen baglylykda, ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Goçmyrat Myradowa täze töleglerden býujete girýän goşmaça serişdeleri hasaba almak işlerine gözegçiligi tabşyrdy.
Prezident kärhanalara we ilata gaz, elektrik we suw hasaplaýjy enjamlaryň oturdylmagyny, hem-de hasaplaşyk kitapçalarynyň berilmegini üns merkezinde saklamak işini wise-premýer Myratgeldi Meredowa we Dädebaý Amangeldiýewe tabşyrdy.
Bu çärelere gözegçilik işleri içeri işler ministri Isgender Mulikowa tabşyryldy.
Şondan soň ýurt içinde ilatyň elektrik energiýasy, suw we gaz üpjünçiligini gözegçilikde saklamak boýunça häkimiýetleriň görýän çäreleri güýçlendi. Şäherleriň we etraplarda suw, gaz we elektrik üpjünçilik edaralarynyň işgärleri hojalyklara aýlanyp hasaplaýjylary talap edip başlady.
Martyň ortalarynda Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy ýaşaýjylardan diňe bir ýanwar, fewral aýlary üçin däl, eýsem gazyň, suwuň we toguň mugt berlen soňky aýlary – oktýabr, noýabr we dekabr – üçin hem täze nyrhdan töleg alynýandygyny habar berdi.
Täze ýyla geçip, Türkmenistanda çap edilýän gazetlerde elektrik energiýasynyň we suwuň üpjünçiligi barada bildirişler çap edilip başlandy. “Neýtralny Türkmenistanda” 28-nji martda suwy tygşytly ulanmak we degişli tölegleri wagtynda geçirmek barada çap edilen habardan ozal, 26-njy fewralda Balkanyň welaýat gazetinde çap edilen bildirişde elektrik energiýasyna degişli tölegiň wagtynda tölenmedik ýagdaýynda elektrik energiýasyny ýerleýän kärhananyň sarp edijini tokdan mahrum edip biljekdigi mälim edilýär.
Türkmenistanyň ilaty 1993-nji ýyldan bäri elektrik energiýasyndan, gazdan we tokdan mugt peýdalanýardy.