Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen pagtasynyň önümçiligindäki mejbury zähmet onuň Türkiýäniň üstünden dünýä çykarylmagyna kölege salýar


Illýustrasiýa suraty. Açylan goza
Illýustrasiýa suraty. Açylan goza

Türkmenistan öz içinde öndüren pagtasyny Türkiýäniň üstünde dünýä bazaryna çykarýar.

Dünýäde gulçulyga we mejbury zähmete garşy iş alyp barýan Anti-Slavery International hukuk goraýjy guramasy mart aýynda çap eden soňky hasabatynda bu barada giňişleýin maglumat berýär. Hukuk toparlary türkmen pagtasynyň önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny tankyt edýär.

Guramanyň hasabatyna görä, Türkmenistan bahasy ýylda 300 million dollardan gowrak pagta we ondan öndürilen önümleri Türkiýä eksport edýär.

Gulçulyga garşy halkara guramanyň 5-nji aprelde türkmen pagtasy we onuň türk kompaniýalary bilen ilteşigi barada çap eden makalasynyň “Türkmenistanyň pagta jenaýaty” atly bölüminde hökümediň lukmanlary, diş lukmanlaryny, mugallymlary, studentleri we harby gullukçylary ýygym möwsüminde her ýyl mejbury ýagdaýda pagta meýdanlaryna kowýandygy nygtalýar. Oňa ýurt içinden toplanan maglumatlaryň esasynda delil getirilýär.

“Söwet döwründen miras galan mejbury zähmet sistemasy gorkuzmak we jezalandyrmak haýbatlarynyň esasynda guramalaşdyrylýar” diýip, hasabatda aýdylýar.

Maglumatda türkmen pagtasyny dünýä bazaryna çykarýan türk kompaniýalarynyň atlary getirilýär.

Onda aýdylmagyna görä, Çalyk Holding kompaniýasynyň binaýdyndaky “Gap Pazarlama”, “Çalyk Denim”, “Çalyk Koton” ýaly firmalar türkmen pagtasyndan öndürilen önümleri Zara, Topshop, River Island ýaly müşderilerine ýetirýärler.

Maglumatda Ýakyn Gündogarda ýerleşýän ýurtlaryň birindäki Pull & Bear egin-eşik dükanynda 2016-njy ýylda “Made in Turkmenistan” ýagny “Türkmenistanda öndürilen” diýen ýazgyly jinsileriň satuwa çykarylandygyna ünsi çekilýär. Şeýle-de, türkmen pagtasy bilen iş salyşýan Norsel, Engin Group ýaly türk kompaniýalarynyň atlary agzalýar.

“Türkmenistanda hereket edýän köp sanly türk kompanýalary halkara standardlara ygrarly galýar. Muňa garamazdan, olardaky ýokary wezipeli adamlaryň Türkmenistanyň pagta önümçiliginde ulanylýan mejbury zähmetiň derejesinden we tebigatyndan mydama habarly däldigini görkezýän subutnamalar bar” diýip, hasabatda aýdylýar.

Anti-Slavery International hukuk toparynyň barlagçylary Türkmenistanda hereket edýän iri türk kompaniýalaryň dolandyryjylaryndan az sanly adam bilen söhbetdeşlik geçiripdirler.

Maglumata görä, olar Türkmenistanda pagta hasylynyň esasan tehnika bilen ýygnalýandygyna, pagtany el bilen ýygnamak işleriniň meýletin häsiýetde amal edilýändigine ynanýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Azatlyk Radiosy 100 % türkmen pagtasyndan öndürilen tekstil önümleriniň “Walmart” we “Amazon” ýaly amerikan söwda kompaniýalarynda satuwa çykarylýandygyna ünsi çekmegi başardy.

​Ýatlasak, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizipdi.

Azatlygyň çap eden maglumatynyň yzýany 31-nji ýanwarda düýbi Waşingtonda ýerleşýän International Labor Rights Forum guramasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Amazon we eBay söwda maksatly saýtlarynyň hem-de Walmart söwda kompaniýasynyň türkmen pagtasyndan öndürilýän harytlary satýandygyny habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ýygym möwsüminde mejbury zähmetden peýdalanylýandygyny ret edýär.

Anti-Slavery International hukuk guramasynyň türkmen pagtasy baradaky soňky hasabaty Türkmenistanda resmi gowaça ekmek işlerine girişilýän wagtlara gabat geldi.

Türkmenistanda köpçülikleýin gowaça ekmek işine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda we Daşoguz welaýatynyň daýhanlary biraz gijiräk — 27-nji martda girişdiler.

Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG