Bular barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 8-nji aprelde maglumat berdi.
Onuň maglumatyna görä, meselem, Aşgabadyň merkezi dermanhanalaryndan biri hasaplanýan Alişer Nowaýy köçesiniň ugrundaky 1-nji dermanhanada 6 gerdejikli “sitramon” dermanyny arzan bahadan, ýagny 1 manatdan satyn almak mümkin. Ýöne bir şert bilen – onuň ýaramlylyk möhleti geçen. Habarçy agzalýan dermanyň suratyny düşürip, Azatlyga ugratdy.
Suratdan mälim bolşuna görä, dermanyň 4 ýyllyk ýaramlylyk möhleti 2019-njy ýylyň aprel aýynda tamamlanýar. Gürrüňi edilýän “sitramon” 2015-nji ýylyň mart aýynda öndürilipdir.
“Meniň tanşym bu dermany satyn alypdyr, adaty dermanlar örän gymmada düşýär. Alişer Nowaýy köçesiniň ugrunda ýerleşýän bu dermanhana merkezi dermanhana hasaplanylýar” diýip, habarçy aýtdy.
“[Ýurtda] dermanlar bilen bagly ýagdaýlar ýaramazlaşýar, olaryň bahasy ýokarlanýar” diýip, ol sözüne goşdy.
Möhleti geçen dermanlaryň Türkmenistana haçan getirilendigi barada maglumat ýok. Suratdan mälim bolşuna görä, bu dermanlar Russiýanyň “Uralbiofarm” açyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan öndürilen önümlerdir.
Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän uzak möhletli dermanlaryň ýaramlylyk möhletiniň tamamlanmagyna bellenilen ýaramlylyk möhletiniň altmyş göteriminden az wagt galan bolsa, ýurtda hereket edýän “Derman üpjünçiligi hakyndaky” kanun olaryň ýurda girizilmegine rugsat bermeýär.
Muňa laýyklykda, häzirki wagtda Aşgabadyň merkezi dermanhanasynda satylýan “sitramon” Türkmenistanyň çägine iň giç bolanda, 2016-nji ýylyň oktýabrynda getirilen bolmaly.
Muny häzirki wagtda Gümrük gullugyndan anyklamak mümkin däl, Türkmenistan import-eksport maglumatlaryny jemgyýetçilige aýan etmeýär.
Internet maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, meselem, Aşgabatda “Ýowşan” Hojalyk jemgyýetine degişli dermanhanada gürrüňi edilýän “sitramon” dermanlary 2 manat 50 teňňe – 3 manatdan satylýar.
Onuň möhleti geçen görnüşini 1 manatdan satýan Alişer Nowaýy köçesiniň ugrundaky 1-nji dermanhana barada Google kartada dermanhananyň hyzmatyna syn galdyran bir ulanyjy derman satyn almak üçin ol ýerde özüniň köp garaşmaga mejbur bolandygyny aýdýar.
Derman üpjünçiliginiň ýagdaýy regionlarda-da ýaramazlygynda galýar.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ikinji habarçysy regionlaryň dermanhanalarynda käbir dermanlaryň tapdyrmaýandygyny, olary satyn almak üçin adamlaryň welaýatlardan paýtagta gatnaýan taksi sürüjileriniň hyzmatlaryndan peýdalanýandygyny, olaryň üsti bilen regionlaryň ýaşaýjylarynyň Aşgabatdan derman sargaýandygyny habar berdi.
Möhleti geçen dermanlaryň ilata satylmagy ýa-da regionlardaky derman gytçylygy baradaky maglumatlary Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň metbugat merkezine tassyklatmak mümkin däl.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallary we metbugat serişdeleri hökümediň saglyk syýasatyny mahabatlandyrýan maglumatlary köpçülige ýetirýär.
Mundan ozal, geçen ýylyň aýagynda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary ýurtda derman problemasynyň gitdigiçe çylşyrymlaşýandygyny, regionlaryň ýaşaýjylarynyň sanjym iňňelerinden başlap, ýönekeý dermanlara çenli paýtagtdan sargap getirtmeli bolýandyklaryny habar beripdiler.
Ýurtda dekabryň aýagynda, meselem, “Kardamagnil” atly dermanyň 100 tabletkaly görnüşi 112 manatdan (resmi kursdan 32 dollar, gara bazaryň nyrhyndan 6 dollar, köne puldan 560.000 manat) satyldy. Ol ondan ozal 24 manada satylýardy.
Beýleki tarapdan, resmi metbugat ýurt raýatlaryna prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan çap edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda görkezilýän dermanlyk çaýlary içmegi maslahat berýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383. Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.