Tel: +7 495 739 1818
Aşgabadyň sosial we infrastruktura obýektleriniň ençemesi soňky aýlarda paýtagtyň daşyna göçürildi. Indi döwlet kitaphanasy, keselhanalar we demirýol biletlerini satýan kassa ýaly esasy edaralar şäheriň daşynda ýerleşýär. Muňa näme sebäp bolýar?
Pekinde geçirilen Owganystan boýunça Stambul prosesiniň 4-nji konferensiýasynda Türkmenistan Owganystanyň ähli konstruktiw we jogapkärli güýçleriniň arasynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň geçirilmegi üçin öz syýasy giňişligini hödürlemäge taýýardygyny aýtdy.
Mansur Mingelow, türkmen häkimiýetleriniň beren wadasyna garamazdan, öz işine halkara adalat standartlaryna laýyklykda garalmagyna henizem garaşýar, diýip Amnesty International guramasy habar berýär.
Türkmenistanda raýat azatlyklary sebäpli tussaglyga höküm edilenleriň boşadylmagyna adam hukuklaryny goraýjylar nähili garaýarlar?
Türkmenistanda tussaglykdaky bendileriň işledilmegine degişli nähili kanuny düzgünler bar? Azatlyk Radiosy Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ýurduň daşynda iş alyp barýan türkmen ýuristi Timur Misrihanow bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan düzgünler barada gürrü
Ýewropa bilen bagly energiýa proýektleri meselesinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda soňky wagtda näme bolup geçýär? Azatlyk Radiosy bu sowaly Bakuwda ýerleşýän Nebit barlaglary institutynyň müdiri Y.Şabana berdi.
Türkmenistanda soňky günlerde amerikan dollaryny satyn almakda ýüze çykan käbir kynçylyklara we çäklendirmelere ykdysady taýdan nähili düşündiriş bar?
Türkmenistanyň prezidenti regionyň howpsuzlygyny saklamakda guramanyň kuwwatyndan peýdalanmagyň ähmiýetini hem aýratyn nygtady. GDA-nyň kuwwaty barada aýdylanda, bu guramanyň nähili mümkinçilikleri bar?
Minskde 8-nji oktýabrda bolan gepleşiklerde Türkmenistanyň we Belarusyň prezidentleri iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara bähbitli ugurlaryny kesgitlediler.
Türkmenistan her adam başyna ýylda 5.5 müň kubometr suwy sarp edýär, bu bolsa dünýäde iň ýokary görkeziji bolýar diýip, “Nature” žurnaly ýazýar. Bu ABŞ bilen deňeşdirilende dört esse ýokary.
Biometrik pasportlar diňe bir Türkmenistanda däl, Merkezi Aziýa regionynyň beýleki ýurtlarynda hem girizildi.
Orsýetiň “Interfax” habar agentligi Aşgabatda Türkmenistanyň resmileri bilen gepleşik geçirdi. Azatlyk Radiosy “Interfax” agentliginiň ýolbaşçysy Igor Porşnew bilen söhbetdeş boldy.
24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Orsýet Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň resmi topary bilen duşuşyk boldy. Duşuşykda goşa raýatlyk meselesi maslahat edilipdir.
Şu günler Türkmenistanda iri halkara çäreleriniň birnäçesi geçirilýär. Ýurt ýaşaýjylary şeýle çärelere öwrenişendiklerini we olary adaty bir ýagdaý hökmünde kabul edýändiklerini aýdýarlar.
Türkmenistanyň prezidentiniň Latwiýa resmi sapary boldy. Rigada Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda dokumentlere gol çekildi.
Tähran türkmen gazyny Türkiýäniň üstünden Ýewropa akdyrmak barada Ankara bilen ylalaşyga gelnenligini aýtdy.
Hepdäniň sişenbe güni Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan Ankaranyň, Bagdatda ölüm jezasyna höküm edilen Yragyň gaçgak wise-prezidenti Tarik al-Haşemini bermejegini aýtdy.
Türkmenistanda “Hazar 2012” atly harby türgenleşikleri geçirildi. Milli habar serişdelerinde 5-nji sentýabrda Hazar deňzinde geçirilen bu çäre arkaly bitarap Türkmenistanyň özüni goramak ukybyny, harby kuwwatyny we professional taýýarlygyny görkezenligi aýdylýar.
Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň resmi maglumatyna görä, Türkmenistanda 20 ýyla golaý wagtlap iş alyp baran Parahatçylyk korpusy 2012-nji ýylyň aýagyna çenli ýurtdaky işini bes eder.
Ýene-de ýükle