Türkmenistanyň we Orsýetiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen konsultasiýalarda taraplar döwletara hyzmatdaşlyga itergi bermek boýunça meseleleri, şeýle-de ozalky türkmen-ors ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek boýunça takyk meseleleri maslahat edipdirler. Bu barada Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda aýdyldy.
Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy bu konsultasiýalaryň “konstruktiw häsiýetde” geçendigini habar berdi.
Wajyp meseleler
Ilçihananyň metbugat wekili Alekseý Musiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, taraplar “wajyp meseleler”, şol sanda “goşa raýatlyk temasyna degişli meseleler” boýunça pikir alyşdylar.
24-nji sentýabrda geçirilen bu konsultasiýalar Daşary işler ministrlikler arasynda dowam edýän gepleşikler prosessiniň nobatdaky tapgyry bolupdyr.
Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Alekseý Musin konsultasiýalarda goşa raýatlyk meselesine degişli takyk netijeler barada aýtmagyň “entek irdigini” belledi we gepleşikler prosessiniň häzir “iň gyzgalaňly tapgyrdadygyny” aýtdy.
Aşgabatdaky konsultasiýalaryň netijesinde taraplar arasynda gepleşikleriň indiki tapgyryny geçirmek barada ylalaşylypdyr.
Türkmenistan bilen Orsýetiň arasynda 1993-nji ýylda baglaşylan we 2003-nji ýylda ýatyrylan goşa raýatlyk ylalaşygy bilen bagly mesele şu ýylyň dowamynda ýurtlaryň diplomatlary derejesinde ençeme sapar maslahat edildi. Ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda öňünden planlaşdyrylan konsultasiýalar şu ýylyň ýanwar aýynda hem geçirilipdi.
Goşa raýatlyk
Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda goşa raýatlyk ylalaşygynyň “1991-nji ýylda Türkmenistan garaşsyzlyga eýe bolansoň ýurdy terk etmek islänlere jaý, emläk we garyndaşlyk meselelerini çözmekde ýardam bermek üçin” baglaşylanlygy aýdyldy. Şeýle-de türkmen tarapynyň goşa raýatlyk ylalaşygy “güýjünde bolan döwründe öz taryhy missiýasyny ýerine ýetirdi”, diýip hasap edýändigi bellendi.
2003-nji ýylyň aprel aýynda ýurtlaryň prezidentleri goşa raýatlyk ylalaşygy ýatyrmak barada şertnama gol çeken hem bolsalar, Orsýet şertnama milli parlament tarapyndan tassyklanmansoň, onuň güýjünde galýanlygyny aýdýar.
Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynda orsýet wizasyny almak üçin nobatlaryň köp bolýanlygy, orsýet wizasyny almaga islegleriň, aýratyn-da, okuw ýylynyň başynda köpelýänligi habar berilýär.
Türkmenistanyň resmi maglumatlarynda bellenişine görä, Aşgabatda Daşary işler ministrlikler derejesinde geçirilen gepleşiklerde taraplar duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň konsullyk meseleler boýunça kanunlaryň binýadyny kämilleşdirmek we munuň bilen bagly dürli meseleleri netijeli çözmek üçin ýardam berjegine umyt bildiripdir.