Eýran bilen Türkiýäniň Türkmenistanyň gazyny Türkiýä we yzýany Ýewropa akdyrmak barada ylalaşyga gelendiklerini Eýranyň täzelikler agentlikleri habar berdiler.
Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň müdiri Jawad Owjiniň hepdäniň şenbe güni “Mehr” habar agentligine aýtmagyna görä, taraplar arasynda gelnen ylalaşykda Eýranyň gazynyň Türkiýäniň üstünden Ýewropa satylmagy, şol mukdarda-da Türkmenistanyň gazynyň Türkiýä akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.
Gaz eksporty bilen bagly meseläniň 4-nji sentýabrda Eýranyň Nebit senagat ministri Rostam Kaşemi bilen Türkiýäniň Ösüş ministri Jewdet Ýilmazyň Tähranda geçiren gepleşikleriniň esasy temasy bolanlygy habar berildi.
Jewdet Ýilmaz gepleşikleriň Eýranyň resmi toparynyň Türkiýäniň Energiýa ministri Taner Ýildiz bilen gepleşiklerinde dowam etdiriljegini habar agentliklerine aýdypdyr.
Ýewropa gaz akdyrmak
Bilermenler, Türkmen gazyny Eýranyň üstünden Türkiýä akdyrmak ýolunyň, öz gazyny halkara bazarlaryna çykarmaga gyzyklanma bildirýän Türkmenistan üçin we gaz importyna goşmaça ýollary gözleýän Ýewropa Bileleşigi üçin alternatiw ugur bolup durýanlygyny belleýärler.
“1992-nji ýylda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gurlan “Körpeje-Gurtguýy” gaz geçirijisiniň gurluşygy aslyýetinde türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak maksadyny göz öňünde tutupdy”, diýip adynyň efirde tutulmagyny islemedik, energiýa meseleler boýunça türkmenistanly bilermen Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Türkmen gazyny Ýewropa satmak meselesi soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi arasynda geçirilýän gepleşikleriň esasy temasy bolmagynda galýar. Bu ugurdan takyk netijeler yglan edilmedik hem bolsa, bu tema 3-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň energiýa boýunça resmileriniň Aşgabada saparynyň dowamynda türkmen tarapy bilen maslahat edilipdi.
2009-njy ýylda Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistan arasynda energiýa hyzmatdaşlygy boýunça Memoranduma gol çekildi. Dokumentde Türkmenistanyň Ýewropa ýylda 10 milliard kubometr gaz akdyrjagy aýdyldy.
2011-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi Trans-Kaspy proýektini durmuşa geçirmek boýunça resmi gepleşikler prosessini başlady.
Päsgelçilikler
Türkiýeli bilermen, Ankaranyň Gazy uniwersitetiniň halkara gatnaşyklary boýunça professory Mehmet Seýfetdin, Hazar deňziniň astyndan turbanyň çekilmegini göz öňünde tutýan Trans-Kaspy proýektine garanda türkmen gazynyň Eýranyň üstünden akdyrylmagynyň tehniki taýdan has aňsatdygyny aýtdy, emma Tähranyň ýadro programmasynyň daşyndaky häzirki syýasy ýagdaýyň gazyň bu ýurduň üstünden eksport edilmegine esasy päsgelçilik bolýanlygyny belledi.
“Bu ykdysady taýdan ähli ýurtlar üçin bähbitli boljak. Emma onuň öňünde päsgelçilikler bar. Birleşen Ştatlaryň muňa garaýşy esasy faktor bolup durýar. Bu gaz söwdasynyň amala aşyrylmagy üçin Birleşen Ştatlar muňa razylyk bildirmeli. Emma Eýranyň daşyndaky soňky wakalar muňa mümkinçilik bermeýär”, diýip türkiýeli analitik Mehmet Seýfetdin aýtdy.
Ýakyn günlerde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministrleri Eýranyň ýadro programmasy boýunça gepleşiklerde öňegidişligiň ýoklugy sebäpli Tährana garşy täze sanksiýalary girizmegi teklip etdiler.
Kime bagly?
“Farda Radiosynyň” ykdysady synçysy Araş Hasani sanksiýalar dowam etdirilýärkä, “gaz eksportynyň, aýratynam Ýewropa gazy eksport etmek mümkinçiligine eýe bolmagyň Eýran üçin ykdysady hem syýasy taýdan örän ähmiýetlidigini” belledi.
Araş Hasani eýran gazynyň Türkiýäniň üstünden Ýewropa akdyrylmagynyň Türkiýä bagly bolup durýanlygyny belledi.
Bilermeniň sözlerine görä, halkara sanksiýalara garamazdan Türkiýe Eýranyň gazyny satyn alyp gelýär. “2011-nji ýylda Türkiýe Eýrandan 8 milliard 400 million kubometr mukdarda gaz satyn aldy”, diýip Araş Hasani belledi.
“Azatlyk Radiosy” bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly bilermeniň pikirine görä, Eýranyň öz gazyny Türkiýäniň üstünden Ýewropa akdyrmak we şol mukdarda Türkmenistanyň gazyny öz üstünden Türkiýä akdyrmak barada yglan eden soňky planlarynyň durmuşa geçirilip-geçirilmezligi Türkmenistana garaşly däl.
“Sebäbi Türkmenistan tebygy gazyny öz serhedinde satýar. Gazy öz serhedinde satmak barada 1994-nji ýylda gol çekilen permana laýyklykda bolsa, türkmen gazy serhetden geçensoň onuň Türkmenistana hiç hili dahyly bolmaýar”, diýip türkmenistanly bilermen aýtdy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gaz söwdasy üçin goşmaça mümkinçilik döredildi. 2010-njy ýylda Türkmenistandan Eýrana tarap goşmaça gaz geçiriji gurlansoň Aşgabat Tährana ýylda azyndan 20 milliard kubometr gaz akdyryp bilýär.
Gaz söwdasy 3-nji sentýabrda Aşgabatda türkmen resmileriniň Türkiýäniň Energetika we tebygy resurslar ministri Taner Ýildyz we Ýewropa Bileleşiginiň resmi topary bilen geçirilen gepleşiklerinde hem maslahat edildi.