Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kesgitlenen kurs peýdamy ýa zyýan?


Türkmen manady we amerikan dollary
Türkmen manady we amerikan dollary

Türkmenistanda soňky günlerde amerikan dollaryny satyn almakda ýüze çykan käbir kynçylyklara we çäklendirmelere ykdysady taýdan nähili düşündiriş bar? Bu ýagdaýyň ýurtda 2009-njy ýyldan bäri alnyp barylýan walýuta syýasatyna nähili gatnaşygy bolup biler we türkmen manadynyň amerikan dollaryna gatnaşygynyň şol bir derejede 2.85 manat möçberinde saklanmagy ýurduň ykdysadyýetine nähili täsir ýetirýär?

Azatlyk Radiosy bu sowallara jogap tapmak üçin Moskwada ýerleşýän “RosBiznesKonsalting” (RBC) agentliginiň analitika departamentiniň müdiri Aleksandr Ýakowlew bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Aleksandr, dünýä tejribelerine syn esek, walýutalaryň derejesiniň we bir-birine gatnaşygynyň çeýelik bilen üýtgäp durýandygyny görmek mümkin. Türkmenistanda bolsa milli puluň, aýdaly, amerikan dollaryna gatnaşygy eýýäm 5 ýyl bäri şol durkuna dur? Walýutanyň derejesi öz-özünden üýtgemän saklanyp bilýärmi we onuň kesgitli saklanmagy ykdysadyýete nähili täsir ýetirýär?

Aleksandr Ýakowlew: Saklanyp bilýär. Sowet Soýuzy muňa aýdyň mysal. Onlarça ýyllap rublyň dollara gatnaşygy şol bir derejede saklanypdy, üstesine dürli maksatlar üçin üç sany resmi kurs hem bardy. Bu sowet ykdysadyýeti üçin belli bir derejede amatlydy. Ýöne şeýle walýuta syýasaty iru-giç gara bazaryň döremegine getirýär.

Adatça, walýuta kursunyň belli bir derejede berkidilmegi ýurduň ykdysady gurluşyna bagly bolup durýar, ýagny döwletiň ykdysadyýete, daşary söwda, bank pudagyna berk gözegçiligi, ýurduň ýapyklygy muňa mümkinçilik berýär. Sowet sistemasyna mahsus bolan bu ýagdaý Türkmenistana hem degişli. Ýapyk tipli, çig mala daýanýan ykdysadyýetli we berk gözegçilikli ýurt üçin walýuta kursunyň kesgitlenen derejede saklanmagy, umuman, oňaýly ýagdaý bolýar, emma şeýle ýagdaý ykdysady ösüşe we daşky dünýä aralaşmaga päsgel berýär diýlip hasap edilýär.

Azatlyk Radiosy: Walýutanyň kesgitliligini nämäniň hasabyna saklap bolýar?

Aleksandr Ýakowlew: Ilkinji nobatda eksport girdejileriniň 100% döwletiň gözegçiliginde bolmagynyň hasabyna. Ýagny, ýurduň daşyna haryt satýanlaryň ählisi girdejileri döwlete tabşyrmaly. Şeýlelikde daşary ýurtlardan satyn alynýan harytlar üçin hasaplaşygy döwletiň özi amala aşyrýar ýa-da walýuta almak isleýänleri şirketleri-de, raýatlary-da walýuta bilen döwletiň özi üpjün edýär. Umuman, daşardan gelýän walýutanyň möçberini we dürli zerurlyklar üçin gerek bolan walýutanyň möçberini bilip, walýutanyň kursuny kesgitlemek we saklamak mümkin.

Azatlyk Radiosy: Soňky günlerde ýurduň içerki maliýe bazarynda dollara bolan talabyň artandygy, dollar satyn almak üçin nobatlaryň emele gelendigi barada maglumatlar gowuşýar. Şeýle ýagdaýyň döremegi Türkmenistanda dollaryň kursunyň kesgitli saklanmagy bilen bagly bolup bilermi?

Aleksandr Ýakowlew: Belli bir derejede bagly bolup biler. Bu düýpli bir meseledir, sebäbi häzirki wagtda biz global dünýäde ýaşaýarys. Sowet döwründen tapawutlylykda serhetler gulp astynda däl, adamlar ýurduň daşyna çykýarlar. Şol bir wagtda-da, walýuta bazaryndaky üýtgeşiklikler adamlaryň walýuta bolan talabynyň artmagy bilen däl-de, ykdysady taýdan düýpli sebäpler bilen bagly bolmaly. Bu eksport edilýän harytlaryň bahasynyň pese gaçyp, ýurda gelýän walýuta girdejileriniň azalmagy ýa-da ykdysady gurluşdaky üýtgeşiklikler bilen bagly bolup biler.

Kesgitlenen kursuň netijelerini beýleki ýurtlaryň mysalynda hem görmek mümkin. Kesgitlenen kurslar durmuşdan üzňe bolan halatynda hakyky kurslar emele gelýär. Şeýle ýagdaýy soňky ýüz ýylyň dowamynda Ýewropa ýurtlary hem başdan geçiripdi. Şonda hökümetler resmi kursuň milli walýutanyň alyjylyk ukybyny görkezmeýändigine göz ýetiripdi. Emma şol prosesler mydama güýçli ykdysady krizis ýagdaýynda geçipdi.

XS
SM
MD
LG