Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan suwy iň köp sarp edýän ýurt


Aşgabat şäheriniň fontanlarynyň biri
Aşgabat şäheriniň fontanlarynyň biri

Türkmenistan her adam başyna ýylda 5.5 müň kubometr suwy sarp edýär, bu bolsa dünýäde iň ýokary görkeziji bolýar diýip, “Nature” žurnaly ýazýar. Maglumata görä, bu ABŞ bilen deňeşdirilende dört esse, Hytaý bilen deňeşdirilende 13 esse ýokary.

Umuman, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, adam başyna hem-de umumy içerki önümçilik derejesiniň her amerikan dollary hasabyndan alanyňda, suwy netijesiz sarp etmek boýunça bütin dünýäde öňe saýlanandygy aýdylýar.

Maglumata görä, Özbegistan we Gyrgyzystan suwy adam başyna sarp etmek boýunça dünýäde 4-nji we 5-nji ýeri eýeleýär we bu ýurtlarda her adam başyna bir ýylda 2 müň kubometr suw harçlanýar. Bu görkeziji boýunça Täjigistan we Gazagystan 7-nji we 11-nji ýerde.

Umumy içerki önümçilik hasabyndan

“Nature” žurnalynyň maglumatynda suwuň harçlanmagynyň möçberi boýunça ulanylan hasap ýöretmek usulynyň ýene birine, ýagny ýurtlaryň umumy içerki önümçiliginiň her amerikan dollary hasabyna görä, birinji ýerde - Täjigistan durýar. Bu ýerde umumy içerki önümçiligiň her amerikan dollaryna 3,5 kubometr suw sarp edilýär. Gyrgyzystan, Özbegistan we Türkmenistan 2-nji, 3-nji we 6-njy ýerleri eýeleýärler. Bu hasaplaýyş usulyna görä, Türkmenistan suwy, meselem, Ispaniýadan 43 esse köp harçlaýar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň suw resurslaryndan netijesiz ulanmagy sebäpli Amyderýanyň we Syrderýanyň suwlarynyň uly bölegi regionyň ykdysadyýetlerine sarp edilýär. Aral deňzi gitdigiçe guraýar diýip, maglumatda Aral deňziniň 90%-niň gurandygy, çöllük ýurt bolan Türkmenistanyň hasam çölleşýändigi, Özbegistanyň bolsa ekin meýdanlarynyň 50%-ini şor basandygy aýdylýar.

“Nature” žurnaly, eger Merkezi Aziýa ýurtlary ekologiýa taýdan has netijeli ugurdan gitmeseler, onda regiona uly kynçylyklaryň, şol sanda ekologiýa, ykdysady we sosial taýdan çökgünligiň, şeýle-de, barha azalýan tebigy resurslar ugrundaky uruşlaryň garaşýandygyny belleýär.

Suwuň harçlanyşy

Bilermenler dünýä ýurtlarynyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda: oba hojalygynda, senagatda we infrastruktura obýektlerinde, şol sanda fontanlarda, ýagny suw çüwdürimlerinde köp suwuň harç edilýändigini belleýärler.

Öz fontanlary bilen halkara rekordlarynyň ”Gines” kitabyna giren Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň diňe bir Oguzhan suw çüwdürimi göwrümi 16 müň kubometre barabar suw alýar. Tutuş ýurt boýunça fontanlaryň ýüzlerçesi işleýär. Şol bir wagtda-da ýurtda ilata suwy tygşytly ulanmagy öwretmegi niýet edinýän "Suw damjasy – altyn dänesi" atly resmi suw baýramçylygy hem bar.

XS
SM
MD
LG