Tähranda garşylyk ruhy hemme ýerde duýulýar. "Ýaşasyn ýaz" diýen şygar bilen saýlaw döwrüne girilmegi prezident Mahmud Ahmedinejadyň sessiz-üýnsüz gitmejekdigini görkezýär.
14-nji iýunda geçmeli prezidentlik saýlawlaryna bäş aýdan hem az wagt galanda, Eýran režimi metbugata urýan zarbasyny täzeläp, 26-njy ýanwardan bäri on-onbäş žurnalisti tussag etdi.
Eýranyň parlamentinde garalýan täze kanun daşary ýurtlara syýahat etmegi planlaşdyrýan zenanlaryň elinden pasportlaryny almak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Eýranyň oppozision çeşmeleri oppozisiýa liderleri Mir Huseýin Musawi bilen Mehdi Karrubiniň 19-njy noýabrda birnäçe sagatlap keselhanada bolandygyny we olaryň lukmançylyk barlagyndan geçirilendigini aýdýarlar.
Eýranyň ýokary ýolbaşçysy Ali Hameneýi, aýdylyşyna görä, maliýe taýdan kynçylyk çekýändigi üçin köplenç öz şahsy goragçylaryndan pul karz alýar.
Şu hepde Eýranda Goşulyşmazlyk hereketiniň (NAM) sammiti geçirilýär. Oňa 7 müňe gowrak daşary ýurtly wekiliň we myhmanyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Eýran resmileri halkara sanksiýalaryna garşy durup biljek kuwwatly çäre bolmaly ykdysady reformany wagyz edýärler. Eýsem bu ýurduň “garşy duruş ykdysadyýetini” işläp düzmegi üstünlik getirermi?
Görnüşe görä, Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi Eýranyň internet senzurasynyň soňky pidasy boldy. Bu senzura režimini onuň özi makullapdy.
Eýranyň ýadro programmasyna garşy sanksiýalaryny berkidýän döwründe Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama sişenbe güni Eýranda erkin maglumat akymyny güýçlendirmeklige gönükdirilen çäreleri yglan etdi.
Eýran bilen Ysraýylyň arasynda uruş haýbatlary ýaňlanýarka, ysraýylly är-aýal internetde parahatçylyk ugrunda kampaniýa başlady we eýranlylary harby konflikte “ýok” diýmäge çagyrdy.
Ynha, indi birnäçe ýyl bäri Eýranyň häkimiýetleri ilata daşary ýurt telekanallaryny elýeterli edýän çanak antennalaryna garşy göreş alyp barýarlar. Bu göreşiň çäginde Eýranda çanak antennalaryny ulanmak gadagan edildi.
Eýranyň ýokary dini ýolbaşçysy Hameneýi birini ýa bir zady hemişe öwüp ýören adam däl. Ýöne ol Obamanyň ýakynda beren beýanatyna oňaýly baha berdi.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan eýranly aýallardan ybarat bir topar ýarym-ýalaňaç görnüşde wideo düşüp, ony hem 8-nji mart halkara aýallar gününe gabatlap "YouTube" saýtynda ýerleşdiripdir.
Aýatolla Ali Homeýniniň tagta ýelmenen suratynyň dürli dabaralarda görkezilmegine degişli waka Eýranda gopgun turuzdy.
Eýranyň internet polisiýasy “Facebook” topary “Daaf we Paafyň” administratorlaryny tussag edendigini aýdýar.
Parižde ýaşaýan, asly eýranly belli aktrisa Golşifteh Farahani ýakynda ýalaňaç görnüşde surata düşüp, dürli jedellere sebäp boldy.
Eýranda 2-nji martda geçiriljek parlament saýlawlarynyň öňýany tutha-tutluklar güýjäp başlady.
Jennifer Lopez Eýranyň ýadro programmasy boýunça krizisiň köpden bäri garaşylýan çözgüdimi?
Žurnalist Muhammad Nurizad Eýranda ýanaşmasy gadagan zatlar baradaky düzgünleriň birini ençeme gezek äsgermezlik eden adam.
Eýranda ýarag ammarynda dörän partlamada ýogalan raketa programmasy boýunça möhüm harbylaryň biri jaýlandy.
Ýene-de ýükle