Ynha, indi birnäçe ýyl bäri Eýranyň häkimiýetleri ilata daşary ýurt telekanallaryny elýeterli edýän çanak antennalaryna garşy göreş alyp barýarlar.
Bu göreşiň çäginde Eýranda çanak antennalaryny ulanmak gadagan edildi. Polisiýa işgärleri çanak antennalaryny gözlemek, olary goparyp aýyrmak üçin köp wagt sarp edýärler.
Ýöne, häkimiýetleriň bu tagallalaryna garamazdan, olar bu göreşde ýeňilýäne meňzeýär.
Ne polisiýanyň barlag reýdleri, ne-de çanak antennalaryndan peýdalanýanlara salynýan agyr jerimiler ilaty özleriniň gowy görýän telegepleşiklerini görmekden saklap bilýär.
Ýakynda Kum şäherinde çanak antennalarynyň “ýaramaz täsiri” barada geçirilen seminarda bu mesele bilen bagly barlag geçirýän Mohammad Reza Hoşrow soňky maglumatlara salgylanyp, Tähranyň ýaşaýjylarynyň 65%-niň sputnik antennasyny ulanýandyklaryny mälim etdi.
Şeýle hem alym Hoşrow Eýranyň dini jümmüşi bolan Kum şäherinde, Eýranyň beýleki şäherlerinde bolşy ýaly, ilatyň 30-40%-niň çanak antennalaryndan peýdalanýandygyny aýtdy.
Ýöne Mohammad Reza Hoşrow bu sanlaryň çeşmesi barada hiç hili maglumat bermedi.
Eýranyň resmileri dürli çärelerde eden çykyşlarynda sputnik arkaly teleýaýlyma berilýän gepleşikleriň ilat arasynda meşhurdygyny boýun alyp, halka daşary ýurt telekannalarynyň ýaramaz täsirini duýdurdylar.
2011-nji ýylyň iýul aýynda Eýranyň ruhanylarynyň biri Ahmad Hatami sputnik telekanallaryny Eýranyň duşmanlary tarapyndan öz ýurduna garşy alnyp barylýan göreşiň bir bölegi diýip atlandyrdy.
—Sputnik teleprogrammalarynyň esasy maksady Yslama, Yslam Rewolýusiýasyna we beýik eýran halkyna garşy göreşmekden ybaratdyr—diýip, Ahmad Hatami juma namazynyň hutbasynda eden çykyşynda aýtdy.
Çanak antennalary eýranlylaryň köpüsi üçin senzurasyz maglumatyň çeşmesi bolup durýar. Şeýle hem, Eýranyň ýaşaýjylary sputnik antennalary arkaly öz telekanallarynda juda seýrek duş gelýän ýokary hilli şowhunly programmalara tomaşa edip bilýärler.
Eýran paýtagty Tähranyň zenan ýaşaýjylarynyň biri birnäçe aý mundan özal polisiýanyň geçiren reýdinde öz ýaşaýan jaýyndan çanak antennasy ýok edilensoň, dessine täze çanak antennasyny satyn almagyň ugruna çykandygyny “Pars hatlary” neşirine gürrüň berdi.
—Biz diňe sputnik telekanallaryndan lezzet alyp bilýaris. Döwlet telewideniýesinde görer ýaly zat ýok. Olar gelip meniň çanak antennamy alybersinler. Men barybir täzesini edinerin—diýip, ol zenan aýtdy.