Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň “elektron perdesine” garşy täze çäreleri yglan etdi


Obama bu beýanatyny Nowruz baýramy bilen baglylykda pars we iňlis dillerinde etdi.
Obama bu beýanatyny Nowruz baýramy bilen baglylykda pars we iňlis dillerinde etdi.
Eýranyň ýadro programmasyna garşy sanksiýalaryny berkidýän döwründe Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama sişenbe güni Eýranda erkin maglumat akymyny güýçlendirmeklige gönükdirilen çäreleri yglan etdi.

Obama bu beýanatyny Nowruz baýramy bilen baglylykda pars we iňlis dillerinde etdi.

“Bu gün meniň administrasiýam amerikan telekeçileri üçin Eýrany kompýuter programmalary we önümleri bilen äňsat üpjün eder ýaly täze düzgünleri işläp düzýär. Bu bolsa, öz gezeginde eýran halkyna internedi aňsat ulanmaga mümkinçilik döreder” diýip, Obama aýtdy.

Obama ABŞ-nyň eýran halky bilen dialogyň ýollaryny gözleýändigini aýtdy we Tährany öz halkyny maglumatlardan kesmegi bes etmäge çagyrdy.

Ol, öz raýatlaryna garşy “elektron perdäni” girizendigi üçin, eýran hökümetini aýyplady.

Şeýle hem hepdäniň sişenbe güni ABŞ-nyň gazna ministrligi Eýrana haýsy önümleriň we kompýuter programmalarynyň eksport edilip bilinjekdigi barada täze düzgünleri yglan etdi.

Gazna ministrliginiň maglumatyna görä, bu çäre amerikan kompaniýalarynyň Eýrany aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün etmekde Eýrana garşy sanksiýalaryň päsgelçilik döretmezligi üçin amala aşyrylypdyr.

“Adamlaryň dürli aragatnaşyk serişdeleri, şol sanda internetiň üsti bilen maglumat gözlemäge, almaga we ibermäge hukuklary bar” diýlip, Ministrligiň maglumatynda aýdylýar.



Gazna ministrligi kompýuter programmalary bilen bagly aragatnaşyk önümlerini Eýrana eksport etmegi ilkinji gezek 2010-njy ýylyň martynda makullady.

Bu düzgünlere laýyklykda, açyk rugsat edilen önümleriň sanawyna “Yahoo”, “Messenger”, “Google Talk” we “Skype” ýaly şahsy aragatnaşyk programmalary; şahsy maglumatlary saklaýan “Dropbox”; “Google Chrome” ýaly brauzerler; “Flash Player” plag-in programmasy; dokument okaýan programmalar; RSS ýaýradyjysy; şahsy aragatnaşyga degişli tölegsiz mobil programmalary girýär.

Eýranyň Milli Amerikan geňeşiniň barlaglar boýunça direktory Jamal Abdiniň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, täze düzgünler öz önümleriniň Eýran raýatlaryna elýeterli bolmagyna ýol açýan kompaniýalaryň köpelmegine täsir edip biler.

ABŞ-nyň täze düzgünleri Eýranyň internete gözegçiligini berkitmek üçin täze tagallalary edýändigi barada maglumatlar çykanyndan soň yglan edildi. Ol tagallalaryň arasynda Eýranyň öz milli internetiniň döredilmegi agzalýar. Bu bolsa eýranlylaryň www-e, ýagny dünýä boýunça internet kerebine girmegini çäklendirip biler.
XS
SM
MD
LG