Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran: Ahmedinejat üçin ýaz möwsümi


Prezident Mahmud Ahmedinejat Yslam rewolýusiýasynyň 34-nji ýyl dönüminde söz sözleýär. Tähran, 10-njy fewral, 2013 ý.
Prezident Mahmud Ahmedinejat Yslam rewolýusiýasynyň 34-nji ýyl dönüminde söz sözleýär. Tähran, 10-njy fewral, 2013 ý.
Tähranda garşylyk ruhy hemme ýerde duýulýar. "Ýaşasyn ýaz" diýen şygar bilen saýlaw döwrüne girilmegi prezident Mahmud Ahmedinejadyň sessiz-üýnsüz gitmejekdigini görkezýär.

Ahmedinejadyň saýlap tutan kandidaty Rahim Maşaýini goldamaga gönükdirilen hasaplanýan bu şygar möhletini tamamlap barýan prezident bilen onuň golwalaçylary tarapyndan soňky günlerde ençeme gezek ulanyldy.

Ahmedinejadyň garşydaşlarynyň garaýşyça, "Ýaşasyn ýaz" şygary Maşaýiniň saýlaw kampaniýasynyň näresmi suratda başlanmagynyň, gaýtadan prezidentlige dalaş etmäge hukuk gazanýança Ahmedinejadyň Maşaýini özüne oruntutar edinip, güýç-gudraty elden bermezlige synanyşmagynyň alamaty.

Eýrandaky häzirki ýagdaý Orsýetde Putin premýer-ministr bolup, Medwedewiň bir möhlet prezident bolan döwrüne deňelýär.

Ahmedinejat bu şygary 10-njy fewralda yslam rewolýusiýasynyň 34-nji ýyl dönümi mynasybetli sözlän sözüniň soňunda ulandy.

Täze şygaryň maksady

Rewolýusiýa sakçylarynyň öňki harby ýolbaşçysy, kanun çykaryjy Mohammad Esmail Kowsari Ahmedinejadyň bu şygary 14-nji iýunda geçmeli ses berilşik üçin niýetländigine ynanýar.

Oppozision lider Mehdi Karrubiniň tarapyny çalan žurnlist Mohammad Hoseýn Ziýa hem Ahmedinejadyň 10-njy fewralda sözlän sözüni millionlarça eýranlynyň diňlemegi edil şu niýet bilen edilen synanyşyk diýýär:

"Bu zatlaryň hemmesi, şol sanda hökümetiň gündelik gazeti "Iran" tarapyndan neşir edilen pikir soralşykda Tähranyň 24 etrabynda ilatyň 35 prosenti Maşaýiny goldaýar diýilmegi hem bu topar tarapyndan ony ulanmak üçin gurnalan hereketiň alamatlary".

Beýik Britaniýanyň Birmingem uniwersitetinde Eýran boýunça spesialist Skot Lukas Ahmedinejat Maşaýini goldaýar diýen pikir bilen ylalaşýar. Ýöne ol edilen çykyşda başga zatlaryň hem bardygyny belleýär.

"Gürrüňiň uly bölegi Ahmedinejadyň 'men siziň Rahim Maşaýini goldamagyňyzy isleýärin' diýmegi däl. Ol mundan hem aňry geçip, 'meniň garşydaşlarym ses berilşikde aldawa ýüz urjak bolýarlar' diýdi. Ol eýran halkyny muňa garşy durup, iň gowy adama ses bermäge çagyrdy – diýip, Lukas aýdýar. - Meniň bilşime görä, bu bir syýasatçynyň saýlawlaryň galplaşdyrylmagy barada halka iň açyk şekilde duýduryş bermegi. Biz geçmişde dürli syýasatçylarda bular ýaly elementleri görüpdik. Ýöne Ahmedinejadyň bu işi etmegi, meniň pikirimçe, dini ýolbaşça aç-açan boýun egmezlik".

"Metbugatyň gassaby" türmä düşdi

Soňky aýlarda Ahmedinejadyň ýaranlarynyň birnäçesi korrupsiýada ýa başga zatlarda ýa aýyplandylar, ýa-da tutuldylar. Öten hepde Tähranyň prokurory, "metbugatyň gassaby" diýip atlandyrylýan Saeed Mortazawi gazetler ýapylyp, žurnalistleriň tutulmagynda oýnan roly sebäpli Tähranyň "Ewin" türmesinde bir gün tussaglykda saklandy.

Bir wagt Hameneýiden goldaw tapan Ahmedinejat onuň garşysyna göreşip, üzňelige düşdi, güýçden gaçdy.

Ziýanyň pikiriçe, Ahmedinejadyň eden batyrgaý çykyşy "onuň eliniň boş däldigini" görkezýär: "Ahmedinejat Aňtaw gullugynyň başlygyka eline möhüm dokumentler düşüpdir diýen myş-myşlar bar. Meniň pikirimçe, geçen iki hepdede bolan wakalarda, aýratyn-da Ahmedinejadyň hüjüm syýasatynda bu myş-myşlaryň dogrudygyny görýäris".

Hem Ziýanyň, hem-de Lukasyň pikiriçe, söweşjeň prezidente gezek gelende, Hameneýiniň onuň öňüni böwetlemek syýasatyny dowam etdirmegi ähtimal. Ýöne Ahmedinejadyň indiki göçümini öňünden çaklamak kyn.
XS
SM
MD
LG