Eýranyň howpsuzlyk güýçleri 16-njy ýanwarda žurnalist we blogçy Parastou Dokouhaki Tährandaky jaýynda tussag astyna alyp, onuň goş-golamlarynyň bir bölegini, şol sanda kompýuterini hem konfiskasiýa etdi we özüni Ewin türmesine ýollady.
Ol biraz soň Eýranyň milli howpsuzlygyna garşy hereket etmekde aýyplandy. Bu Eýran Yslam Resbuplikasynda syýasy tussaglaryň we wyždan ýesirlerininiň ählisiniň garşysyna ulanylýan adaty aýyplama bolup durýar.
Şondan iki gün soň žurnalist Marziýeh Rassouli hem edil şu äheňde tussag edildi. Ol medeni meseleler barada ýazýardy. Marziýeh Rassouli hem Parastou Dokouhakä bildirilýän aýyplama esasynda Tähranyň Ewin türmesinde saklanýandyr diýlip çaklanylýar.
Bu wakalaryň yzy bilen, 18-nji ýanwarda žurnalist Sahamedin Bourhaniniň-de tussag edilendigi barada habar ýaýrady.
Martdaky saýlawlaryň “aladasy”
Bu üç adam Eýranda soňky hepdelerde türmä salnan žurnalistleriň, intellektuallaryň we aktiwistleriň bir bölegi bolup durýar. Olaryň jemi sany ondan hem geçýär.
Eýranda 2-nji martda boljak parlament saýlawlaryndan öň geçirilýän tutha-tutluklar eýran döwletiniň islendik görnüşdäki başgaça pikiriň öňüni almak ugrunda edýän synanyşygynyň alamaty bolup görünýär.
Şeýle-de, režim iki ýyl mundan ozal bolan we hökümeti mazaly siltewe salan protestlere meňzeş wakalara itergi bermek ähtimallygy bardyr öýdülýän zatlara täze çäklendirmeleri girizip, internete edýän kontrollygyny hem güýçlendirmäge başlady.
Martda boljak parlament saýlawlary 2009-njy ýylyň köpçülikleýin köçe protestlerine getiren we hökümeti agyr ýagdaýa salan dawaly prezident saýlawlaryndan soň geçirilýän ilkinji saýlaw bolup, dartgynly bir döwre gabat gelýär.
Eýran güman edilýän ýadro programmasy sebäpli barha güýçlenýän halkara basyşynyň we ykdysady sanksiýalaryň aşagyna düşdi we bu ýagdaý eýranlylaryň köpüsini lapykeç edýär.
Munuň üstesine, döwlet çuňa giden içki bölünişikler we baş ruhy lider Aýatolla Hameneýi bilen prezident Mahmud Ahmedinejada wepaly güýçleriň arasynda gidýän häkimiýet dawasy bilen-de ýüzbe-ýüz gurýar. Saýlaw döwründe bu konflikt sebäpli tutluşyk boljaga meňzeýär.
Tendensiýalar üýtgeýär
Eýrandaky häzirki tutha-baslyklar öňki ýyllardaky tendensiýa ters gelýär. Ozallar eýranlylar saýlawlaryň öňünden syýasy we sosial basyşlary gowşadardylar. Bu taktikany häkimiýetler saýlawçylary ýetip gelýän ses berişlige gatnaşmaga höweslendirmek üçin ulanardylar.
Waşingtonda ýaşaýan eýranly synçy Ali Afşariniň pikirine görä, Eýranyň režimi 2009-njy ýylda parahat protestçileri gazap bilen basyp ýatyraly bäri islendik görnüşdäki durnuksyzlyga gorkuly garaýar we hut şu sebäpden diňe güýje we basyşa bil baglaýar.
“Döwlet geljekki saýlawlar mahalynda öňki ýyllardaky ýaly bolmajagyny, syýasy atmosferanyň açylmajagyny we döwletiň planlaryna garşy hiç bir herekete ýa gozgalaňa çydamlylyk edilmejegini duýdurmak isleýär” diýip, Afşari nygtady.