Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda media basyş möwjeýär


Milad Fadaýy (çepde) we Suleýman Mohammadi.
Milad Fadaýy (çepde) we Suleýman Mohammadi.
14-nji iýunda geçmeli prezidentlik saýlawlaryna bäş aýdan hem az wagt galanda, Eýran režimi metbugata urýan zarbasyny täzeläp, 26-njy ýanwardan bäri on-onbäş žurnalisti tussag etdi.

Režimiň bu göçümine prezidentlik saýlawlary barada ýaýradylmagy mümkin garaşsyz pikirleri we habarlary dymdyrmak üçin edilýän synanyşyk diýip baha berilýär. Ol şeýle hem hökümetiň bidüzgünçilik döretmegi mümkin diýip pikir edýän adamlary barada öňünden çäre görmäge meýillidigini görkezýär.

"Parahatçylykly saýlawlar"

Eýran häkimiýetleri saýlawlaryň "parahatçylykly" geçmegini isleýär we 2009-njy ýylda Mahmud Ahmedinejadyň dawaly ýagdaýda täzeden saýlanmagy netijesinde turan tolgunmalar ýaly köpçülikleýin protestleriň öňüni almakçy bolýar.

Tähranly tanymal oppozision aktiwist Mohammad Nurizadyň pikiriçe, häkimiýetler žurnalistleri tussag etmek bilen ýurduň birnäçe reformaçy neşirine saýlaw barada berjek habarlarynda ätiýaçly bolmalydygyny duýdurýar: "Biz saýlawa tarap barýarys. Şol sebäpden häkimiýetleriň reformaçy metbugatyň garşysyna çäre görmegi zerur. Mundan ýeke-täk maksat – gorky döretemk, gorkuzmak".

Tussag edilenleriň aglabasy howpsuzlyk güýçleri 27-nji ýanwarda reformaçy gazetler bolan "Arman", "Bahar", "Etemaad", "Şarg" we "Aseman" neşiriniň edarasyna dökülende tutulan žurnalistler. Olaryň arasynda Jawad Deliri, Saba Azerpeýk, Sasan Agaýy, Pežman Musewi, Narges Joudaky we Akbar Montajebi ýaly žurnalistler bar.

Tutulanlaryň ýene biri "ILNA" ýarym resmi habar gullugynyň syýasy redaktory Milad Fadaýy. Aýdylyşyna görä, Fadaýy bilen onuň "Bahar" gazetindäki kärdeşi şenbe güni tutulyp, Tähranyň "Ewin" tussaghanasyna äkidilipdir.

Merkezi Fransiýada ýerleşýän "Serhetsiz Žuranalistler" toparynyň bildirmegine görä, bu žurnalistleriň köpüsiniň tussag astyna alynmagy barada order çykarylypdyr. Bu toparyň sözçüsi Reza Moini howpsyzlyk işgärleriniň üstümizdäki aý iýun saýlawlary barada ençeme žurnalistden sorag edendigini aýdýar:

"Tutuş Eýrandan, aýratyn-da Tährandan bolan žurnalistler, ”Rewolýusiýa sakçylarynyň” howpsuzlyk edarasy, şeýle hem Aňtaw ministrligi tarapyndan çagyrylyp, olardan sorag edilipdir. Žurnalistlerden, esasan, iýun saýlawlary barada, ylaýta-da Eýranyň lideri Aýatollah Hameneýiniň golaýda erkin saýlawlar baradaky gürrüňleriň bes edilmegine çagyryp, sözlän sözi barada soralypdyr. Žurnalistleriň käbirine duýduryş berlipdir, käbirine hem ses berme diýlipdir".

Ýarym resmi habar gullugy "Mehr" žurnalistleriň "rewolusiýa garşy" pars dilli mediýa guramalary bilen hyzmatdaşlyk edendikleri üçin tutulandyklaryny aýtdy.

Eýranyň medeniýet ministri Mohammad Huseýniniň 28-nji ýanwarda aýtmagyna görä, bu žurnalistlere bildirilýän aýyplamalar olaryň "metbugat" işi bilen ilteşikli däl. Huseýni olar: "Howpsyzlyk barada bildirilýän aýyplamalar sebäpli tutulana meňzeýär" diýdi.

"Žurnalistleri goramak komiteti" özüniň dekabar aýynda çykaran hasabatynda žurnalistleri tussaglykda saklaýan ýurtlaryň hatarynda Eýrany ikinji orunda ýerleşdirdi. Şol hasabatda aýdylmagyna görä, 2012-nji ýylda Eýranda türmede saklanan žurnalistleriň sany 45.
XS
SM
MD
LG