Şu hepde çeh häkimiýetleri gazak oligarhy we oppozisioneri Muhtar Ablýazowyň ozalky egindeşi Tatýana Paraskewiçe syýasy başpena bermek ýa-da bermezlik barada karar kabul ederler.
Azerbaýjanyň bagtyýar paýtagtynyň hyryn-dykyn köçeleriniň gabadynda durup dünýäni synlasaň, hamana, dünýä has özgerip onuň hereketi tizleşen ýaly bolup duýulýar.
Günorta Gazagystanyň Tamirlan obasynda önüp-ösen Dina her gün birgiden düzedişleri başdan geçirmäge öwrenişipdir. Ol çemçäni çep eline alsa, biri muny onuň sag eline geçiripdir.
Özbegistanly zähmet migranty Husanjon Moskwanyň gurluşyk bazarynda işe garaşyp durka, "OMON" ony we onuň ýaly onlarça özbegi tutup, ýerli polisiýa edarasyna tabşyrýar.
Soňky ýyllarda Orsýet ýurda getirilýän harytlaryň hemmesine diýen ýaly gadagançylyk girizýär. Bu günki gün Moskwa özüniň mundan beýläk ukrain şokoladyny import etmejekdigini aýtdy.
Azerbaýjanda ýurduň 48 ýaşly ot ýaly dogumly birinji derejeli hanymy Mähriban Alyýewa öz adamsynyň wezipesini eýelemek üçin işe girişeli bäri adamlar, ynha, şular ýaly soraglara jogap gözleýärler.
Gürjüstanyň tussag edilen ozalky premýer-ministri Wano Merabişwili şu hepde gysga wagtlyk açlyk yglan edip, beýleki zatlar bilen bir hatarda, türme resmileriniň öz kamerasynda telewizor goýmaklaryny hem gazandy.
Muhtar Abliýazow on ýyl mundan ozal Gazagystanyň ady belli Deržawinsk türmesinden boşadylypdy. Ol türmeden çykanda syýasaty taşlajakdygyny wada beripdi.
Gülnara Karimowanyň uly möçberdäki parahorlyk bilen baglanyşykly Şwed telewideniýesiniň we Azatlyk Radiosynyň beren habary Twitterde gahar gazapdan doly jogabyny tapdy.
Şwesiýanyň “TeliaSonera” atly tele-aragatnaşyk kompaniýasy Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Gülnara Karimowa uly möçberde para berendigi baradaky aýyplamalar sebäpli derňelipdi.
Saglyk işgärleri geçen güýzde arap ýarymadasynda dörän täze bir wirusyň howsalaly ýagdaýy döredýändigini aýdýarlar. Bu wirusy koronawirus diýip atlandyrýarlar.
Londonyň Sotbey’s auksionynda 4-nji martda açylýan sergide sowet sungatyna we Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlarynyň döwürdeş sungatyna degişli 50-ä golaý sungat eserleri satuwa çykaryldy.
Wladimir Žirinowskiý täze kanunyň girizilmegine çagyrýar. Bu kanun boýunça ors dilinde bar bolan sözleriň deregine çet ýurt sözlerini ulanýan ýazyjylar, žurnalistler, alymlar jezalandyrylmaly.
Gowy araçäkler goňşuçylygy gowulandyrýar diýilýär welin, ýöne Fergana jülgesindäki obalaryň arasyna tikenli simleriň çekilýändigini görýän orta aziýalylar bu aýdylýan bilen ylalaşmasa gerek.
Azerbaýjanyň Halkara uniwersitetiniň öňki rektory Elşad Abdullaýew öten sentýabrda bir wideo ýazgyny köpçülige ýetirenden soň, galmagal ýüze çykdy.
Penşenbe guni Daskentde geçirilen metbugat konferensiyada, Gülnara Karimowa kakasy - Yslam Karimow 2015-nji yylda geciriljek prezidentlik saýlawlaryndan çekilen halatynda, özüniň oňa gatnaşmaga 'birazajyk' pikiriniň bardygyny aýan etdi.
Daşary ýurtlarda ýaşap, işleýän täjikleriň sany bir million çemesi diýip çaklanylýar. Ene-atalar iş tapmak üçin wagtlaýyn Orsýetde ýa başga ýurtlarda bolýarlar.
Şwesiýanyň SVT telekanaly 12-nji dekabrda şaýatlaryň özbek režiminiň çet ýurtly inwestorlardan para alýandygy barada beren görkezmelerini ile ýetirdi.
Orsýetdäki adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň çaklamalaryna görä, geçen ýyl täjigistanly, özbegistanly we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan 10 töweregi raýat gizlin alnyp gaçylyp, yzyna – öz ýurtlaryna äkidilipdir.
Halk arasynda “Gyrgyz Kattanisi" diýlip atlandyrylan Ömürbek Suwanalyýewiň partiýasy uzak ýyllaryň dowamynda öz baýdaklarynda we afişalarynda sadaja ak hem-de gök çyzgylary ulanyp geldi.
Ýene-de ýükle