Gowy araçäkler goňşuçylygy gowulandyrýar diýilýär welin, ýöne Fergana jülgesindäki obalaryň arasyna tikenli simleriň çekilýändigini görýän orta aziýalylar bu aýdylýan bilen ylalaşmasa gerek.
Gyrgyzystanyň serhedi goraýan güýçleri penşenbe güni Gyrgyz obasy Çarbak bilen Özbegistanyň Soh regionynda ýerleşýän Hoşýar obasynyň arasynda 10 kilometrlik gorag simlerini çekmäge başladylar.
Üstümizdäki aýyň başlarynda serhet ýakasynda ýerleşýän bu iki obada zorlukly çyknyşyklar boldy. Aýdylyşyna görä, muňa Gyrgyzystanyň serhet güýçleri elektrik liniýasyny geçirmäge synanyşanlarynda, Sohuň ýaşaýjylarynyň olara hüjüm etmegi sebäp bolupdyr.
Bu zorluklar soňra Çarbak obasyna hem syrygyp, onuň ýaşaýjylary ýenjildi, ençeme adam zamun alnyp, az wagtdan soň boşadyldy. Gyrgyz häkimiýetleri muňa jogap edip, Soha geçilýän ähli ýollary bagladylar. Bu hem bu özbek regionynyň ýaşaýjylaryny azyk harytlary we ýangyç ýetmezçiligine uçradyp, kyn ýagdaýa saldy.
Bular ýaly çaknyşyklar araçäkleri aýyl-saýyl däl, ilaty garyplykdan ejir çekýän, hökümet tarapyndan ideg edilmeýän regionlarda ýygy-ýygydan bolýan zat.
Çarbak obasynyň ýaşaýjysy gyrgyz Aşymbek Myrzabekow häkimiýetleri bu işi edenleri jogapkärçilige çekmäge çagyrdy. Ol şeýdilmese, bular ýaly işler ýene gaýtalanar diýdi: "Ýönekeý adamlar öz-özünden köçelere çykanok. Olary bu işi etmäge çagyrýan huliganlar bar. Adamlar häzir şu barada gürrüň edýärler. Muny bu çaknyşyklara gatnaşanlaryň özleri-de aýdýarlar".
Soh etnik dartgynlyklarynda konfliktiň turan soňky ýeri. Günorta Gyrgyzystan gyrgyzlar, özbekler we täjikler ýaly ençeme azlyk toparlaryň asyrlar boýy ýakyn goňşuçylykda ýaşap gelen ýeri.
2010-njy ýylda gyrgyz şäheri Oşda bolan ölümli çaknyşyklar Bişkegi bu ýerdäki biynjalyklyk potensialyndan habarly edipdi.
Salamat Amalanow serhet meseleleri boýunça gyrgyz-özbek hökümetara komissiýasynyň öňki başlygy. Ol Sowet Soýuzynyň planlaşdyryş işgärleri Fergana jülgesini garym-gatym edip, ony üç ýurduň arasynda böleli bäri Sohuň hemişe çekişmelere sebäp bolup gelendigini aýdýar: "Bu serhet barada Sowet Soýuzy çökýänçä çekeleşilip gelindi. Bu serhetleriň nähilelik bilen bölünendigi baradaky çekişme heniz hem dowam edýär. Sebäbi 1924-27-nji ýyllardaky esasy proses gowy amala aşyrylmady. Ol Orta Aziýada ýaşaýan etnik toparlaryň zerurlyklaryny aýdyňlaşdyranok.".
Soh soňky on ýyllyklarda barha artýan duşmançylykly hereketlere şaýatlyk etdi. Ilat sanynyň artmagy, öri meýdanlary we suw ugrunda barýan bäsleşikler hem bu dartgynlylygy güýçlendirdi. Sebäbi bu ekerançylyk bilen güzeran edýän region.
"Men Hudaý gyrgyz halkyna, gyrgyz ýolbaşçylaryna geçirimlilik berip, bu ýoly açmaklaryny umyt edýärin. Köp adamlar indi bu ýerde galandan, Fergana gidip, bir jaý alan gowy diýýärler. Olar Sohda indi gelejek ýok diýýärler" diýip, sokhly täjik Mansur aýdýar.