Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ablýazowyň ýarany başpena garaşýar


Tatnaýa Paraşkewiç gyzy Mariýa bilen.
Tatnaýa Paraşkewiç gyzy Mariýa bilen.
Çehiýa Respublikasynyň Içeri işler ministrligi şu hepdäniň soňuna çenli Tatýana Paraskewiçe syýasy bosgunyň durumyny bermek ýa-da bermezlik barada karar kabul eder. 49 ýaşly Tatýana Paraskewiç ozal gazak oligarhy we belli oppozisioner Muhtar Ablýazowa degişli edaralarda hasapçy bolup işläpdi.

Eger-de onuň “syýasy gaçybatalga” sorap eden haýyşnamasy ret edilse, onda onuň Ukraina ýa-da Orsýete eksradisiýa edilmegi ahmal. Paraskewiç 18 aýdan bäri Çehiýanyň Pilsen şäherindäki türmede tussaglykda saklanylýar.

Paraskewiçiň ejesi Mariýa Grigoriýewa gyzy bilen görüşmek üçin ýygy-ýygydan Çehiýa Respublikasyna sapar edýär.

Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş edarasynda radiomyz bilen gürrüňdeş bolan 81 ýaşly Grigorýewa gyzynyň fiziki we ruhy taýdan ejir çekýändigini aýdýar: “Ol onsuzam şol ýerde saklanmakdan ýadady. Ol gynanýar, aglaýar. Onda arterioskleroz keseli bar we ýürek ugrundan ýetmezçilikleri bar. Tatýana yzygiderli derman içýär.”

Aýyplamalar

Orsýetiň we Gazagystanyň goşa raýatlygyna eýe bolan Paraskewiç 2009-njy ýylda Ablýazowyň BTA banky hökümetiň haýryna geçirilende Ablýazow bilen dildüwşüp, ondan milionlarça dollary ogurlamakda aýyplanýar we şol aýyplama esaslanyp, ony ukrain we ors häkimiýetleri gözleýärler.

Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň tanymal duşmany Ablýazowyň özi häzirki wagtda Fransiýada türme tussaglygynda saklanylýar. Ony uzak wagtlap gözläp, ahyry şol ýerde tapypdylar we onuň aýalyny we 6 ýaşly gyzyny Gazagystana deport edipdiler.

Gazagystan Ablýazowdan jedelli BTA meselesinde ýiten milliardlarça dollaryň hasabyny soramak üçin onuň ekstradisiýa edilmegini soraýar.

Häzirki wagtda Ablýazow bilen ilteşikli hasaplanýan adamlar – Paraskewiç we beýlekiler Ýewropanyň dürli künjeklerinde tutulyp, jenaýat jogapkärçiligine çekildiler.

"Taktika"

Ablýazowyň tarapdarlary ýöňkelýän günäleriň ýerliksizdigini aýdyp, yzly-yzyna tutulan adamlaryň tussag edilmekleriniň Ablýazowy ekstradisiýa etdirmek üçin basyş taktikasy diýip häsiýetlendirýärler. Ablýazow Gazagystanyň oppozision mediasyna we oppozision syýasy herekete millionlarça dollar sarp etmek bilen Nazarbaýewiň gaharyny getiripdi.

Paraskewiçiň 22 ýaşly gyzy Mariýanyň aýtmagyna görä, gürrüňi edilýän basyşlardan onuň Moskwada ýaşaýan maşgalasy hem öz paýyny alypdyr. Mariýanyň ejesi 2012-nji ýylyň iýun aýynda Çehiýanyň kurort şäheri bolan Karlowy Wary şäherinde tussag edilensoň, Mariýanyň Moskwadaky maşgalasyna-da haýbat atylypdyr we öýleri dökülipdir.

“Biziň öýümizi iki gezek dökdüler. Orsýetli barlagçylar gelip, biziň öýümizi barladylar. Olaryň ellerinde ýaraglary bardy we olar bize haýbat atdylar. Olar maňa ejemiň Muhtar Ablýazowyň garşysyna görkezme bermegi üçin meni ogurlajakdyklaryny aýtdylar. Olar meniň 80 ýaşly mamama haýbat atyp, eger ejem görkezme bermese we Orsýete ekstradisiýa edilmäge razyçylyk bermese, mamamy türmä basjakdyklaryny aýdyp ony gorkuzypdyrlar” diýip Mariýa aýtdy.

Budilo

Maşgalanyň aýtmagyna görä, basyş we haýbatlaryň köp bölegi Nikolaý Budilo tarapyndan edilipdir. Nikolaý Budilo habarçy Sergeý Magnitskiniň türmede öldürilmegine gaýybana gatnaşan ors derňewçilerinden biridir. Olaryň ady Birleşen Ştatlaryň “Magnitskiý gara sanawynda” hem agzalýar.

Budilo Ukrainadyr Orsýetiň ikisi üçinem iş alyp barýar. Ablýazowyň işinde agzalan iki döwlet hem ygtyýarly talap ediji bolup çykyş etdiler. Ukraina bilen Orsýet Gazagystanyň adyndan çykyş edip, halkara derejesindäki tussag edişlikleri soradylar we ekstradisiýa çäreleri üçin dürli döwletlere ýüz tutdular.

Günäkärlenýänler üçin iki döwletiň bu işe gatnaşmagy kanuny kynçalyklary döredýär.

Mysal üçin, eger-de Paraskewiçe “syýasy başpena” berilse, ekstradisiýa meselesi hem öz-özünden çözüler. Ýöne eger-de oňa bu durum berilmese, Çehiýa respublikasynyň Adalat ministrligi Orsýetiň we Ukrainanyň ekstradisiýa haýyşnamalaryna aýratynlykda seretmeli bolar.

Hukukçylar, eger Ukraina ekstradisiýa edilse, Paraskewiçiň adalatsyz sud ediljekdigine aladalanma bildirseler-de, Çehiýanyň Ýokary kazyýeti onuň Ukraina ekstradisiýa edilmegini bireýýäm tassyklady.

Ynha, şol karar häzir Ýewropanyň Adam hukuklary boýunça suduna geçirildi. Şonuň üçinem häzirlikçe Çehiýanyň Adalat ministrligi Orsýetden gelen haýyşnama seredip biler.

Lýudmila Kozlowska düýbi Warşawada ýerleşýän “Açyk gepleşik” bileleşiginiň prezidentidir. Agzalýan bileleşik Ablýazow bilen ilteşikli tussag edilen adamlaryň işleri üçin hukuk ugrundan maslahat berýär.

Onuň aýtmagyna görä, soňky döwürde Moskwanyň we Praganyň özara ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagy Paraskewiç meselesinde ýagdaýy kynlaşdyryp biler. Aýratynam 25-26-njy oktýabrda boljak çeh saýlawlarynda döwlet başyna geçen hökümet Orsýete peýdaly perespektiwalary ýola goýsa, onda ýagdaý has hem kynlaşar:

Lýudmila Kozlowska bu barada şeýle diýýär: “Orsýet Çehiýa respublikasynyň strategiki ýaranydyr. Şonuň üçin bize hemme tarapdan ýaramaz habarlar gelip gowuşýar. Ýagny, haçan-da olar täze hökümeti düzenlerinde, ýokary wezipä bellenen käbir resmiler ekstradisiýa kararyna gönümel gol çekip biler. Ana, şondan soň has kyn bolar, sebäbi ol Orsýete Ukraina ýa-da has beteri Gazagystana ekstradisiýa ediler.”

Ablýazowyň birinji sapar tussag edilmeginiň yz ýany bilen, 2003-nji ýylda, Gazagystandan gaçan Paraskewiçiň maşgalasy Tatýananyň Nazarbaýewiň režimine gaýtaryp berilmegine howatyrlanma bildirýärler.

Özüniň energiýa serişdlerini ulanyp, Günbatar Ýewropa ýurtlary bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýan Gazagystanda adam hukuklarynyň elhenç ýagdaýda kemsidilýändigi we türmedäki adamlara zulum edilýändigi habar berilýär.

2013-nji ýylyň maý aýynda Italiýanyň ýörite gulluklary Ablýazowyň aýaly Alma Şalabaýewany we gyzy Aluany Rimde ýerleşýän kottejlerinden çykaryp, mekirlik bilen deport edipdiler. Italiýan häkimiýetleri bu bolan waka zerarly ötünç soradylar, ýöne şondan soň Şalabaýewa we Alua Gazagystanda öý tussaglygyna höküm edilip, olaryň gaçmak mümkinçilikleri doly ellerinden alyndy.

Paraskewiçiň ejesi, çeh polisiýasy Tatýanany tussag edeninde hiç hili kepillik bermändi diýip, öz gyzynyň, edil Şalabaýewa ýaly, gizlinlikde Gazagystana berilmeginden gorkýandygyny aýdýar.

“Biz çeh hökümetiniň ony Orsýete ýa-da Ukraina ekstradisiýa etmeginden gorkýarys. Ana, şonda sen üç ýurduň hem bu meselede hyzmatdaşlyk edýändigini ret edip bilmersiň we Tatýana, edil Muhtar Abliýazowyň aýaly ýaly, Gazagystana goýberiler. Elbetde, ony ol ýerde gynarlar.”

Grigorýewa ellerini dyzyna urup: “Birden ony ekstradisiýa edäýseler - diýýär we soňam gamgynlykda: - [onda] biz ony hiç haçan görüp bilmeris” diýýär.
XS
SM
MD
LG