Ol prezident bolarmy ýa-da bolmazmy? Has takygy, bolmalymy?
Azerbaýjanda ýurduň 48 ýaşly ot ýaly dogumly birinji derejeli hanymy Mähriban Alyýewa öz adamsynyň wezipesini eýelemek üçin işe girişeli bäri adamlar, ynha, şular ýaly soraglara jogap gözleýärler.
Kiçeňräk, hökümetparaz ”Azerbaýjanyň dünýewi demokratik partiýasy” geçen hepde, ýagny 21-nji iýunda, Alyýewany nebite baý döwletiň oktýabr aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda prezidentlik wezipesine dalaşgärlige hödürleýändigini bildirdi.
Gürrüňi edilýän partiýa, myş-myşlar peýda bolup başlaly bäri habary tassyklamakdan boýun gaçyryp, beýle gep-gürrüňleri partiýadan çykan käbir toparlaryň ýaýradýandygyny aýdýar.
Garşydaşy bolar
Eger bu gürrüňler amala aşaýsa, onda her nähili hem bolsa Mähriban Alyýewa özüniň 51 ýaşly adamsy Ylham Alyýewiň gönünden-göni garşydaşy bolar. Hökümet başyndaky “Täze Azerbaýjan” partiýasy Ylham Alyýewi üçünji ýola saýlanmagy üçin ony prezidentlik wezipesine bireýýäm kandidat hökmünde görkezdi.
Azerbaýjan oppozisiýasynyň Milli mejlisiniň agzasy analitik Zafar Guliýew Mähriban Alyýewany birbada wezipä dalaşgär hökmünde hödürlemek bilen olar Baku elitasynda möwjeýän syýasy garşydaşlaryň arasynda ýurduň birinji hanymynyň abraýyny synap görmegi maksat edinýärler diýip aýdýar: “Täze Azerbaýjan partiýasynyň kongresinden soň olar özleriniň ätiýaçdaky alternatiwalaryny synap görjek bolýarlar. Olar köpçüligiň pikirini we hökümetiň reaksiýasyny bilmek isleýärler”.
Erkiň Ylham Alyýewden Mähriban Alyýewa geçmek ähtimallygy, bu ýagdaýy hökümet başyna geçen beýleki ýurtlardaky prezident aýallarynyň, ýagny Imelda Markosyň, Hillary Klintonyň we 2007-nji ýylda Argentinada adamsy Nestor Kirşneriň ornuny eýelän Kristina Fernandez de Kirşneriň ýagdaýlary bilen deňeşdirmeklige itergi berdi.
Dinastik däp-dessury saklamak
Şeýle-de bu ýagdaý adamlaryň Alyýewiň 30 ýyllyk maşgala durmuşynyň tebigaty we onuň 2003-nji ýylda öz kakasyndan prezidentlik wezipesini miras almagy bilen başlanan dinastik däp-dessury saklamak ugrunda tutanýerliligi barada çuň oýlanmaklaryna getirdi.
Maşgala gatnaşyklary Alyýewanyň öz kowumdaşlary bolan Paşaýewlere çenli baryp ýetýär. Paşaýewler prezident bilen syýasy güýçlerini we şahsy täleýini birikdirmek üçin özara gatnaşyklaryny ulanypdy.
Guliýewiň aýtmagyna görä, Paşaýewler Azerbaýjanyň ýokary häkimiýet strukturasynda öz orunlaryny tapmak üçin uzak wagtdan bäri synanyşypdyrlar. Hatda olar Mähriban Alyýewany 2008-nji ýylda-da prezidentlige hödürlemek barada oýlanyşan ekenler.
Böwetler
Guliýew bu hakda şeýle diýýär: “Şular ýaly inisiatiwa şol döwürlerde böwet goýlupdy. Bu böwedi, belki, maşgala goýandyr, belki, hökümet goýandyr. Ýöne Mähriban Alyýewa we Paşaýewler ondan bäri hemmetaraplaýyn, ýagny ykdysady taýdan, finans taýdan, beýlekilere täsir etmeklik taýdan güýçlendiler. Meniň pikirimçe, olar ýene bir gezek synanyşýarlar. Belki-de, oňa bu saparam ýene bir gezek päsgelçilik dörederler, ýöne bu sapar ýagdaý başgaçarak”.
Alyýew şu wagta çenli hiç haçan öz maşgalasynda potensial güýç ugrunda göreş gidýär diýip ýaňzydybam, kakdyrybam aýtmady. Ol özüniň döwrebap aýaly barada “Azerbaýjanyň iň owadan zenany” diýip gürrüň edipdi.
Ýöne Alyýewiň üçünji ýola prezidentlige dalaş etmek hukugy baradaky şübheler (onuň wezipäni täzeden eýelemegi konstitusiýa gabat gelýär, ýöne käbir adamlaryň pikiriçe, despotlyk hasaplanýar) onuň öz aýalynyň prezidentlige dalaş etmegini ýaryşdan çekilmek üçin ulanyp biljekdigi baradaky pikirleri gozgady. Alyýewe karar çykarýan elitanyň arasynda “meňki bolsun” diýerlik dalaşgär hökmünde garalmaýar.
Adamsyndan tapawutlylykda Alyýewa Ylymlar akademiýasy we Azerbaýjan intelligensiýasy bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýdy. Şeýle-de, oppozisiýadaky kinodramaturg Rustam Ibragimbekow ýaly agyzly medeniýet işgärleriniň işjeňleşen döwründe Alyýewa strategiki taýdan has göwnejaý dalaşgär bolar diýlip hasaplanýar.
Şol bir wagtyň özünde ornaşan däp-dessurlar bilen gurşalan Azerbaýjanyň entek aýal prezidentiň bu wezipäni eýelemegine taýýardygy ýa-da däldigi hem belli däl. Ýöne, ynha, sungata we haýyr-sahawata berlip, gündelik syýasy wakalar bilen gyzyklanýan titije Alyýewanyň welin, bu wezipä taýýar däldigi köre hasa.
Galyberse-de, onuň soňky sapar “Täze Azerbaýjan” partiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine çekilip, şol wezipede işlän döwrüni hem göz öňünde tutanyňda, jemi 8 ýyl Mejlisiň deputaty bolup işledigi bolýar. Ýöne agzalýan döwürde ol kanun çykaryjylaryň hatarynda gaty seýrek görüldi.
Güýjüni maşgala baýlygyndan alýar
Ol özüniň hakyky güýjüni maşgalanyň milliardlarça dollara barabar finans holdinglerinden, ýagny kärhanalaryndan alýar. Olaryň holdingleri Azerbaýjanyň girdejili nebit senagatyny, aragatnaşyk ulgamyny we gurluşyk bazarlaryny garşydaşsyz gözegçilikde saklaýar. Holdingleriniň hemmesi hem Panamadaky we Britaniýanyň Wirdžini adalaryndaky kompaniýalar bilen ilteşikli.
Şeýle-de Alyýewler Azerbaýjanda ozalky Sowet Soýuzynyň düzümine giren döwletleriň arasynda iň bir repressiw režimi alyp barmak bilen, öz bähbitlerini berk goraýarlar. Sebitde Azerbaýjan media iň köp basyş edýän, korrupsiýanyň ýaýran hem-de ýarag güýji arkaly ilaty gözegçilikde saklaýan döwlet hökmünde iň ýaramaz hasapda.
Ylham Alyýewiň üçünji sapar prezidentlik wezipesine dalaş etmegi Bakuwda halk arasynda adamlaryň açyk gürlemeýän, öz içlerinde saklaýan duýgularyny oýardy. Özara gürrüňde adamalar bu hakda şeýle diýýärler: “Meniň pikirimçe, Alyýewa prezident bolmaly däl. Sebäbi ol Azerbaýjanyň häzirki prezidentiniň aýaly. Onuň ýerine başga bir adam hödürlense, gowy bolaýjak ýaly”.
Başga biri bolsa bu hakda şeýle diýýär: “Meniň pikirimçe, bu örän oňat. Döwletimiz mundan beýlägem gülläp öser. Ylham Alyýewiň maksatnamalary durmuşa geçer”.