Günorta Gazagystanyň Tamirlan obasynda önüp-ösen Dina her gün birgiden düzedişleri başdan geçirmäge öwrenişipdir.
Ol çemçäni çep eline alsa, biri muny onuň sag eline geçiripdir. Mekdepde sapak wagty galamy çep elinde tutsa, mugallymlar aladalanyp, ony "adaty tarapa" geçiripdirler.
"Men sag elim bilen ýazmaga synanyşýardym. Ýöne bu bolmaýardy. Mekdepde çepbekeý diňe mendim. Şol sebäpden bu günler kyn günler boldy. Sebäbi hemmeler maňa gazak dilinde 'solakaý', ýagny 'çepbekeý' diýýärdiler. Bu edebi dilde çep eli bilen ýazýan adam diýmekdi. Ol mahallar bu aňlatmanyň goşmaça oňaýsyz manysy ýokdy" diýip, Dina aýdýar.
Dina ýazuwda ýa beýleki el işlerinde sag elini däl-de, sol elini ulanýanlaryň biri. Bularyň sany tutuş dünýäde 900 million diýip çaklanýar.
13-nji awgustda, halkara çepbekeýler güni bellenip geçildi.
Mejburlyk
Doga çepbekeýleriň dünýäniň ilatynyň 13 prosentini düzýändigi çak edilýär. Ýöne käbir adamlar bu sanyň mundan hem ýokarydygyny, çepbekeýleriň aglabasynyň sag elini ulanmaga mejbur edilendigini aýdýarlar. Munuň sebäbi hem çepbekeýleriň, esassyz gorkulara görä, maýyp, adaty däl ýa-da bagtsyz adamlar hasaplanmagyndan.
Ýagdaý aýratyn-da, öňki Sowet Soýuzynda şeýle bolupdy.
Moskwadan kliniki psiholog Gennadiý Çiçkanow muny şeýle düşündirýär: "Bu ýerde rol oýnan bilimsizlik boldy. Çaganyň ýazuwda sag elini ulanmagy ýönekeý zat. Şol sebäpden onuň sag eline bir zat berip, 'ýaz' diýmek aňsat bolýardy. Sowet Soýuzynda edilýäni şeýledi".
Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, dilden başlap, tä dine çenli bolan köp zatlar sagyň çepden ileri tutulmagy baradaky medeniýete goşant goşupdyr.
Dilň täsiri
Mysal üçin, köp dillerde "sag" sözi diňe bir ugry görkezenok. Ol şol bir wagtyň özünde-de dogrulygy, hakykylygy-da aňladýar. Onuň tersine, ors dili ýaly käbir dillerde köplenç bir zadyň galpdygyny ýa hil taýdan pesdigini görkezmek üçin "çep" sözi ulanylýar.
Has giňräk seredeniňde, däp boýunça, söz berlende ýüregiň üstünde goýulýan sag el bolýar. Harby salam berlende we hristian dininde çokunylanda-da, sag el ulanylýar. Yslamda hem bir öýe ýa bir metjide gireniňde, sag aýakdan ädip girmeli.
Şu däpleri göz öňüne getireniňde, çepbekeý çagalary sag ellerini ulanmaga öwrenişdirmäge çytraşylmagy düşnükli zat.
Ylym näme diýýär?
Ylymda bolsa çepbekeý çagalary öz ugruna goýmagyň gowudygyny tassyklaýan ýeterlik deliller bar. Beýni iki ýarymşara bölünýär. Bularyň hem her biriniň özüne mahsus funksiýasy bar, her biri bedeniň garşylykly tarapyndaky hereket funksiýalaryny ugrukdyrýar.
Gysgaça aýdanyňda, beýniniň çep tarapy, ýagny onuň dil, matematika we rasional pikirlere jogapkär bölegi bedeniň sag tarapyna kontrollyk edýär. Bedeniň çep tarapyna kontrollyk edýän hem beýniniň sag tarapy.
Çaga ýazuwda öz tebigy ulanýan elinden beýleki ele geçmäge mejbur edilende, beýniniň beden bilen täze aragatnaşyk ýollaryny gurmaga synanyşmagy netijesinde ep-esli garym-gatymlyk döräp bilýär. Galyberse-de, adamlaryň haýsy-da bolsa bir gözi we bir aýagy beýlekisinden güýçli, ýagny ekabyrrak bolýar.
"Çepbekeý çaganyň ýazuwda sag elini ulanmagy gowy däl. Sebäbi biz onuň ekabyrlyk edýän gözüni ýa aýagyny çalşamzok. Eli çalşylan çaganyň ünsi çaşgyn bolýar. Ol maglumatlary kynlyk bilen özleşdirýär. Ýönekeýleşdirip aýdanyňda, bular ýaly proses çaganyň mekdepde üstünlik gazanmak mümkinçiligini artdyranok" diýip, Çiçkanow nygtaýar.