Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Prezidentlik saýlawlarda tapawutlylyklar göze ilýär


Azerbaýjanlylar döwlet baýdagyny galgatýarlar.
Azerbaýjanlylar döwlet baýdagyny galgatýarlar.
Azerbaýjanyň bagtyýar paýtagtynyň hyryn-dykyn köçeleriniň gabadynda durup dünýäni synlasaň, hamana, dünýä has özgerip onuň hereketi tizleşen ýaly bolup duýulýar. Ýöne birdenem ýerli ýaşaýjylaryň haýsy hem bolsa birini ýolda barýarka saklap: “Indiki prezident kim bolar?” diýip sorasaň, akyp duran wagt birdenkä naýynjar ses edip, sakga durýar we ýerli ýaşaýjy şeýle diýýär: "Gürrüňsiz, Ylham bu saparam wezipä saýlanar. Ol prezidentliginde galar. Munuň başga çözgüdi ýok.”

Geçirilen pikir soralyşyklar, geçmişde bolan wakalar, adamlaryň öňdengörüjilik duýgulary, şularyň hemmesi hökümet başyndaky Ylham Alyýewiň 9-njy oktýabrda geçiriljek saýlawlarda sesleri ýalmap-ýuwutjakdygynyň alamaty ýaly bolup görünýär.

Ertirki ýeňiş 51 ýaşly mirasdüşere jedelli ýöne konstitusiýa taýdan tassyklanjak üçünji ýola prezidentlik kürsüsini bagş eder. Alyýew häli bu güne çenli ýurduň ýangyç eksportyndan gelýän girdejileri arkaýyn ulanyp, başgaça pikirlenýän toparlara gözegçilik etmekden, sosial mediany gözegiçlikde saklamakdan lezzet alýar.

Täze bir umyt

Bu hepdedäki ses berişlikleriň netijelerine bil baglanýan çekeleşikli günlerde pellehana golaýlap barýan dalaşgär bäsleşikleri garaşylmadyk wakalar bilen bir hatarda oppozisiýa wekillerinde täze bir umyt döretdi, ýagny uzagyndan olaryň häkimiýet başyndaky režimiň soňuna nokat goýup bilmekleri ahmal.

Garaşylmadyk wakalardan iň esasylaryndan biri - Azerbaýjanyň oppozisiýasy 2013-nji ýylyň saýlawlarynda birinji gezek özara agzybirligi gazanyp, bir topar bolup çykyş edýärler. Olar şu wagta çenli ençeme özara oňşuksyzlyklara uçrapdylar.

Täze döredilen oppozisiýa koalisiýasy, ýagny “Demokratik güýçleriň milli mejlisi” režime garşy toparlaryň ählisini (olaryň içinde “Musawat” we ”Meşhur front” topary hem bar) özünde jemleýär. Hatda bu topar birleşip, meşhur kinorežissýor Rustam Ibragimbekowy dalaşgärlige hödürledi. Emma bu toparyň kandidaty Ibragimbekowyň söbükbasary we ozal oňa garanyňda has az tanalan Jamil Hasanlydan yza galdy.

Jamil Hasanlyny hödürlän toparyň çykyşy ilkibaşda ýeňliş diýlip hasaplanan hem bolsa, köp zada peýdasy degdi. Orsça gepleýän, Moskwada ýaşaýan, Oskar baýragyna mynasyp bolan Ibragimbekow halkara jemgyýetçiliginiň arasynda has giňden tanalýar. Ýöne 61 ýaşly, köne taryhçy we ozalky kanunçykaryjy Hasanly Bakuwyň hapa syýasatynyň tebigatyndan habarlydy. Ol telewizorda ýaýlyma goýberilen gepleşikde özüniň çeper ene dili bilen Bakuwyň syýasatynyň agzalan häsiýetlidigini aýtmakdan çekinmedi.

“Bokurdagyna çenli korrupsiýa çümdi”

“Hökümet başyndaky partiýa topugyna çenli, Ylham Alyýewiň hökümeti dyzyna çenli, Ylham Alyýewiň özi bokurdagyna çenli korrupsiýa çümdi”.

Soňabaka dalaşgärlerden sekiz sany režimiň tarapdary Hasanlyny yzygiderli kemsidip, telewizion gepleşigi sirke dönderdiler. Hatda gepleşigiň dowamynda oňa suw çüýşesini hem zyňdylar. Gepleşige Alyýewiň özi gatnaşmady.

Jamil Hasanly
Jamil Hasanly
Režimiň tarapdarlary hökümetiň üpjünçilgindäki telewizion kanalda ýaýlyma goýberilen gepleşigiň wagtyny Hasanlyny we beýleki oppozisionerleri kemsitmek üçin ulandylar. Olar oppozisionerlere “itler”, “gomoseksuallar” aýallaryna bolsa “jelepler” diýip, ýaýlymyň dowamynda biedep hem gelşiksiz sözleri aýtdylar.

Alyýewiň “Täze Azerbaýjan” partiýasynyň agzasy Siýawuş Nowruzow Hasanlynyň bitiren ylmy işlerine-de dil ýetirip başlady: “Sen alym däl. Sen ozallar köçede ýatyp-turýardyň. Saýlawlar gutaransoňam, sen köçelerde galarsyň, Kamil Hasanly!”

Kamil Hasanly ”Sowuk uruş” we Azerbaýjanyň Garabag, Nahçywan sebitleri barada ýazylan birnäçe kitabyň awtorydyr.

Bilermenleriň aýtmaklaryna görä saýlaw kampaniýasyny zäherli gürrüňler we jedeller gurşap aldy we bu ýagdaý hem halkyň syýasaty ýigrenmegine getirdi.

“Strategiýa peýdasyna”

Düýbi Bakuwda ýerleşýän “Atlas” atly pikir we garaýyş jemgyýetiniň başlygy Elhan Şahinogly bu strategiýanyň Alyýewiň peýdasynadygyny aýtdy. Ol Alyýewiň özüni göreşden ýokarda tutýandygyny we onuň sanlyja gezek kampaniýa geçirýän ýaly bolup surata düşendigini, ýöne ses üçin gönüden-göni halka ýüzlenmändigini öz sözlerine goşdy.

“Syýasy prosese halkyň biparhlygy oňlarlykly däl. Bu hökümetiň peýdasyna bolýar. Sebäbi hut şu sebäpdenem olar köp güýç sarp etmezden, saýlawlarda ýeňiş gazanmaga ymtylyp bilerler. Eger-de siz üns beren bolsaňyz, hökümet başyndaky partiýa Bakuwda uly göwrümli çekişme we çykyş geçirmäge-de höwesek bolmady”.

Orsýetiň garagol syýasatynyň parlak ýyldyzy Alekseý Nawalnyny ýada salýan Hasanly gepleşigiň dowamynda özüne berlen wagty hökümetiň korrupsion syýasatyna hüjüm etmek üçin sarp etdi. Onuň aýtmagyna görä, korrupsiýanyň netijesinde nebitden girýän girdejileri, milliardlarça dollary Alyýew öz şahsy hasabyna geçiripdir.

“Men özümiň 2000 manat möçberinde pensiýa alýandygymy subut edýän dokumentleri ýanym bilen getirdim. Men ”Täze Azerbaýjan” partiýasynyň lideri Ali Ahmadowdan sorasym gelýär, eýsem ol ýany bilen Alyýewiň 61 milliard amerikan dollaryny daşary ýurda çykarandygyny subut edýän resminamalary getirdimikä!? Ol Dubaýdaky willa üçin sarp edilen 75 million dollaryň resminamasyny getirdimikä?! Eýsem, ol Alyýewiň hut özüniň alan para-peşgeşi baradaky resminamalary getirdimikä!? Şol alnan para Nýu-Ýork kazyýeti tarapyndan hem tassyk edilipdi. Ol Alyýewleriň maşgalasynyň döwletden ogurlan emläkleri baradaky dokumenti öz ýany bilen getirdimikä!? Eger getirmedik bolsa, meniň özüm şol dokmentleri degişli bank hasaplary bilen bile getirdim.”

Şeýle-de Hasanly esasy ýerlerde çykyş etmegiň deregine öz çykyşlaryny welaýatlarda we dürli sebitlerde dowam etdi. Ýygnanan köpçülik ýarym müň töweregi adamdy we bu çykyşlar polisiýanyň gözegçiliginde geçirildi.

Oppozisiýanyň ogullary tussag edildi

Oňa gatnaşan köp sanly adamlar Azatlyk Radiosynyň Azerbaýjan gullugyna beren gürrüňlerinde ýygnaklara gatnaşsalar, özlerine işlerinden boşadylmak ýaly howpuň hem abanýandygyny aýtdylar. Oppozisiýanyň iki sany ýokary wekiliniň (“Meşhur Front” toparynyň lideri Ali Kerimliniň we Hasanlynyň metbugat wekili Oktaý Gulaliýewiň) ogullary saýlawlaryň öňüsyrasynda uruldylar we olar tussag edildiler.

Häkimiýetler bu wakalarda hiç hili syýasy sebäbiň ýokdugyny aýtdylar. Ýöne Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy saýlawlaryň öňüsyrasynda aktiwistlere, žurnalistlere we oppozisiýanyň syýasatçylaryna edilýän “dowamly basyş” barada alada bildirýändiklerini duýduryp, çykyş etdiler.

”Milli mejlisiň” agzalary eger saýlawlar erkin we adalatly geçirilse, özleriniň ýeňiş gazanjakdygyny aýdýarlar. Şeýle-de olar göreşiň 9-njy oktýabrda gutarmajakdygyny belleýärler. ”Meşhur Front” toparynyň başlygynyň orunbasary Gözel Baýramlynyň aýtmagyna görä, koalisiýa saýlawlar gutaransoňam, öz pozisiýasynda berk durmagy dowam eder.

“Struktura diňe bir saýlawlar üçin däl”

“Bu struktura diňe bir saýlawlar üçin niýetlenilenok. Biziň maksadymyz diýdimzorlukdan demokratiýa geçmek, demokratiýany bina etmek. Şol amala aşýança, demokratiki güýçleriň agzybir hereket etmegi örän zerurdyr. Biz şonuň üçin çytraşýarys, ynha, şol biziň maksadymyz.”

Ozalky sowet döwletleriniň iň zabun režimlerinden birine garşy durup, düýpli özgerişleri gazanmak üçin birleşen oppozisiýanyň ýeke öz güýji ýeterlik bolmaz. Ýöne “birleşen oppozisiýa” garaşylmadyk nebit girdejileri bilen bina edilen Alyýewiň režiminiň çökjekdigini ýa-da däldigini, çagşan ýagdaýynda haçan çagşajakdygyny görkezjek güýçli faktor bolup biler.

Häzirki wagtda Hasanlynyň giňden ýaýran korrupsiýa baradaky habary Azerbaýjany gelejekde demokratik döwlet hökmünde göz öňüne getirýän adamlaryň arasynda tiz ýaýraýar.

“Meniň öz sesimi size berenimi göz öňüne getirip görüň. Siz saýlanmarsyňyz. Halkyň 50-60 göterimi size ses beren ýagdaýynda-da, siz ýeňiş gazanmarsyňyz. Alyýew eýýäm wezipä taýýar.”
XS
SM
MD
LG