Gowy alamatlara ynanylsa, onda Hatyja Ysmaýylowanyň türmeden boşadylmak mümkinçiligi ýok däl. Azatlyk Radiosynyň derňeýji žurnalisti 25-nji maýda Azerbaýjanyň Ýokary sudunda özüniň 7, 5 ýyl tussaglyk möhletine garşylyk görkezer.
Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda ozalky sowet respublikalarynyň köpüsi, Russiýanyň agressiýasyny we imperialistik syýasatyny ýada salýandygy sebäpli Georgiý lentalaryna alternatiwa gözleýärler.
"Basym meniň oglumyň we ýegenimiň ýitirim bolanyna alty aý bolýar. Olardan yz-derek ýok» diýip, Jepbarow aýdýar. «Men olaryň sag-aman ýaşap ýören bolmagyna umyt edýärin.»
Orsýetiň häkimiýetleri we habar serişdeleri 27-nji fewralda oppozisiýanyň lideri Boris Nemtsowyň öldürilmegine jogapkär bolup biljek potensial jenaýatçylaryň käbirine, ýönekeýleşdirip aýdanyňda, ”barmak çommaldýar".
2014-nji ýyl sport ýaryşlary, ýagny uly dabaraly we gymmat bahaly sport çäreleri bilen dünýäniň elhenç diktator režimleriniň arasyndaky baglanyşygyň hem barha ösýändiginiň üstüni açdy.
Halkara resmileri ilkibaşda MH17-niň (Malaýziýa Howaýollarynyň 17-nji iýulda heläkçilige uçran uçarynyň) ýykylandygyny aýtdylar, emma indi olar ýolagçy uçarynyň ýer-howa kysymly raketa bilen urlandygyny öňe sürýärler.
ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň 3-nji iýunda Polşa eden sapary bu ýurduň entek sowet blogunyň agzasy bolup galýarka, ilkinji bolup köppartiýaly erkin saýlawlary geçirmeginiň 25-nji ýyllygyna gabat geldi.
Moskwa mundan beýläk Günbatardan üzňe ýaşajakdygyny; özüniň internetini, özüniň kredit kartalaryny, özüniň rus dilinde gurnaljak aýdym bäsleşiklerini ýola goýjakdygyny aýdyp, tutuş dünýä haýbat atýar.
Ukrainanyň gündogaryndaky iki regionda referendum diýlip geçirilen ses berişligiň kanuna ters gelýändigini görkezýän subutnamalar köpelýär. AÝ/AR ýüze çykan galplyklar bilen bagly maglumatlara syn etdi.
Şu hepde Orsýetde Internetdäki azatlyklary çäklendirmek boýunça bir topar çäre görüldi. Internet ulanyjylar we telekeçiler ýeke-täk dogry çykalga bir ädim öňde bolmakda diýip hasaplaýarlar.
Orsýetiň Krym ýarymadasyny öz golastyna almagynyň tizligi we ýeňilligi dünýäniň uly bölegini sarsdyrdy. Emma bu ýagdaýa getiren faktorlar ençeme ýylyň dowamynda emele gelipdi.
“Ýewromaýdan” protestlerine gatnaşan aktiwist Dmitro Bulatow alnyp gaçyldy we göz-görtele gynamalara sezewar edildi. Soňra Bulatow saglygyny bejertmek üçin Litwa döwletine gitmeli boldy.
Geçen hepdäniň dowamynda Ukrainada dowam eden hökümete garşy protest çärelerine gatnaşýan “Ýewromaýdan” protestçilerine adaty bolmadyk toparlar goldaw berip başladylar.
Ukrainanyň kanunçykaryjylary ýurtda köpçülikleýin demonstrasiýalary gadagan edýän, oppozision syýasatçylary jezalandyrýan girizýän radikal kaununlaryň toplumyny kabul etdiler.
Isak Asimow özüniň 1964-nji ýylda ýazan ylmy fantastiki eserinde şondan 50 ýyl soň ýagny 2064-nji ýyla çenli ýer planetasynda nämeler üýtgär diýen meseläni gozgapdy.
Täze ýylyň başlanmagy bilen halkara guramalarynyň ençemesi özüniň geçiş prezidentlik statusyny nobatdaky bir döwlete gowşurdy. Bu-da öz gezeginde dürli netijeleri döredýär.
Orsýetiň Wolgograd şäherinde bolan bombaly hüjümlerde 30-dan gowrak adam heläk boldy Hüjümler näme üçin Moskwada ýa-da Soçide däl-de, Wolgogradda amala aşyryldy?
Wiktor Ýanukowiç garaşylmadyk ýagdaýda Ýewropa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ret edensoň, Ukrainada “Ýewromaýdan” protestleri başlandy.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ýurduň täze habar agentliginiň başlygy wezipesine özdiýenli, tutuş düýrmegi bilen Kremliň syýasatyny goldaýan Dmitriý Kiselýow belledi.
Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda duşuşyp, şu ýyl Dünýäniň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna giriziljek adatlar, däp-dessurlar we sungat barada maslahat geçirerler.
Ýene-de ýükle