Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: "Gara penşenbe" we demokratiýa


Ýewropa Bileleşiginiň baýdagyna bürenen demonstrant. Kiýew.
Ýewropa Bileleşiginiň baýdagyna bürenen demonstrant. Kiýew.
Geçen penşenbe güni Ukrainanyň kanunçykaryjylary ýurtda köpçülikleýin demonstrasiýalary gadagan edýän, oppozision syýasatçylary jezalandyrýan we azat metbugata, Orsýetdäki ýaly, çäklendirmeleri girizýän radikal kaununlaryň toplumyny kabul etdiler.

Bu radikal çäreler Ukrainada eýýäm iki aý töweregi dowam edýän Ýewropa bilen ýakyn integrasiýany talap edýän demonstrasiýalaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi. Oppozisiýanyň aktiwistleri Ukrain parlamentinde örän howlukmaç kabul edilen bu täze kanunlary “diktatorlyga geçiş” diýip häsiýetlendirdiler.

Ukrainanyň parlamentinde, agzalýan kanunlar kabul edilende, ony goldap ýokary galdyrylan eller diňe bir Ýewropa ygrarly protestleri sem etmän, eýsem ýurtda onýyllyklaryň dowamynda gazanylan reformalary yza tesdirmäge gönükdirilen diýlip baha berilýär.

Werhownaýa Radanyň düzümindäki prezidentparaz deputatlar 16-njy ýanwarda täze radikal kanunlaryň toplumyny kabul etdiler. Munuň netijesinde ýurtda köçe protestlerini basyp ýatyrmak, oppozision syýsatçylary eldegrilmezlik hukugyndan mahrum etmek we söz azatlygyna çäklendirme girizmek mümkinçiligi döreýär.

Maddalar

Täze kabul edilen kanunlar taslamasy resmi häkimiýetlere baş bermeýän we Ýewropa bilen ýakyn aragatnaşygyň tarapynda çykyş edýän demonstrantlara garşy gönükdirilene çalym edýär. Protestçiler prezident Wiktor Ýanukowiç noýabrda Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmakdan ýüz öwrensoň Kiýewiň köçelerini gurşap alypdylar.

Agzalýan kanunlaryň uzagyndan ýurduň graždan jemgyýetçiligine we garaşsyz žurnalistikanyň ösmegine hem zyýan ýetirmegi mümkin. 2010-njy ýylda häkimiýet başyna geçen Ýanukowiçiň reformalary yza tesdirip başlandygyna garamazdan, Ukrainada garaşsyz žurnalistika öz ösüşini häzire çenli-de dowam etdiripdi.

Düýbi Kiýewde ýerleşýän Media boýunça Hukuk institutynyň direktory Taras Şewçenko şeýle diýýär: “Bu kanun öz pikirleriňi beýan etmegiň ähli görnüşlerini çäklendirýär. Bu websaýtlary petiklemek, Internet üpjünçiligini togtatmak ýaly çäreleri hem göz öňünde tutýar. Munuň üsti bilen ähli SIM kartlaryna gözegçilik edip bolýar, netije-de kimdir biri forumda, blogda ýa-da mobil telefonda hökümeti tankytlasa, ony yzarlap tapyp bolýar. Gerek bolanda, “erbet” diýen kesgitlemä islendik zat girizilip, ol “ekstremizm”, “töhmet”, “hukuk goraýjy ýa-da sud işgärlerini kemsitmek” ýaly aýyplamalar” bilen häsiýetlendirilip bilinýär”.

Oppozision deputatlar, gyzyl ýumruga girip, parlamentiň mejlisini togatmakçy boldular. Emma olar Ýanukowiçiň “Regionlar partiýasyny” ses bermekden saklap bilmediler. Netije-de soňkular, adatdaky ýaly elektron usulda däl-de, eýse ellerini galdyrmak arkaly ses berip, täze kanunçylygyň kanuny esasda kabul edilendigini öňe sürdüler.

Ýanukowiçiň bu kanuna gol goýup-goýmandygy häzire çenli anyk däl. Eger-de oňa gol çekilse, onda Ukrainada sowet döwründen bäri jemgyýetçilik aktiwligine iň berk çäklendirmeler giriziler.

Täze kanunçylyga laýyklykda, protestçilere köpçülikleýin ýerlerde çadyrlary dikmek we ýüzlerine maska, kellelerine gorag başgaplaryny geýmek ýaly howpsuzlyk serişdelerini ulanmak gadagan edilýär. Munuň üstesine-de, rugsat berilmedik protestlere gatnaşýan deputatlaryň eldegrilmezlik hukuklary ýatyrylýar. Bu hem gönüden-göni oppozisiýanyň liderleri Arseniý Ýatsenýugyň we Witaliý Kliçkonyň garşysyna gönükdirilen ädimdir.

Täze kanunlaryň taslamasyna görä, töhmet atdy diýen aýyplama esasynda günäkärlenýäne iki ýyla çenli türme tussaglygy hem göz öňünde tutulan. Moskwanyň mysalyna eýerip, Kiýew daşary ýurtdan maliýeleşdirilýän hökümete degişli däl guramany regirstrasiýa etmänem bilýär.

"Hatda..."

Ukrainanyň hökümetiniň ÝB bilen integrasiýa bölüminiň ozalky direktory Wasyl Filipçuk ýagdaýlaryň bu depginde özgermeginden “hopugandygyny” aýdýar. Ol: “Bu kanundaky käbir maddalar hatda Russiýa we Belarus tarapyndan hem girizilmändi. Men prezident Ýanukowiçiň öz halkyna garşy has awtoritar, has zalym çemeleşmeginden howatyr edýärin” diýýär.

Ukrainanyň parlamentiniň kabul eden kanun taslamasy aktiwistler tarapyndan berk ýazgarylyp, ol hatda ýaňsa alnyp, “diktaturanyň taslamasy” diýlip atlandyryldy.

“Kiýew Post” neşiriniň redaktorynyň orunbasary Katýa Gorçinskaýa şeýle ýazgylar galdyrdy: “Ukrainada bir wagtlar hak-hukuk bardy. Biz entegem adam. Emma biz hak-hukuksuz galyp bileris. Täze bir polisaý döwletine hoş geldiňiz! Biz muny Kiçi Russiýa diýip atlandyrýarys”.

ÝB-niň käbir resmileri Ukrainada soňky kabul edilen zabun kanunlar taslamasynyň ýurduň Ýewropa Geňeşiniň agzasy hökmünde öz üstüne alan borçlaryny bozýanlygyndan alada bildirdiler.
XS
SM
MD
LG