Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym tatarlary: anneksiýanyň bir ýyly


Krym tatarlary anneksiýadan bäri geçen bir ýyl içinde köp hukuklaryny ýitirendiklerini aýdýarlar.
Krym tatarlary anneksiýadan bäri geçen bir ýyl içinde köp hukuklaryny ýitirendiklerini aýdýarlar.

Abdureşit Jepbarow boş oturmaga goýlana meňzemeýär.

Tatar aktiwisti paýtagt Simfereofolyň 40 km çemesi demirgazyk-gündogaryndaky krym şäheri Bilohirskdäki kwartirasynda oturan ýerinden geçen güýzde öz ogly we ýegeni alnyp gaçylaly bäri de fakto häkimiýetleriň özi bilen geçiren söhbetleşliklerini sanaýar: oktýabrda iki söhbetdeşlik, dekabrda biri, ýene biri fewralda boldy.

Abdureşit Jepbarow
Abdureşit Jepbarow

Jepbarow her duşuşykda kiçiräk bir progresiň bolandygyny boýun alýar: birinde blanka gol çekildi, beýlekisinde ylalaşyk baglaşyldy. Hatda ol Moskwa tarapyndan goldanylýan lider Sergeý Aksýonow bilen hem duşuşdy, ol bu meseleler bilen hut özüniň meşgul boljagyny wada berdi.

Emma hakykatda Jepbarow 19 ýaşyndaky ogly Islýam Jepbarowa, 23 ýaşyndaky ýegeni Jewdet Islýamowa, ýa-da Orsýet 2014-nji ýylyň 18-nji martynda ýarymadany ele geçiren wagtyndan bäri ýitirim bolan beýleki tatar erkeklerine näme bolanyny ýarym ýyl soňam anyklap bilmedi.

"Basym meniň oglumyň we ýegenimiň ýitirim bolanyna alty aý bolýar. Olardan yz-derek ýok» diýip, Jepbarow aýdýar. «Men olaryň sag-aman ýaşap ýören bolmagyna umyt edýärin.»

Jepbarow Timur Şaýmerdanow, Seýran Zinedinow ýaly, otuz ýaşlaryndaky we Krymyň anneksiýa edilmegine garşy işjeňlik görkezen beýleki erkekleri hem ýatlaýar. Olar maý aýynyň aýagynda, bir-birinden bäş gün aratapawutda ýitirim boldy we şondan bäri olardan gördüm-bildim ýok.

Geçen ýyl krym tatarlaryndan jemi 18 adam, şol sanda 39 ýaşyndaky Reşat Ametow hem ýitirim boldy. Ýöne onuň jesedi iki hepde soň (ol geçen martda ýitipdi) tapyldy. Ametowyň öldürilmegi ýa beýleki ýitrim bolanlar bilen baglylykda hiç kim tussag edilmedi.

"Biziň geçen ýyly Russiýa Federasiýasynyň raýaty hökmünde geçirendigimiz belli bolýar» diýip, Jepbarow aýdýar.

Gorkuzma, basyş

Krym tatarlary, Gara deňiz ýarymadasynyň türk ilaty Ikinji Jahan Urşunyň ahyryndan bäri howp astynda ýaşaýan azlykdy, olar nasistler bilen hyzmatdaşlyk diýilýän netijesinde köpçülikleýin Merkezi Aziýa sürgün edilipdi.

Maşgalalar 1980-nji ýyllarda yzlaryna dolanyp gelmäge başladylar, emma indi olaryň ne emlägi, ne ýeri bardy we etniki ruslar ýarymadanyň agalyk edýän köplügine aýlanypdy.

Hatda Krym Ukrainanyň bir bölegi bolanyndan soň hem, tatarlar öz has giň ygtyýarly awtonomiýalary we hukuklary ugrunda göreşmeli boldular. Emma indi, ýene bir gezek Moskwanyň kontrollugy astynda, ýarymadanyň ilatynyň 13 prosentini düzýän tatarlar öz ýagdaýlarynyň has ýaramazlaşandygyny aýdýarlar.

"Mugallymlar we okuwçylar biziň çaglarymyza juda ýakymsyz daramaga başladylar» diýip, geçen ýyl ýol ýakasynda Orsýetiň harby gatyşmasyna we anneksiýasyna garşy köpçülikleýin protest gurnan aktiwistleriň biri Gülnara Memetowa aýdýar.

"Biziň dilimiziň bu ýerde ikinji resmi dildigine garamazdan, hatda biziň käbir okuwçylarymyza tatar dilinde gürläni üçin haýbat hem atyldy» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Tatarlar Krymda bir asyrdanam kän wagt bäri ýaşaýarlar.
Tatarlar Krymda bir asyrdanam kän wagt bäri ýaşaýarlar.

Öndümli işleýän kyssaçy we Krym Tatar Ýazyjylar birleşiginiň başlygy Riza Fazyl indi tatar edebiýatynyň neşir maliýeleşdirmesi babatda Moskwanyň döwlet komitetine garaşly boljagyny, ýagny rus dolandyryşy astynda ýuwaş-ýuwaşdan ýok boljagyny aýdýar.

"Bu ýerde begenere zat ýok" diýip, 85 ýaşyndaky Fazyl aýdýar. "Geçen ýyl krym tatarlarynyň dilinde diňe iki kitabyň çap edilmegi maliýeleşdirildi. Biz gowulaşma babatda hiç bir üýtgeşiklik göremizok. Biz eýýäm şu ýyl çap edilmeli alty kitaby teklip etdik, emma olar pul ýok diýdiler.»

'Diňe terslikler'

Ýarymadanyň orsýetçi de fakto hökümeti, ATR telewizion kanalyna reýd geçirmek, QHA, meşhur tatar habar gullugynyň lisenziýasyny uzaltmakdan boýun towlap, tatar mediasynyň basylyp ýatyrylmagyna hem gözegçilik edýär.

Medeni ýygnanyşyklaryň köpüsi gadagan edildi ýa-da uzak ýerlere geçirildi. Hukuk toparlarynyň köpüsi ýapyldy, Krym Tatarlarynyň ýokary organy bolan Mejlis, öz tarapdarlaryny referendumy boýkot etmäge çagyryp, rus dolandyryşyny ykrar etmekden ýüz öwrenden soň, öz hukuklaryndan mahrum edildi.

Mejlisiň meşhur agzalarynyň birnäçesi, şol sanda başlyk Refat Çubarow, tatar jemgyýetçiliginiň ahlak nusgasy Mustafa Jemilew ýarymada gelmekden bäş ýyllyk mahrum edildi.

Jemilew 17-nji martda Brýusselde çykyş edip, anneksiýa edilen ukrain ýarymadasynda gorky klimatynyň höküm sürýändigini aýtdy.
Jemilewiň aýaly Safinar, adamsyndan aýraçylykda, Krymda ýaşaýar we «diňe terslik» getiren ýyldan soň halys bolandygyny aýdýar.

Emma ol tatarlaryň, Orsýetiň her neneňsi basyşlaryna garamazdan, bir asyrdan gowrak wagt bäri watan tutan ýerinde ýaşap oturmagynyň esasy zatdygyny belleýär.

"Olar ýarymada örän kän esger getirdiler, örän kän harby enjam getirdiler. Krymyň ilaty bu zatlardan nähilidir bir gowulygyň çykjagyna garaşyp bilmeýär» diýip, Jemilowa aýdýar.

"Emma Krym tatarlarynyň şol ýarymadada bolmagynyň özi bu güýç mazamlamasyna bir synag bolup durýar. Biz öz topragymyzda, onsoň biziň şu ýerde bolmagymyzyň özi hem eýýäm gahrymançylyk."

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG