Şu hepde Orsýetde Internetdäki azatlyklary çäklendirmek boýunça bir topar çäre görüldi. Internet ulanyjylar we telekeçiler ýeke-täk dogry çykalga bir ädim öňde bolmakda diýip hasaplaýarlar.
Orsýetiň iň meşhur sosial ulgamynyň işden aýrylan baş direktory biznes etmek üçin täze ýurt tapmakda geňeş-maslahaty nireden gözlemeli? Elbetde, konkurentden.
«Biz özümize täze jaý saýlaýarys – diýip, Pawel Durow «Feýsbuk» sosial ulgamyndaky hasabynda ýazdy. Ýogsa ol bu hasabyny 2006-njy ýyldan bäri tasdan ulanmandy, sebäbi şonda ol özüniň diýseň üstünlikli bolan rus dilli analogyny, VKontakte (VK) sosial ulgamyny işe girizipdi.
«Bu bize, söz azatlygy we hususy durmuşa gytyşmazlyk syýasaty bilen, öz proýektlerimizi ýaýbaňlandyrmaga şert döretjek ýurt bolmaly» diýip, Durow aýtdy.
29 ýaşly Durow 22-nji aprelde, VK-däki aksiýalaryny satmaga mejbur bolandan soň, Orsýeti terk edendigini aýtdy. Bu aksiýalara indi kremlçi oligarhlar Alişer Usmanow bilen Igor Seçin eýelik edýär.
Bu täzelik, Durowyň ulanyjlaryň şahsy maglumatlaryny bermekden boýun gaçyrandygy baradaky beýanaty bilen bilelikde, şeýle-de Internete girizilen ýowuz çäklendirmeler orsýetlileri tisginmäge mejbur etdi. Dünýäniň bu böleginde, köpçülikleýin habar serişdeleriniň döwlete garaşly ýerinde Internet diýseň möhüm aragatnaşyk we maglumat çeşmesi bolup durýar.
«Eger Internet bolmadyk bolsa, bizde bireýýäm demir tuty bolardy - diýip, Wolgodonsk hadysasynda ejir çekenleriň hukuklaryny goramaga kömek edýän jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Irina Halaý aýdýar. Ol öz saýtynyň we sosial ulgamlaryň kömegi arkaly daşary ýurtlar bilen berk aragatnaşyk gurdy we Orsýetde has giňden bilinýän terror aksiýalarynyň, şol sanda 2002-nji ýyldaky Nord-Ost, 2004-nji ýyldaky Beslan tragediýalarynyň pidalarynyň hukuklaryny goraýar. – Biz ähli maglumaty Internet arkaly ýaýradýarys. Biziň häkimiýetlerimiz sosial ulgamlary netijeli ulanyp başlasaň, biraz çekinýär we gulak asýar.»
Halaý 1999-njy ýylda Wolgodonskde bolan terror aksiýasynda ýaralandy. Synçylaryň käbiri bu terror aksiýasynyň ikinji çeçen urşuna başlamak üçin rus howpsuzlyk gulluklary tarapyndan gurnalandygyny aýdýarlar.
«Sap oppozision däl», emma wajyp
Orsýet Durowy ýitirmek bilen, dolandyrmasy kynrak hem bolan bolsa, bu köp taraply wunderkinde bolan hukugyndan hem mahrum bolýar. Ony köplenç «Feýsbugy» esaslandyran Mark Sukerberg bilen deňeýärler. Ýogsam bolmasa onuň oglantak keşbi we gara wodolazka bolan yhlasy Appli döredijeleriň biri, merhum Stiw Jobsy ýada salýar. Durow ony özüniň kumiri hasaplaýar.
Durowyň hususy baýlygy 300 million dollar hasaplanýar. Ol özüni et iýmekden, çilimden we spirtli içgilerden saklanýan asket hasaplaýar. Şonuň bilen birlikde onuň, mysal üçin, bäş müňlük rubldan kagyz samolýotjyklary ýasap, VK-nyň Peterburgdaky edarasynyň äpişgesinden aşak zyňmak ýaly geň-taň hereketleri hem bar.
VK-nyň meşhurlygy köplenç halatda garakçylyk oýunlarynyň, filmleriň we sazly wideolaryň giň bazasyna daýanýar. Emma onuň rowaçlygynyň ýene bir sebäbi post-sowet döwründäki jemgyýetçilik özgerişleri mahalynda ulanyjalara ýygjam aragatnaşyk mümkinçiligini bermegi bilen hem bagly boldy. «ŽiwoýŽurnal» ýaly blog-platformalar bilen bir hatarda, WK ýerli syýasata gyzyklanmanyň güýçlenmegine itergi berip, sahawatçylyk işleriniň utgaşdyrylmagynyň merkezi boldy.
Iň esasysy bolsa, ol oppozisiýa syýasatçylarynyň öz pozisiýalaryny aýtmaklaryna şert döredýän wirtual şäher meýdany bolup hyzmat etdi.
Görnüşinden, Durowyň ýykylmagy VK-nyň içinde dörän iki toparyň biri, Kremle garşy blogger Alekseý Nawalnyny goldaýanlar we Ukrainanyň Ýewromaýdan protestçileriniň tarapdarlary bilen bagly. Ol ulanyjlaryň şahsyýetleri baradaky maglumatlary Federal howpsuzlyk gullugyna tabşyrmakdan ýüz öwürdi.
Korparatiw azatlyklary adam azatlyklaryndan ýokary goýýan ýaly görünýän Durow basyşlara doly hötde gelýänlerden hem däl. 2010-njy ýylda Belarusda bolan azat däl prezident saýlawlarynyň öňüsyrasynda WK-nyň garaşsyz kandidat Andreý Sannikowyň goldaw toparyny öçüreni gizlin zat däl.
Şeýle-de, Durowyň Ýedward Snowdene iş teklip edip, Kremliň eline oýnanadygy aýdylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl amerikan razwedkasynyň öňki işgäri Snowden rus prezidenti Wladimir Putinden syýasy gaçybatlaga aldy.
Hatda Durowyň gaçmagyna hem onuň täze bir proýektiniň, «Telegram» smartfonunyň reklamasyna gönükdirilen mekir strategiki göçüm hökümende baha berip bolar. Tölegsiz messenjerlik hyzmatyny hödürleýän «Telegramyň» ynamdar şifr sistemasy bolup, ony döredijileriň arasynda matematik, Paweliň dogany we VK-ny esaslndyryjylaryň biri Nikolaý Durow hem bar. Bu täze goşmaçany ulanyjylaryň hasaba alnan sany sekiz aý wagt içinde 40 milliona ýetdi. Websaýtyň goşmaçasy telegram.org hususy durmuşa bolan hukugymyzy yzyna alarys diýýär.
Rus we amerikan syýasatynyň konfidensiallyga bolan gatnaşygyna uly üns berýän amerikan bloggeri Ketrin Fitzpatrik Durowy «arassa oppozisiýa şahsyýeti» hasaplap bolmaz diýýär. Emma muňa garamazdan, onuň sözlerine görä, Durowyň Orsýetden gitmegi häzirki wagtda rus dilli sosial ulgamlarda 250 million adamyň peýdalanýan wajyp sosial ulgamy bolan VK-nyň abraýyna ýaramaz täsir ýetirer.