Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysmaýylowanyň türmeden boşadylmak mümkinçiligi ýok däl


Hatyja Ysmaýylowa.
Hatyja Ysmaýylowa.

Gowy alamatlara ynanylsa, onda Hatyja Ysmaýylowanyň türmeden boşadylmak mümkinçiligi ýok däl.

Azatlyk Radiosynyň derňeýji žurnalisti 25-nji maýda Azerbaýjanyň Ýokary sudunda özüniň 7, 5 ýyl tussaglyk möhletine garşylyk görkezer. Ýene üç günden hem Azerbaýjan köpsanly tussaglary boşatmak bilen özüniň "Respublika gününi" belleýär. Ownuk jenaýatlar sebäpli iş kesilen 3500 tussagyň boşadylmagyny teklip eden ýurduň prezidentiniň aýaly.

Yglan edilen günä geçiş Yslmaýylowa ýaly tussaglary öz içine almasa-da, onuň bu wakalardan peýdalanyp bilmegi mümkin.

Galyberse-de, ýaňy mart aýynda prezident 14 sany syýasy tussagyň, şol sanda adam hukuklary boýunça aktiwist Rasul Jafarow bilen ýaşlaryň demokratiýanyň tarapyny çalýan "NIDA" hereketiniň agzalarynyň-da günäsini geçdi. 15-nji tussag, adam hukuklary boýunça adwokat Intigam Aliýew hem ondan iki hepde soňra türmeden boşadyldy.

Bulardan başga-da günbatar hökümetleriniň we metbugat erkinligi ugrunda iş alyp barýan halkara guramalaryň edýän basyş kampaniýalary bar. Ysmaýylowanyň özi hem, appelýasyýasy ret edilen halatynda, Ýewropanyň adam hukuklary kazyýetine ýüz tutjakdygyny aýtdy.

Muňa garamazdan, prezident Ylham Aliýewiň öz pikirinden dänmegi hökman däl.

Azerbaýjan döwletine ýakyndan ýetik çeşmeler Ysmaýylowa we oppozisiýanyň başlygy Ilgar Mammedow ýaly tussag edilen hökümet tankytçylarynyň boşadylmak perspektiwasyna häkimiýet başyndaky elitanyň üstüne abanýan howp diýip garalýandygyny aýdýarlar.

Azerbaýjanyň Ýewropa Bileleşigindäki öňki ilçisi Arif Mämmedow şeýle diýýär: "Hakimiýetler, näme baha tölemeli hem bolsa, Ilgar bilen Hatyjany türmede saklamaga synanyşýarlar. Olara režime abanýan howp diýip garalýar, režim hem muny bilýär. Olar Ilgar bilen Hatyjanyň türmeden çykan badyna öz göreşlerini dowam etdirjekdiklerini-de bilýärler. Bularyň ikisiniň-de halkara derejesinde ep-esli täsirleri bar hem-de tanalýarlar. Olaryň boşadylmagynyň gijikdirilmegi geň zat däl".

Azebaýjanyň hususy eýeçilikdäki "Turan" habar gullugynyň başlygy Mehmet Aliýewiň bellemegine görä, Azerbaýjanyň prezidenti Günbatardan maliýe goldawyny isleýär. Bu barada Ysmaýylowanyň peýdaly bolmagy ähtimal. Ýöne başga zatlar-da bar.

"Meniň pikirimçe, ýygjam gepleşikler barýar. Hökümet hem şoňa laýyklykda göçüm edýär. Bu meseleler has ulurak zatlaryň bir bölegi - ykdysady krizisi çözmek, Garabag, regional howpsuzlyk. Azerbaýjanyň hökümeti Günbatar tarapdan käbir ynandyryjy hereketlere garaşýar, mysal üçin, karz pul. Munuň [häzirlikçe] bir aýdyň çözgüdi ýok".

Daşardan edilýän basyşlar gitdigiçe artmak bilen. Häzir tutuş dünýäde metbugat erkinliginiň aşaklaýan mahalynda Ysmaýylowa hüjüm astyndaky žurnalistikanyň iň tanymal şahsyýetine öwrüldi.

Azerbaýjanyň parlamentiniň Halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygy kanunçykaryjy Samed Saidow sud ulgamynyň işlerine daşardan garyşylmaly däl diýýär: "Daşardan edilýän basyşlaryň hiç biri netije berenok. Dogrymy aýtsam, bir garaşsyz döwletiň işlerine gatyşmak gowy däl. Sebäbi basyş näçe köp bolsa, döwletiň güýç-gudraty şonça peseler".

XS
SM
MD
LG