Kabul we Waşington ahyrynda Ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasyna (IHŞ) gol çekdi we bu ylalaşyk astynda 10 müň çemesi amerikan esgeri halkara söweş missiýasy 31-nji dekabrda tamamlanandan soňam Owganystanda galar.
Şu ýerde 30-njy sentýabrda gol çekilen şertnama barada bilmeli bäş zat bar.
ABŞ-nyň näçe esgeri we näçe wagtlyk galar?
IHŞ 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär we 2024-nji ýylyň ahyryna çenli we şondan hem soň, taraplaryň haýsam bolsa biri tarapyndan iki ýyl öňünden ýatyryljagy duýdurylmasa, güýjünde galýar.
Bu dokumentiň özi şu döwrüň içinde näçe amerikan esgeriniň Owganystanda bolmalydygyny kesgitlemeýär. Emma ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama maýda ol ýerde 31-nji dekabrdan soň diňe 9800 esgeriň boljagyny aýtdy. Şeýle-de ol bu sanyň 2015-nji ýylyň ahyryna çenli kesgin iki esse azaldyljagyny, 2016-njy ýylyň aýagyna çenli bolsa has kemeldiljegini aýtdy.
AP habar gullugy Waşingtonyň 2016-njy ýyldan soň, Kabulda owgan goşunyna geňeş berýän howpsuzlyk edarasynyň işgärlerinden ybarat, ýagny bir müňden sähel köpräk harby saklamagy planlaşdyrýandygyny aýdýar.
ABŞ-nyň esgerleri oOganystanda galýan ýeke-täk daşary ýurt goşunlary bolmaz.
Kabulyň şu hepde NATO bilen hem şuňa meňzeş şertnama baglaşmagyna garaşylýar we bu ylalaşyk astynda 4 müňden 5 müňe çenli esgeriň Owganystanda galdyrylmagy kanunlaşdyrylar. Olar esasan britaniýaly, germaniýaly, italiýaly we türkiýeli esgerler bolup, 2014-nji ýyldan soň Owganystanda söweş roluny oýnamasyz şertde saklanar.
Bu ýurtda birbada galjak daşary ýurt esgerleriniň sanynyň 14800-e çenli ýetjegini aňladýar.
ABŞ-nyň esgerleri näme üçin galýar?
ABŞ-nyň güýçleriniň IHŞ astyndaky missiýasy «Owganystanyň özygtyýarlylygyna abanýan içerki we daşarky howplaryň garşysynda durup bilmek ukybyny güýçlendirmekden» ybarat.
Bu Owganystanyň Milli goranyş we we Howpsuzlyk güýçlerine maslahat, tälim bermegi, olary enjamlaşdyrmagy we goldamagy öz içine alýar. Ýagny bu, zerur bolan halatynda, Goranmak we Içeri işler ministrliginiň garamagyndaky güýçleri, Milli howpsuzlyk müdirliginiň terrorçylyga garşy ýörite güýçlerini hem öz içine alýar.
Emma muňa garamazdan, möhüm ýeri, IHŞ «özara ylalaşyk bolmazdan, Birleşen Ştatlaryň güýçleri Owganystanda söweş operasiýalaryny geçirmez» diýýär. Muňa derek, onda owgan güýçlerini goldamaklyga, aňtaw maglumatlaryny paýlaşmaga, Owganystanyň harby howa güýçleriniň ukyp-başarnyklaryny ösdürmäge basyş edilýär.
Şuňa meňzeş, NATO-nyň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky täze missiýasy hem tälim bärmäge hem-de owgan goşunyny we polisiýasyny, söweş däl ýagdaýlarynda, goldamaga gönükdiriler.
IHŞ-nyň ozalky esasy maddalaryna näme boldy?
Owganystanyň ozalky prezidenti Hamid Karzaý IHŞ-a gol çekmekden boýun towlady. Sebäbi ol geljekki terrora garşy operasiýalarda ABŞ-nyň esgerleriniň owgan öýlerine girmegini bölekleýin gadagan etmek isledi. Bu onuň ABŞ-nyň güýçlerini harby operasiýalar mahalynda Owganystanyň asuda adamlaryny öldürmekde ýygy-ýygydan aýyplamagy bilen baglanyşyklydy.
Emma muňa garamazdan, Karzaý tarapyndan noýabrda IHŞ-nyň taslamasyna seretmek üçin çagyrylan Loýa jyrga esgerleriň öýlere girmek meselesini kabul ederlik hasaplady we prezidente ony kabul etmegi maslahat berdi.
30-njy sentýabrda gol çekilen şertnamada Birleşen Ştatlaryň goşunlarynyň «owgan halkynyň öz öýleriniň içinde hem sag-aman bolmagyna we howpsuzlygyna doly üns bermelidigi” gaýtalanýar.
Şeýle-de onda ABŞ-nyň terrora garşy operasiýalarynyň owgan hökümetine goldaw bermekden ybaratdygy nygtalýar we bu öýlere girmek ýaly operasiýalaryň başynda owgan güýçleriniň boljagyny aňladýar.
Ikinji bir mesele bolsa, Owganystanda galýan amerikan esgerleriniň owgan kanunçylygy tarapyndan jogapkärçilige çekilip bilinmezligi bilen baglydy, ýagny bu ýagdaý olar 2001-nji ýylda ýurda gireli bäri şeýledi.
IHŞ bu meselä Kabul «Owganystanda amerikan esgerleriniň islendik jenaýat işini etmegi ýa-da raýat kanun bozmasy babatda ýurisdiksiýanyň berjaý edilmegine Birleşen Ştatlaryň eksklýuziw hukugynyň bardygy bilen ylalaşýar» diýlip, göni jogap berýär.
Waşington diňe, eger talap edilse, jenaýatda aýyplanan esgeriň garşysyna gozgalan sud işi barada Kabuly habarly etmäge hem-de Owganystanyň wekilleriniň ABŞ-nyň harby sudlarynyň iş seljerişliklerine gatnaşyp bilmegi üçin tagalla etmäge borçlanýar.
Emma muňa garamazdan, IHŞ Owganystana Birleşen Ştatlaryň şertnama esasynda işleýän potratçy işgärlerini sud jogapkärçiligine çekmäge ygtyýar berýär.
Eger Kabul ABŞ-nyň esgerleriniň eldegrilmesizlik hukugy bilen ylalaşmasa, Waşington IHŞ-a gol çekmekden tasdan anyk ýagdaýda ýüz öwrerdi. Yragyň amerikan esgerlerine eldegrilmesizlik hukugyny bermekden ýüz öwürmegi Birleşen Ştatlaryň tälim beriji harbylarynyň bu ýurtda 2011-nji ýyldan soň hem galmak planyny bozdy.
Amerika Owganystany üçünji ýurtdan gorarmy?
IHŞ goranyş pakty däl we ol Birleşen Ştatlary Owganystany, eger başga bir döwlet üstüne çozsa, goramaga borçly etmeýär. Emma tekst Waşingtonyň islendik daşky agressiýa ýa-da daşky agressiýa howpuna çynlakaý alada bilen garamalydygyny aýdýar.
Şeýle-de onda, daşky agressiýa bolan ýagdaýynda, Waşington bilen Kabul «degerli gaýtawul bermek» üçin bilelikde işlemeli, şol sanda syýasy, harby we ykdysady çäreleri görmeli diýilýär.
ABŞ Owganystanda harby bazalaryny saklarmy?
IHŞ Birleşen Ştatlaryň güýçlerine bar bolan harby desgalary saklamaga hem-de, iki tarapyň hem ylalaşan ýagdaýynda, täze bazalaryň gurulmagyna ygtyýar berýär.
Karzaýyň geçen ýylyň maýynda Waşington dokuz baza isledi we men muny kabul etmedim diýendigine garamazdan, Birleşen Ştatlar Owganystanda hemişelik baza edinmek islemeýändigini gaýta-gaýta aýtdy.