Gündogar Ukrainada ýaraşyk baglaşylypdy. Onda Donetsk aeroportunyň töwereginde beýle kän söweş turmagynyň sebäbi näme?
Orsýetçi separatistler we Kiýewiň güýçleri gündogar Ukrainanyň köp böleginde ýaraşyk şertlerini saklaýarlar.
Emma Donetsk aýeroportunyň töwereginde welin, baglaşylan ýaraşygyň ýol almagy üçin, konflikti soňlamak synanyşygy hem ýok ýaly görünýär.
Aeroportuň töweregindäki separatistler gijelerine aeroportuň içindäki goşun pozisiýalaryny yzly-yzyna top okuna tutýarlar. Esgerler hem muňa özleriçe gaýtargy berýärler we olaryň atan oklary separatist söweşijileriň raketa, minomýot oklaryny ýagdyryp, derrew başga ýana çekilen ýaşaýyş nokatlaryna baryp düşýär.
Aýeroport şäher merkezinden bary-ýogy 10 km uzaklykda ýerleşýär we barha kän pitneçi hüjümine sezewar bolýar. Netijede, uçar meýdanynyň gözegçilik diňi ulanar ýaly bolmady, uçuş ýodalary bolsa top oklary bilen eleme-deşik edildi.
Emma söweş dowam edýär, sebäbi separatistler aeroporty ullakan simwoliki we strategiki ýer hasaplaýarlar.
"Separatistler öz respublikalarynyň garaşsyzlygy diýilýäni saklamak, alyp galmak bilen aşa gümra» diýip, Londondaky Patyşalygyň Birleşen gulluklar institutynyň (RUSI) rus harbylary boýunça eksperti Igor Sutýagin aýdýar.
"Onsoň sen ykrar edilen ýa edilmedik garaşsyz ýurt bolmak isleseň, saňa daşarky dünýä bilen baglanyşyk üçin ullakan aeroport gerek."
Şol bir wagtda bu aeroportuň harby ähmiýeti hem saklanyp galýar.
"Gös-göni harby ähmiýeti nukdaý nazardan, ol ýerde uçuş ýodalarynyň ýagdaýy bilen bagly mesele bar, sebäbi olar esli wagt bäri oka tutulýar” diýip, Londondaky howpsuzlyk institutynyň (IISS) harby eksperti Douglas Barriýe aýdýar.
"Emma uçuş ýodalaryny gaty çalt remont edip, derrew ulanar ýaly ýagdaýa getirip bolar, onsoň bu ýerde pitneçilere goranyş materialyny getirmek üçin koridor döretmek kyn bolmaz" diýip, ekspert aýdýar.
Şeýle-de ol separatistler Kiýewiň aeroporty öz peýdasy üçin ulanyp, ol ýerde harby baza döretmegini islemeýär, sebäbi bu separatistleriň jar eden paýtagtyna wehim salar diýýär.
Pitneçileriň howa güýçleri?
Separatistleriň bu aeroporta kontrollugy elden bermek islemezliginiň ýene bir sebäbi bar, bu olaryň söweş uçarlaryna eýe bolup bilmek ähtimallyklary bilen bagly. Eger bu başa barsa, olar Kiýew bilen has gujurly söweşip biljekler.
Olaryň söweş uçarlaryna eýe bolup-bolmajagy bolsa, dolulygyna Moskwa bagly.
Emma Moskwanyň bu ideýany oýlanyp-ölçerip görendiginiň käbir alamatlary bar we ol mümkinçiligi açyk saklaýar.
Ozalky harby ofiserlerden düzülen we özüni «Garşy duruş maglumaty» diýip atlandyrmak bilen, gündogar Ukraina we Orsýetiň golaýdaky etraplaryna gözegçilik edýän topar geçen aýda Orsýetiň Don boýundaky Rostow regionynda, käbir howa bazalarynda belgisiz söweş uçarlaryny görendigini habar berdi.
Analitikler Donetsk aeroportunyň zaýalanan uçuş ýodalaryny söweş uçarlary uçar ýaly edip bejermegiň gaty aňsat boljagyny, sebäbi söweş uçarlaryna diňe 500-600 metr uzynlykdaky uçuş ýodasynyň gerekdigini aýdýarlar. Donetsk uçar meýdanynyň uçuş ýodalarynyň uzynlygy bolsa, dolulygyna alnanda hem, bary-ýogy 4 km çemesidir.