Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Düşündiriş: Nebitiň arzanlamagy kime zyýan, nämä peýda?


Orsýet we çig nebitiň bahasy (Inforgrafika)
Orsýet we çig nebitiň bahasy (Inforgrafika)

Nebitiň bahasy iýun aýyndan bäri 20 prosent çemesi aşak gaçdy, bu ýagdaý Orsýet, Eýran ýaly nebit eksport edýän ýurtlar üçin ullakan aladadan habar berýär. Eýsem bu baha peselmesiniň arkasynda nämeler bar?

Iýunda her barreli 110 dollardan satylan ýokary hilli Brent nebitiniň bahasynyň oktýabrda 88 dollara aşak gaçmagy bilen, birden dünýä nebit bolçulygyna uçran ýaly göründi.

Bu 20 prosent arzanlama bolup, girdejileri esasan nebit eksportyna bagly bolan ýurtlaryň ykdysadyýeti üçin çynlakaý bir aladadan habar berýär.

Bu arzanlamanyň käbir sebäplerine seredip göreliň.

Nebitiň bahasy näme üçin arzanlaýar?

Dünýä bazarlaryndaky bahanyň iýundan bäri 20 prosent çemesi aşak gaçmagynyň iki sany esasy sebäbi bar.

Munuň bir sebäbi Birleşen Ştatlarda şeýl, ýagny slanes nebitiniň önümçiliginiň güýçlenmegi, her günde 1 million barrel şeýl nebitiniň öndürilmegi bilen bagly.

Birleşen Ştatlar şeýl nebitiniň önümçiligi netijesinde dünýäde iň uly nebit öndüriji bolan Saud Arabystanyndan hem öňe geçdi.

Birleşen Ştatlarda nebit öndürilmeginiň güýçlenmegi, OPEK ýurtlarynyň we Orsýetiň öndürýän nebitiniň üstüni ýetirip, bazarda nebit artykmaçlygyny döretdi we bu ýagdaý satyjylaryň bahalaryny arzanladyp, alyjy üstünde ýaryşmagyna alyp geldi.

Bahalaryň aşak gaçmagynyň ikinji sebäbi talabyň gowşamagy bilen bagly. Dünýäde ykdysady ösüşiň gowşamagy bilen, alyjylar öz etjek işlerini biraz çäklendirmeli bolýarlar.

Ykdysady ösüşiň haýallamagy esasan Ýewropada göze ilýär, Halkara pul fondy (IMF) Ýewro zonasynyň giňelişiniň iki ýyl ozalky çökgünligiň öwezini dolardan juda gowşak bolup galýandygyny aýdýar.

Bu ýagdaý Hytaýda hem görnetin bildirýär, Halkara pul fondy bu ýurduň şu ýyl maksat edinen 7.5 prosent ösüş derejesine ýetjege meňzemeýändigini aýdýar.

Haýsy ýurtlar has kän zyýan çeker?

Nebitiň bahasynyň arzanlamagy öz ýurtlarynyň ykdysady ösüşini üpjün etmekde esasan nebitiň ýokary bahadan satylmagyna daýanýan nebit öndüriji ýurtlara agyr deger.

Şeýle ýurtlaryň biri hem Orsýet, ekspertler rus hökümetiniň býujet deňargamlygyny saklap bilmegi üçin nebitiň her barreliniň bahasynyň 104 dollar çemesi bolmalydygyny aýdýarlar. Häzir rus nebitiniň her barreli 92 dollar çemesi bahadan satylýar.

ABŞ-nyň maliýe habarlar gullugy Bloombergiň maglumatlaryna görä, nebitiň her barreliniň ortaça bahasy 90 dollar bolanda, Orsýetiň býujet ýetmezçiligi 1.2 prosent bolar. Eger nebitiň bahasy ýene 10 dollar aşaklap, barreli 80 dollar bolsa, onda bu ýurduň býujet defisiti 2.4 prosent bolar.

2000-2011-nji ýyllarda Orsýetiň maliýe ministri bolan Alekseý Kudrin 13-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň "The Los Angeles Times" gazetine «nebitiň bahasynyň aşak gaçmagy ykdysadyýet üçin gysga möhletde uly urgy bolar» diýdi.

Nebitiň bahasynyň aşak gaçmagyndan zyýan çekjek ýurtlaryň ýene biri bolsa Eýran. Bu ýurduň öz býujetini deňagramlaşdyrmagy üçin nebitiň her barrelinden 140 dollar gazanmagy gerek.

Nebitiň arzanlamagyndan çürkenjek ýene bir ýurt bolsa Yrak, bu ýurduň öz ätiýaçlyklaryny ödemegi üçin nebitiň her barreliniň 106 dollar töweregi bolmagy gerek. Munuň üstesine, Bagdat iýundan bäri ýurduň esli territoriýasyny ele geçiren «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy göreş üçin hem köp harby çykdajy etmeli bolýar. Nebitiň bahasynyň aşaklamagy bu ýurduň barha müňzeýän hüjümlere garşy durmagyny has-da kynlaşdyrar.

Emma Saud Arabystanyna nebitiň bahasynyň aşak gaçmagyndan alada galmaýan ýaly bolup görünýär. Sebäbi diýseň, bu ýurduň býujetiniň deňagramlylygy üçin nebitiň her barreliniň bahasynyň 80 dollar çemesi bolmagy ýeterlik. Mundanam başga, nebiti kän bolansoň, bu ýurduň öz önümini has arzan bahadan satmaga-da gurby çatjak.

Kim peýda görer?

Nebitiň arzanlamagy öz döwletleriniň esasy girdejilerini nebitden alýan ýurtlara zyýanly hem bolsa, bu ýagdaý dünýä ykdysadyýetiniň ösmegi üçin peýdaly bolup biler.

«Capital Economicsiň», Londondaky maliýe konsultasiýasynyň maglumatlaryna görä, nebitiň bahasynyň 10 dollar aşak gaçmagy dünýäniň jemi içerki önüminiň 0.5 prosent ösmegine getirip biler.

"(Nebitiň has arzan bahasy) başda eýýämden birneme ösüşde bolan ykdysadyýete itergi berer» diýip, Çikagodaky «Mesirow Financialyň» baş ykdysatçysy Diana Swonk aýdýar.

Bu Birleşen Ştatlar, Hytaý, Hindistan ýaly häzir pozitiw ykdysady ösüşe eýe bolan ýurtlara peýdaly bolmaly. Nebitiň bahasynyň arzanrak bolmagy çyrçykdan saýlanýan Ýewro zonasynyň yzyna, çökgünlige gaýtmazlygy üçin bähbit bolar.

Emma nebitiň arzanlamagy bu ýurtlaryň islendigi üçin şowlulyk bolman hem biler, sebäbi bu arzanlaşyk dünýä ykdysadyýetiniň gowşan wagtyna, olaryň eksportyna bolan talabyň azalýan pursatyna gabat gelýär.

Halkara pul fondy 7-nji oktýabrda, Ýewro zonasynlaky gowşaklyk we täze döreýän bazarlaryň birnäçesindäki haýalamma sebäpli, özüniň global ykdysady ösüş baradaky çaklamalaryny peseltdi. Ol indi geljek ýyl global ykdysadyýetiň 3.8 prosent ösjegini aýtdy, iýulda bu çaklama 4 prosentdi.

Arzan baha täze kadamy?

Nebite bolan dünýä talabynyň ýokarlanmagy dünýä ykdysadyýetiniň gaýtadan galkynmagyna bagly bolup görünýär.

Emma hatda talaplar ýokarlanan ýagdaýynda hem, senagatlaşan ýurtlardaky täze çeşmeler, şeýl nebitiniň ýa-da beýleki netijeli tehnologiýalaryň önümçiligi nebit bazaryndaky bolçulyga ýardamçy bolsa, nebitiň bahasy gymmatlamaz.

Bu ýerdäki uly nämälimlik, eger-de nebitiň bahasy aşaklamagyny dowam etse, şeýl nebitini öndürijileriň näçe wagt işläp biljegi bilen bagly.

Ekspertleriň käbiriniň çaklamalaryna görä, eger nebitiň bahasy barreline 90 dollardan aşak bolsa, onda şeýl nebitini öndürmek ykdysady taýdan amatly bolmaz.

XS
SM
MD
LG