Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Gürjüstan we Moldowa ÝB bilen ylalaşyga gol çekdi


Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (öňdäki planda), ÝB Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barosso (arka planda), ÝB Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý we Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwili. Brýusel. 27-nji iýun, 2014 ý.
Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko (öňdäki planda), ÝB Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barosso (arka planda), ÝB Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý we Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwili. Brýusel. 27-nji iýun, 2014 ý.

27-nji iýunda ÝB bilen Ukraina, Gürjüstan we Moldowanyň arasynda örän ähmiýetli syýasy hem-de söwda ylalaşyklaryna gol çekildi. Agzalýan döwletler üçin bu ylalaşyk nämäni aňladýar we Orsýet bu ýagdaýa nähili reaksiýa görkezer?

Ukraina, Gürjüstan we Moldowa 27-nji iýunda Brýusselde örän ähmiýetli ylalaşyga gol çekmek bilen ÝB-e has ýakynlaşarlar. Bu ylalaşykda üns berilmeli käbir meseleler barada giňişleýin gürrüň edeliň.

Ukraina, Gürjüstan we Moldowa Brýussel bilen haýsy meseleler boýunça ylalaşyga gol çekdiler?

Ukraina ÝB bilen ykdysady gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek üçin “Çuňlaşdyrylan we Giň gerimli erkin söwda zolagy” ylalaşygyna gol çekdi. 21-nji martda Ukraina Assosiasiýa ylalaşygyna gol çekip, ÝB bilen syýasy gatnaşyklaryň ümzügini ilerledipdi.

Moldowa bilen Gürjüstan hem Assosiasiýa ylalaşygyna hem-de “Çuňlaşdyrylan we Giň gerimli erkin söwda zolagy” ylalaşyklaryna gol çekdiler.

Orsýet Ukrainadaky ýagdaýlara goşulansoň, bu döwletleriň ÝB bilen gatnaşyklary haýallapdy. Şonuň üçin 27-nji iýunda ylalaşyga gol çekilmeli diýlen karara gelindi. Aslynda agzalýan döwletleriň üçüsi hem ÝB-niň “Gündogardaky goňşular bilen partnýorçylyk” programmasyna girýän döwletlerdir.

Brýussel entek noýabr aýynda Wilnýusda geçirilen ýygnakda Kiýew bilen söwda we syýasy ugurlar boýunça ylalaşyklara gol çekmegi meýilleşdiripdi. Ýöne bu plan Orsýetiň basyşynyň täsirinden halas bolup bilmedik ozalky ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiç sebäpli yza çekilipdi.

Ukraina, Gürjüstan, Moldowa ylalaşyk baglaşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:59 0:00

Bu “yza çekişlik” soňlugy bilen Ýewromaýdan protestleriniň ýüze çykmagyna we Ýanukowiçiň režiminiň ýykylmagyna getiripdi. Orsýet Krymy anneksiýa edensoň ÝB mart aýynda Kiýew bilen syýasy gatnaşyklary giňeltmek ugrunda Assosiasiýa ylalaşygyna gol çekdi.

Brýussel Kişinew we Tbilisi bilen hem syýasy we söwda gatnaşyklaryny giňeltmek üçin ýylyň aýagyna çenli käbir ylalaşyklara gol çekişmegi meýilleşdiripdi. Wilnýusda geçirilen ýygnakda şu meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylypdy. Ýöne gol çekişlik prosesi Ukrainada dörän krizis sebäpli uzaga çekdi we taraplaryň hemmesi Moskwa prosese päsgel berer diýip çekinipdi.

Brýusselde ýerleşýän “Ýewropa syýasaty” institutynyň bilermeni Amanda Pol ylalaşyk barada şeýle diýýär: “Ýagdaýlar Orsýet Moldowa bilen Gürjüstana basyş eder diýen ikirjiňlenme sebäpli has çalt özgerdi. Olar Wilnýusdaky şol öňki senariniň täzeden gaýtalanmagyny we orslaryň bulagaýlyk çykaryp, özlerine basyş etmegini islemediler”.

Ukraina, Gürjüstan we Moldowa bu ylalaşykdan näme peýda görerler?

Agzalýan döwletler gysga wagtyň içinde ykdysady bähbitlere eýe bolarlar. Sebäbi ylalaşyga gol çekilmegi bilen bu döwletleriň üçüsi hem ÝB bazaryndaky 500 million müşderini gazandylar.

ÝB ilkinji etapda bu üç döwletden Ýewropa eksport edilýän harytlara degişli bolan gümrük salgydynyň möçberini azaldar. ÝB-niň gümrük salgydyny ilkibaşda aýyrmagy diýmek, ýola goýlan gatnaşyklaryň ilkinji ýyllarynda taraplara peýda getirer.

Muňa garamazdan, agzalýan üç döwlet Ýewropadan import edilýän harytlara degişli bolan gümrük salgydyny birbada aýryp bilmez. Şeýlelikde ÝB öz bazarlaryny ukrain harytlaryna ýedi ýylyň içinde açar. Kiýew bolsa üstümizdäki on ýylyň dowamynda öz bazarlaryny Ýewropa harytlaryna açar, 15 ýylyň dowamynda bolsa awtoulag sektoryna öz gapylaryny giňden açar.

Gümrük salgydynyň möçberiniň azaldylmagy bilen Brýussel bu üç döwletiň harytlarynyň Ýewropa bazaryna girmegini çaltlandyrar we harytlaryň hiliniň ÝB standartlaryna gabat getirilmegine ýardam berer.

Kiýewdäki “Nemes maslahat beriş toparynyň” başlygy Rikorda Guççi bu barada şeýle diýýär: “Hil barada gürrüň edenimizde, elbetde, azyk harytlarynyň hili ýokary bolmaly. Sebäbi adamlar azyk haryt satyn alanlarynda, onuň hilinden arkaýyn bolaslary gelýär. Hut şonuň üçinem ÝB-de azyk harytlarynyň howpsuzlygyna gaty uly üns berilýär. Ukrainadan Ýewropa Bileleşigine azyk harytlaryny eksport etmäge höwes bildirýän islendik ukrain kompaniýasy öz öndürýän harytlaryny Ýewropa standartlaryna gabat getirmeli bolar. Şonda olar öz harytlaryny Germaniýada, Beýik Britaniýada we Fransiýada satyp bilerler”.

Ykdysady bähbitler bilen bir hatarda bu agzalýan üç döwletiň haçanam bolsa bir gün ÝB-e agza bolmak hukugyna eýe bolmak mümkinçiligi artýar.

Ýewropa Geňeşiniň Daşary gatnaşyklar boýunça Sofiýadaky edarasynyň müdiri Dmitar Beçew soňky 15 ýylyň dowamynda ÝB-e goşulan Gündogar we Merkezi Ýewropadaky döwletler Bileleşigimiz bilen başlangyç gatnaşyklary ýola goýdular diýýär.

“Ýagdaý şeýle bolsa-da, Brýussel gelejekde nämeleriň boljakdygy barada hiç zady öňünden wada bermeýär. ÝB hemişe-de belli bir derejede näbelliligi başdan geçirýär. Bu ýagdaý “Ýewropadaky goňşular bilen gatnaşyk syýasaty” ýola goýlany bäri şeýle bolup galýar” diýip, ol öz sözleriniň üstüni ýetirýär.

Bu ylalaşyk agzalýan ýurtlaryň Orsýet bilen söwda gatnaşyklaryny çäklendirermi?

Moskwa bu üç döwleti öz ýolbaşçylygyndaky “Gümrük bileleşigine” agza etmek üçin basyş edipdi. Orsýet Gümrük bileleşigini ÝB-e alternatiw erkin-söwda zolagy hökmünde kabul edýär.

Moskwa [Ýewropa Bileleşigi bilen ykdysady ylalaşyga gol çekmek isleýän ýurtlara] syýasy basyşy güýçlendirmek üçin: “Eger-de bu üç döwlet ÝB bilen erkin söwda ylalaşyklaryna gol çekse, onda olar Orsýet bilen erkin söwda gatnaşyklaryny dowam etdirip bilmezler, sebäbi bu [biziň ykdysady bähbitlerimize] dogry gelmeýär” diýip, yzygiderli çykyş edipdi.

Ýöne synçylaryň aýtmaklaryna görä, Moskwa çynlakaý söwda çäklendirmelerini girizmäge derek diňe sözde basyş edip biler.

Pol bu barada şeýle diýýär: “Orsýet bilen erkin söwda gatnaşyklaryny dowam edip, şol bir wagtyň özünde ÝB bilen hem erkin söwda gatnaşyklaryny ýola goýup bolýar. Ýöne, eger-de Moskwa diňe döwletleriň Gümrük bileleşigine girmeklerini sorap, olaryň Moskwa bilen garaşsyz erkin söwda gatnaşyklaryna ýol bermese, onda bu ýagdaý mümkin däl. Ýöne bu ýagdaýa ÝB däl, orslar günäkär bolar”.

Agzalýan üç döwlet Brýussel bilenem Moskwa bilenem erkin söwda gatnaşyklaryny ýola goýup bilerler. Sebäbi Orsýetiň özi hem Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy.

XS
SM
MD
LG