Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosmosa iberilen ilçi


"Woýajer 1" gelioörtük regonyna girýär
"Woýajer 1" gelioörtük regonyna girýär
Adamzat taryhynda adam eli bilen ýasalan bir guralyň kosmosda munça ýoly arka atyp, munça uzaklara aralaşan mahaly ozal bolan zat däl. 36 ýyla golaý mundan ozal ýola düşen "Woýajer 1" Günüň hökümdarlyk täsiriniň gowşaýan regionlaryna ýaňy “aýak basdy”.

Bu kosmos zondunyň geçirýän ölçegleri Gün bilen ýyldyzara giňişligiň araçäkleri hasaplanýan bu giňişliklerde nämeleriň bolup geçýändigini çaklamaga mümkinçilik berýär.

1977-nji ýylyň sentýabr aýynda öz saparyna başlan "Woýajer 1" çak edilişinden has berk bem güýçli bolup çykdy. Ol şondan bäri ýoluny dyngysyz dowam etdirip, yzyny üzmän bärik maglumat iberýär.

2013-nji ýylyň 27-nji iýunynda "Science" žurnalynda ýerleşdirilen üç ylmy makalada alymlaryň ýazmagyna görä, häzir öz ýoluny Ýer bilen Günüň aralygynyň 124 essesine deň uzaklykda, Gün ulgamynyň serhetlerinde dowam etdirýän kosmos zondundan ylmy taýdan entek öwrenilmedik bu nätanyş region barada täsin maglumatlar gowuşýar.

"Woýajer 1" bilen Günüň häzirki aralygy 18.5 milliard kilometr. Onuň ekiztaýy "Woýajer 2" bolsa, geliosferadan entek çykanok, ol Günden 15 milliard kilometr uzaklykda. (Deňeşdirmek üçin: Ýer bilen Günüň aralygy 149 million kilometr çemesi).

"Woýajer 2-den" alnan surat
"Woýajer 2-den" alnan surat
Ýer planetasynyň ýaşaýjylaryna degişli kosmos gämileriniň arasynda ”Woýajer 1-iň” “aýak basan” regionyndan aňryk aşany entek ýok. Bu astrofizikler üçin zonduň bortundaky enjamlaryň kömegi bilen bu regiony barlap öwrenmäge bahasyna ýetip bolmajak pursatdyr.

“Woýajer 1” bilen “Woýajer 2” 1977-nji ýylda ýola düşdüler. Olar Ýupiter, Saturn, Uran we Neptun planetalaryna aýlanyp, 1990-nj yylda öz ýyldyzara missiýalaryna başladylar. Häzirki maksat geliosferanyň serhetlerinden aňrylara aşmak. Bu iki kosmos zondunyň missiaýasyna degişli işleriň ýene biri geliosferanyň çäkleriniň nirelere ýetýändigini anyklamak.

Günüň magnit täsiriniň soňlanýan regionyna - geliopauza - Gün ulgamynyň serhedi diýilýär. Bu ýerde Günden barýan üýtgewsiz bölejikler akymy aňyrdan ýyldyzara giňişlikden gelýän bölejikler bilen çaknyşyp, Günüň magnit meýdany yza serpikdirilýär. Astronomlar geliopauzadan bärdäki serhet etrabyny "heliosheath" (gelioörtük) diýip atlandyrýarlar. "Woýajer 1" bu regiona ýetse-de, ony entek terk etmedige meňzeýär.

“Adamzadyň iň uzakdaky çapary bolan ‘Woýajer 1’ ýyldyzara giňişlikden bärdäki iň soňky täsin regiony üns merkezine getirdi. Kosmiki şöhlelenme we energiýaly bölejikler baradaky maglumatlara aýratynlykda seredeniňde, 'Woýajer' ýyldyzara giňişlige ýetipdir diýip pikir edilmegi mümkin. Ýöne ylmy topar 'Woýajer' bu ýere entek ýetenok diýen pikirde, sebäbi biz heniz hem Günüň magnit meýdanynyň höküm sürýän ýerinde” diýip, "Woýajer" proýektiniň alymy Edward Stone (California Institute of Technology, Pasadena, United States) aýdýar.

Saturnyň daşyndaky çala görünýän halka
Saturnyň daşyndaky çala görünýän halka
Günüň “imperiýasy” - geliosfera iň azyndan 13 milliard kilometrlik meýdany öz içine alyp, biziň ulgamymyzyň ähli planetalarynyň çäklerinden has aňrylara geçýär. Bu ýerde Günüň magnit meýdany we Günden gözbaş alýan ionlaşan öwüsgin höküm sürýär. Geliosferadan daşardaky ýyldyzara giňişligi bolsa beýleki ýyldyzlardan gelýän materiýa bilen Akmaýanyň ýolundaky bize ýakyn regionyň magnit meýdany gurşap alýar.

”Woýajer 1-iň” geçiren ölçegleriniň görkezmegine görä, 2012-nji ýylyň 25-nji awgustynda Günden gelýän bölejikleriň sany öňküsinden müň esse aşaklap, ýyldyzara bölejikleriň sany 10 prosent artypdyr. Alymlaryň garaýşyça, bu kosmos zondunyň ýyldyzara giňişlige ýakynlaşandygynyň alamaty. Ýöne şol bir wagtyň özünde-de Günüň magnit meýdanynyň ugry üýtgänok. Bu hem ”Woýajer 1-iň” gelioörtükde bir garaşylmadyk regiona baryp ýetendigini gökezýär.

“Alty ýyl bäri belli bir derejede üýtgewsiz gelýän pes energiýaly ionlaryň akymy 25-nji awgustda üçünji gezek kesilip, soňra bütinleý gürüm-jürüm boldy. Magnit meýdany boýunça edilen ölçegler, bir tarapdan, 'Woýajer 1-iň' geliosferadadygyny görkezýärdi. Beýleki tarapdan bolsa, daşardan gelýän kosmiki şöhlelenmäniň ýygjamlygy ep-esli artdy” diýip, Stone aýdýar. “Bu gözlegler 'Woýajer 1-iň' ýyldyzara giňişlige däl-de, geliosferada bir täze regiona aralaşandygyny aňladýar”.

Edward Stonyň ýolbaşçylygyndaky ylmy toparyň düşündirmegine görä, bu region elektrik ýükli bölejiklere bir “magnit şaýoly” bolup hyzmat edýär. Bu ýolda Günüň magnit liniýasy bilen ýyldyzara meýdanyň liniýasy biri-birine çatylýar. Bu bolsa Günüň ozal, çarkandakly dar ýoldan ýörän ýaly, ikiýan elesläp gelen elektrik ýükli bölejiklerine ýokary tizlik bilen kosmosa göterilmäge mümkinçilik berýär.

Ömrüni soňlap gelýän ýyldyzlardan gelip çykýan pes energiýaly kosmiki şöhlelenmelere hem gözegçilik etmek alymlara ilkinji gezek şu regionda başardypdyr.

“Woýajer 1” henizem Günüň töwereginde bolsa-da, daşarky ýagdaýyň nähiliräkdigini az-kem çaklap bilýäris. Sebäbi bölejikler şu 'şaýol' arkaly ýokary tizlik bilen içeri girip, ýokary tizlik bilen daşary çykýarlar. Biz munuň ýyldyzara giňişlige tarap ýolda iň soňky etapdygyna ynanýarys” diýip, Stone NASA tarapyndan berlen bir bildirişde düşündiriş berýär.

1977-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda kosmosa uçurylan "Woýajer 1" sagatda takmynan 61.000 kilometr tizlik bilen hereket edýär. Aralygyň aşa uzakdygy sebäpli onuň iberýän radiosignallaryna Ýere gelip gowuşýança indi 17 sagat wagt gerek bolýar. Ýyldyzara giňişlige ýetjek bolsa, bu zonduň ýene näçeräk ýol aşmalydygyny alymlar takyk bilenoklar. Olaryň çaklamagyna görä, munuň ençeme aýa ýa ençeme ýyla çekmegi mümkin.

”Woýajer 1-den” iki hepde öň, ýagny 20-nji awgustda ýola düşen ”Woýajer 2-niň” tizligi sagatda 57.888 kilometr. Irräk ugradylandygy üçin, ol bu gün adamzadyň dowamly iň köp ulanyşda bolan zondy hasaplanýar.

Woýajerleriň häzirki işi ýeke Gün ulgamynyň çäklerini ölçemek däl. Olar ekzoplanetalylara, eger bar bolsalar, bizden bir habar hem alyp barýarlar. Olaryň ikisiniň-de bortunda Ýerdäki ýaşaýyş we medeni dürlüligi suratlandyrmak üçin ýörite saýlanyp alnan suratlary we ses ýazgylaryny öz içine alýan altyna gaplanan bir plastinka (Voyager Golden Record) bar. Umyt, haýsy-da bolsa, kosmosda bolaýmagy ähtimal aňly-düşünjeli ýaşaýyş formasyny adamzadyň bardygyndan, onuň Älemdäki ýerleşişinden habarly etmek.

Ýöne ýyldyzara giňişligiň tas çäksiz, zondlaryň hem juda kiçidigini, aýratyn-da olaryň ýaýradýan elektromagnit şöhlelenmesiniň, haýsy formada hem bolsa, iru-giç kesiljekdigini göz öňünde tutsaň, onda bu umydyň hasyl bolmak ähtimallygy ýok diýerlik.

Woýajerler bir kosmiki siwilizasiýa baryp gowuşýança planetamyz bilen birlikde biziň dargap gitmegimiz-de mümkin. Ýöne altyn plastinkanyň durumlylyk döwri, çak edilişine görä, 500 million ýyl. Diýmek, biz ýok bolup gitsek-de, ol birçak Älemiň bir çetinde Ýer diýip atlandyrylan bir ujypsyzja planetanyň bolandygyna, onda hem adamzat atly bir jandaryň ýaşandygyna 500 million ýyllap subutnama bolup biljek.


ÇEŞMELER

http://voyager.jpl.nasa.gov/
http://www.sciencemag.org/content/early/2013/06/26/science.1235451
http://www.nasa.gov/mission_pages/voyager/voyager20130627.html
http://www.spiegel.de/wissenschaft/weltall/voyager-1-seltsame-signale-vom-rand-des-sonnensystems-a-908161.html
http://www.pro-physik.de/details/news/4964431/Wo_noch_nie_eine_Raumsonde_zuvor_gewesen_ist.html
http://www.nytimes.com/2013/06/28/science/space/going-going-still-going-voyager-1-at-solar-systems-edge.html?_r=0
XS
SM
MD
LG