Şu günler täsin kosmos uçuşlaryny ýola goýmak bilen dünýäni geň galdyrýanlar Birleşen Ştatlar ýa Ýewropa Bileleşigi däl-de, adaty ýagdaýda bu missiýalary asla amala aşyryp biler öýdülmeýän ýurtlar.
Hindistanyň kosmos gullugy ISRO-nyň (Indian Space Research Organisation) zondy "Mangalýaan" Ýeriň daşyndan alty gezek doly aýlananyndan soň, ýaňy 1-nji dekabrda Marsa tarap gönükdi. 5-nji noýabrda ýola düşen agramy 1.350 kilogram bolan kosmos gämisi ýene on aýdan 680 million kilometrlik ýoly aşyp, Gyzyl planetanyň orbitasyna baryp ýeter.
Missiýanyň maksady 2014-nji ýylyň 24-nji sentýabryndan beýläk bu planetanyň daşynda aýlanyp, onuň atmosferasynda metan gazynyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklamak, şeýle hem planetanyň üstüni we mineral düzümini öwrenmek. Raketany Marsda gondurmak plany ýok.
Metan (CH4) Ýerde ýaşaýyş bilen berk baglanyşykly. Atmosferadaky metanyň uly bölegini öňdürýän janly organizmler. Marsyň daşyndan aýlanan kosmos gämilerinden we Ýerde gurnalan teleskoplardan alnan maglumatlara esaslanyp, ozal bu planetada hem CH4 bardyr diýen pikirden ugur alynýardy. Ýöne NASA-nyň Mars roweri "Curiosity" Gyzyl planetanyň atmosferasynda geçiren ölçeglerinde bu gazyň üstünden barmady.
"Mangalýaan" metan gazyny tapsa, onda munuň mümkin bolan çeşmeleriniň biri Mars topragygynyň jümmüşinde ýaşaýan mikroblar bolup biler. Ýöne CH4 geologik proseslerden, şol sanda wulkanizmden-de önüp bilýär.
Hindistan Mars missiýasy bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlary, oňki Sowet Soýuzy we Ýewropa Bileleşiginden soň özüniň Marsyň orbitasyna çykmaga tehnologik taýdan ukyplydygyny görkezmek isleýär. Ýöne, hökümetiň aýtmagyna görä, maksat ýaşlary uly işlere höweslendirmek.
Missiýa edilen çykdajy 4.5 milliard rupiýa (takmynan 73 million dollar) Amerikanyň 2013-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Gyzyl planeta ugradylan 671 million dollaryk zondy "MAVEN" (Mars Atmosphere and Volatile Evolution) bilen deňäniňde köp pul däl. Ýöne bu çykdajy Hindistanda höküm sürýän garyplyk göz öňünde tutulyp, tankytlanman durmady.
Hindistan kosmos programmasyna 50 ýyl mundan ozal başlady. 1974-nji ýylda ýadro ýaraglaryny synagdan geçirmegi netijesinde Günbataryň güýçli döwletleri ýurduň garşysyna sanksiýa girizensoň, ol öz raketa tehnologiýasyny ösdürdi. Bäş ýyl mundan ozal hem onuň "Çandraýaan" satelliti Aýda suw bardygyny ýüze çykardy.
Ýöne birek-birekden kem galmaly däl. Regionda Hindistanyň kosmos ýaryşlarynda esasy bäsdeşi Hytaý-da bar. Onuň hem kosmos gullugy CNSA (China National Space Administration) 2013-nji ýylyň 1-nji dekabrynda kosmos zondy "Çang’e 3-i” Aýa tarap ugratdy.
Hiç bir kynçylyk çykman, ähli zat oňuna bolsa, onda "Çang’e 3" planlaşdyrylyşy ýaly, 2013-nji ýylyň 14-nji dekabrynda baryp Aýa gonar. Onuň bortundaky rower "Ýutu" hem bu asman jisimi barada 3 aýlap ölçeg işlerini alyp barar, düşürilen suratlary we ölçegler arkaly edinilen maglumatlary Ýere iberer.
Hytaý ABŞ-dan we SSSR-den soň Aýda dolandyrylýan zondy gondurmagy başaran 3-nji ýurt bolarmy ýa-da ýok, bu 14-nji dekabrda belli bolar.
”Çang’e 3-den” öňki missiýalar "Çang’e 1" we "Çang’e 2" öz işlerini üstünlikli bitirdiler. "Çang’e 1" 2007-nji ýylda Aýa uçup, onuň daşyndan aýlandy, barlag işlerini geçireninden soň, 2009-njy ýylda, planlaşdyrylyşy ýaly, edil öňünden bellen ýerde onuň üstüne gaçdy.
2010-njy ýylda hem "Chang’e 2" 6 aýlap Aýyň daşyndan aýlanyp, soňra "Çang’e 3-e" gonmaga amatly ýer tapmak üçin onuň jikme-jik kartasyny düzdi. Şeýdip, "Çang’e 3-iň” saparyna taýýarlyk görüldi. Bu missiýa – Aýa edilýän 3-nji uçuş. Bu gezek maksat Ýeriň hemrasynyň diňe daşyndan aýlanmak däl, onuň üstüne gonmak.
Soňky gezek Aýa baryp gonan (adamsyz) 1976-njy ýylda Sowet Soýuzynyň zondy ”Luna 4” bolupdy.
Hytaýyň Aý programmasynyň indiki tapgyrlarynda bu asman jisiminden Ýere daş getirmek göz öňünde tutulýar. Hytaý alymlary Aýyň daşlaryndan geliý-3-i almak mümkinçiligini barlap görmek isleýärler. Munuň geljekde ýangyç üçin möhüm bolmagy mümkin. Hytaý 2020-nji ýyldan soň Aýa adam uçurmagy göz öňünde tutýar.
Aý bilen Ýeriň aralygy 400 müň kilometr. Ýagtylyk bu aralygy 1,3 sekundyň içinde geçýär. Hytaýyň "Çang’e 3" zonduna bolsa bu aralygy geçmek üçin 14 gün gerek.
ÇEŞMELER
Makalada öňe sürülýän pikirler awtoryň özüne degişli.

- http://www.spiegel.de/wissenschaft/weltall/china-startet-rakete-langer-marsch-3b-fuer-erste-mondmission-a-936662.html
- http://derstandard.at/1385169470920/Indiens-Marssonde-nach-Problemen-wieder-auf-dem-richtigen-Weghttp://www.cnbc.com/id/101236635
- http://www.salzburg.com/nachrichten/wissen/sn/artikel/indien-startete-erfolgreich-erste-marsmission-81220/
- http://www.berliner-zeitung.de/wissen/china-mondmission-mondsonde--chang-e-3--gestartet,10808894,25499550.html
- http://www.sterne-und-weltraum.de/news/chinesische-raumsonde-change-3-auf-dem-weg-zum-erdtrabanten/1215993
- http://www.theguardian.com/science/2013/nov/18/nasa-maven-mars-mission-launch-spacecraft