Biz bir ýagty Älemde ýaşaýarys. Gijelerine açyk howada ýönekeý göz bilen müňlerçe ýyldyzy görüp bilýäris. Bu ýyldyzlar Akmaýanyň Ýolunyň bize iň ýakyn kiçijik bir bölegini gurşap alýar. Teleskoplar bilen bolsa milliardlarça galaktikadan şöhle alýan has giňräk regionlary görüp bolýar.
Älemiň taryhynyň şu döwründe ýaşaýandygymyz üçin biz özümizi bagtly saýmaly. Sebäbi ol hemişe beýle ýagty bolmandyr. Onuň irki taryhynyň uzak döwründe garaňkylyk höküm sürüpdir. Ýyldyzlar, galaktikalar Uly Ýarylyşdan millionlarça ýyl geçensoň, peýda bolupdyrlar.
Ýöne bu geçiş nähili ýol alyp, garaňkylykdan ýagtylyga haçan geçildikä?
Ilkinji ýyldyzlar
Ilkinji ýyldyzlaryň doglan döwri Älemiň taryhyndaky möhüm salymlaryň biri. Şu wagta çenli gözegçilik etmek başardan iň irki döwürlerde uglerod (carbon) we kislorod (oxygen) ýaly agyr elementleriň ýokundylarynyň üstünden azda-kände hemişe barlypdy. Bu hem bu döwürleriň ýyldyzlaryň dogulmagyndan bärdäki döwürlerdigini aňladýardy.
Planetalar we, şonuň ýaly-da Ýer ýüzündäki ýaşaýyş, şeýle hem biz (adamzat) öz barlygymyz üçin şu agyr elementlere borçly. Bu agyr elemetler hem uly ýyldyzlaryň partlamagyndan dörän.
Alymlar golaýda Älemiň ilkinji milliard ýyllygyna degişli gazyň himiki düzümini anyklapdyrlar. Bu gazyň saldamly bölegi neýtral wodorod (hydrogen) atomlaryndan durýar. Munuň ýyldyzlaryň radiasiýasy kosmosy ionlaşadyrmazyndan öňki eranyň alamaty bolmagy mümkin. Galyberse-de, bu gazda agyr elementler ýok.
Bu ölçegi amala aşyran MIT-iň (Massachusetts Institute of Technology), Kaltehiň (California Institute of Technology), şeýle hem San Diegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň astrofizikleri.
Olar 2012-nji ýylyň 6-njy dekabrynda "Nature" halkara ylmy žurnalynda özleriniň Älemiň uzak geçmişini, ilkinji ýyldyzlaryň, galaktikalaryň döwrüni synlap, agyr elementlerden görnüp duran yz-sor ýok materiýanyň üstünden barandyklaryny bildiler.
Alymlar bu ölçegi amala aşyrmak üçin Ýerden 13 milliarddan hem köp ýagtylyk ýylyna barabar uzaklykda ýerleşýän bir kwazaryň (işjeň galaktikanyň özeni) şöhlesini analizläpdirler.
Bu kwazara edilen gözegçilikler alymlary Älemiň çagalyk eýýamyna, ony döreden iňňän güýçli partlamanyň üstünden ýaňy 750 million ýyl geçen döwre degişli suratlar bilen üpjün edipdir.
Kwazaryň şöhlesi analiz edilende, töwerekdäki gaz dumanlyklarynda agyr elementler tapylmandyr. Hut şundan hem bu kwazar Älemiň ilkinji ýyldyzlarynyň dörän döwürleri peýda bolandyr diýip, netije çykarylýar. Diýmek, bu kwazar bize uzak geçmişden galan ýadygärlik.
"Ilkinji ýyldyzlar Älemde aýry-aýry ýerlerde dörändir. Olaryň hemmesi bir wagtda lowurdap başlan däldirler. Ýöne bu ähli zadyň gyzykly bolup ugran döwri" diýip, MIT-iň fizik professory Robert Simkoe aýdýar.
Alymlaryň aglaba köplügi köp sanly teoretiki modellere esaslanyp, kosmosyň irki ösüş döwründe bolan hadysalaryň umumy yzygiderliligi barada özara ylalaşýarlar.
14 milliard ýyla golaý mundan ozal, indi "Uly Ýarylyş" diýlip atlandyrylýan aşa güýçli partlamanyň, ummasyz mukdardaky materiýany we energiýany daşyna atmagy, bölüp çykarmagy netijesinde Älem döräp, ýokary tizlik bilen giňelip ugrapdyr. Ondan soňraky döwürlerde bolsa, termoýadro reaksiýalarynda protonlar bilen neýtronlar çaknyşyp, wodorod (hydrogen), geliý (helium) emele gelipdir.
Wagtyň geçmegi bilen Älem sowap, ýadro reaksiýasynda bu esasy elementleriň döremegi togtansoň, wodorod kosmosyň agdyklyk edýän düzüm bölegi bolup galypdyr. Uglerod, kislorod ýaly agyr elementler bolsa ilkinji ýyldyzlar peýda bolanyndan soň döräpdir.
Astronomlar bizden uzak aralyklarda ýerleşýän asman jisimleriniň şöhlesini analizlemek bilen, ýyldyzlaryň haçan döremäge başlandygyny anyklamak boýunça köp işleri etdiler.
Kosmosda bir jisim bizden näçe uzak bolsa, onuň ýaşy şonça uly bolýar. Astronomlaryň şu çaka çenli gözegçilik edip bilen obýektleriniň iň ýaşulusynyň ýaşy 11 milliard ýyl töweregidi ýa-da şonuň bäri ýanydy. Bu obýektleriň ählisinde agyr elementleriň bardygy ýüze çykaryldy. Bu hem Älemiň taryhynyň bu döwründe ýyldyzlaryň köp bolandygyny ýa-da olaryň eýýäm düýpli ornaşandygyny görkezýärdi.
Professor Simkoe bu kwazaryň tapylmagy bilen özleriniň "wagtda yza tarap uly böküş edip", bütinleý bir täze zady ölçäp bilendiklerini belleýär.
Kwazaryň açylyşy
Agzalýan kwazar 2011-nji ýylyň awgust aýynda üsti açylyp, "ULAS J1120+0641" diýip atlandyryldy. Häzir bilinýän kwazarlaryň arasynda bize mundan uzagy ýok. "Arslan" diýip atlandyrylýan ýyldyzlar toplumynda ýerleşýän bu kwazaryň şöhlesiniň Ýere gelip ýetmegi üçin 12.9 milliard ýyl gerek bolýar.
Kwazaryň ýagtylygy bize tarap ýoldaka, biz bilen onuň arasyndaky giňişligiň uzalmagy netijesinde tolkunyň uzynlygy süýnüp, ol ýola düşmezinden öňki uzynlygynyň 7.08 essesine ýetipdir. Astronomlar muňa ”7.08 gyzyla tarap süýşme” diýýärler.
Gyzyla süýşme sebäpli – aslynda ultramelöwşe bolan radiasiýa bize infragyzyl tolkunyň uzynlygynda bolup gelýär. Infragyzyl spektri almak üçin Simkoe bilen onuň kärdeşleri Çilidäki Magellan teleskopuny ulanypdyrlar.
Sprektrometr gelýän ýagtylygy dürli tolkun uzynlyklaryna bölýär. "Her bir himiki elementiň öz ”barmak yzy” bolýar. Siňdirilen şöhläniň ülňüleri esasynda ol bize himiki elementiň düzümi barada maglumat berýär" diýip, professor Simkoe aýdýar.
Fizika boýunça professor John O'Mearanyň (St. Michael's College, Vermont, ABŞ) aýtmagyna görä, agyr elementleriň ýokdugyny tassyklamak üçin alymlar has uzakda ýerleşýän kwazarlary analizlemeli bolarlar, ýöne MIT toparynyň eden açyşy "Älemiň ýaşlyk döwri bardaky bilimimizi ilerletmekde ädilen bir güýçli hem möhüm ädimdir".
"Bu netijeden öň biz Älemiň bu ýaşdaky we agyr elementlerden boş regionlaryny görmändik. Şol sebäpden Älemiň elementar düzüminiň wagtyň geçmegi bilen nähili ösendigi baradaky düşünjämizde bir ýetmezçilik bardy. Bu açyşyň bizi Älemiň ýyldyzlary entek döretmedik seýrek ýagdaýy bilen üpjün etmegi mümkin" diýip, O'Meara aýdýar.
ÇEŞMELER:
1. http://www.nature.com/nature/journal/v492/n7427/full/nature11612.html
2. http://web.mit.edu/newsoffice/2012/when-the-first-stars-blinked-on-1205.html
3. http://www.sciencedaily.com/releases/2012/12/121205132405.htm
4. http://www.space.com/13572-early-stars-universe-massive.html