Alymlaryň pikiriçe, Gün ulgamyndan daşarda sözüň doly manysynda Ýere çalymdaş ýat planetalaryň tapylmagy adamzadyň öz Älemdäki orny barada täzeden oýlanyp, oňa täzeden baha bermegi üçin möhüm açyş bolmagy mümkin.
Astronomlar geçen birnäçe ýyllykda daş keşbi belli bir derejede Ýere gabat gelýän käbir ekzoplanetalaryň üstünden barsalar-da, biziň planetamyzyň hakyky "ekiztaýy" entek tapylanok. Ýöne bu hemişe beýle bolup galmajaga meňzeýär.
Puerto Riko uniwersitetinde "Planetary Habitability" laboratoriýasyna ýolbaşçylyk edýän professor Abel Mendez biziň Ýerimize çalymdaş ilkinji planetanyň üstüniň açylan ýyly bolar diýip, özüniň 2013-nji ýyla oňyn garaýandygyny 2012-nji ýylyň 27-nji dekabrynda "space.com" saýtyna beren interwýusynda aýtdy.
Açyşlaryň ýakyn taryhy
Astronomlar Güne meňzeş bir ýyldyzyň daşynda aýlanýan ilkinji ekzoplanetany 1995-nji ýylda tapdylar. Şondan bäri biziň Gün sistemamyzdan daşarky gözegçilik edilen dünýäleriň sany 800-den geçdi. Gözegçilikler arkaly indiki tassyklanmaly planetalaryň sany bolsa mundan-da köp.
Birleşen Ştatlaryň aeronawtika we kosmos agentligi bolan NASA-nyň kosmos teleskopy "Kepler" 2009-njy ýylyň mart aýynda gözlege çykaly bäri 2,300-den agdyk asman jisimini potensial planetalaryň sanawyna girizdi. Bularyň häzir tassyklanany 100 töweregi. Galanynyň planetadygy entek belli däl. Muny edilmeli indiki gözegçilikler görkezmeli. Ekspertler sanawdaky planetalaryň azyndan 80 prosenti tassyklanar diýip çaklaýarlar.
Tapylan ilkinji ekzoplanetalar Ýupiteriň ululygynda, ýöne öz ýyldyzyna juda ýakyn bolan we şol sebäpden hem üstünde aşa ýokary temperatura höküm sürýän planetalardy.
Ýyldyza ýakyn hem-de göwrümi uly bolansoň, olara gözegçilik etmek aňsat bolýardy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen täze enjamlaryň çykmagy we çylşyrymly tehnologiýadan peýdalanylmagy orbitasy öz ýyldyzyndan uzagrakda ýerleşýän Ýere has çalymdaş kiçeňräk planetalaryň hem tapylmagyna ýol açdy.
Mysal üçin, 2011-nji ýylyň dekabr aýynda "Kepler" Ýerden 2.4 esse uly bolan bir planetany tapdy. "Kepler-22b" diýip at berlen bu planeta bizden 600 ýagtylyk ýylyna deň uzaklykda ýerleşýän Güne meňzeş "Kepler-22" ýyldyzynyň ýaşamaga ýaramly zonasynda onuň daşynda aýlanýar. Bu hem akar suwuň, belki, ýaşaýşyň-da bolmagyna mümkinçilik berjek aralykdyr.
"Kepler" topary we şular ýaly gözlegler geçirýän beýleki toparlar "Kepler-22b" ýaly ýene birnäçe dünýä gözegçilik etdiler. Ýaşamaga gerekli şertleriň bar bolmagy mümkin hasaplanylýan ekzoplanetalaryň sany häzir 9.
Puerto Riko uniwersitetinde "Planetary Habitability" laboratoriýasyna ýolbaşçylyk edýän professor Abel Mendeziň “Ýaşamaga ýaramly ekzoplanetalar” katalogynda getirilýän asman jisimleriniň ählisi Ýeriň hakyky ekiztaýy bolardan uly. Şu wagta çenli tapylan planetalaryň arasynda ululygy Ýeriňkä deň planetalar barmak basyp sanardan-da az. Bularyň hemmesi hem öz ýyldyzyna aşa ýakyn. Şol sebäpden olarda ýaşaýyş bardyr öýdülenok.
Ýöne ýaşamaga ýaramly zonada ýerleşýän kiçeňräk, Ýer toparyna girýän planetalaryň üstünden barylmagy diňe bir wagt meselesi ýaly bolup görünýär. Muňa indi köp garaşmaly bolmaz diýip pikir edýän ýeke Mendez däl.
Täzelige garaşylýar
Ululygy, orbitasy we ýaşamaga ýaramly şertlere eýedigi gutarnykly subut edilen ilkinji ekzoplanetanyň tapylandygy baradaky habaryň 2013-njy ýylda bildirilmeginiň ähtimaldygyna astronomiýa boýunça Kaliforniýa uniwersitetiniň professory we "Kepler" toparynyň agzasy Jeff Marki-de ynanýar.
Mendez bilen Markiniň pikiriçe, bu açyşy eden "Kepler" bolar. Bu kosmos teleskopy, öz perspektiwasyndan garanyňda, planetalar ýyldyzyň öňünden geçenlerinde, şöhläniň peselmegini ölçemek arkaly, olary ýazga alýar.
Bu iş üçin oňa üç "tranzit" gerek, ýagny öwrenilýän planeta ýylydyzyň öňünden üç gezek geçeninde, oňa gözegçilik etmeli. Şol sebäpden, "Kepler" teleskopynyň deslapky açyşlaryna tranziti gysga wagtyň içinde gaýtalanýan planetalar girýärdi. Ýöne soňra wagtyň geçmegi bilen "Kepler" orbitasy uzak bolan planetalara-da gözegçilik edip ugrady.
Ýere çalymdaş planeta tapylar diýip umyt edýän astronomlaryň arasynda Älemde planetalaryň we ýyldyzlaryň aşa köpdügine bil baglaýanlar-da bar. Ýöne tapylmagy ähtimal ekzoplanetalaryň sany şeýle bir köp welin, olaryň hemmesini barlap görmek mümkin däl.
Käbir alymlar bu planetalary tapmak üçin Älemiň uzak künjeklerine gitmek gerek däl, olaryň biziň öz galaktikamyzda hem bolmagy ähtimal diýýärler.
"Çen-çak bilen aýdanyňda, Älemdäki 200 milliard ýyldyz iň azyndan 50 milliard planetany öz töwereginde saklaýar. Planetalaryň sany şundan köp bolsa köpdür, ýöne az däldir. Bularyň diňe on müňden biri Ýere çalymdaş bolanda-da, 5 million planeta bolýar" diýip, Britaniýanyň Hertfordshire uniwersitetinden Mikko Tuomi belleýär.
Tuomi 2012-nji ýylda ýaşamaga ýaramlydygy mümkin hasaplanylýan ençeme planetany açan topara ýolbaşçylyk etdi. Bu planetalaryň biri Ýerden 11.9 ýagtylyk ýylyna barabar uzaklykda ýerleşýän "Taw Kita" ýyldyzynyň daşynda aýlanýar.
"Biz iň azyndan müňlerçe şular ýaly planetanyň gürrüňini edýäris" diýip, Tuomi belleýär.
Ýöne alymlaryň arasynda Älemde ikinji Ýeriň bardygyna professor Mendeziň ynanyşy ýaly berk ynanmaýanlar-da bar. Mysal üçin, Birleşen Ştatlaryň Kolumbiýa uniwersitetiniň astrobiologiýa merkeziniň direktory, astronom Kaleb Şarfyň pikiriçe, haýsy hem bolsa bir ekzoplanetanyň Ýeriňki ýaly atmosferada ýeleşmegi onuň edil Ýer ýalydygyny aňladanok.
Bir planetanyň “Ýere çalymdaş” we “ýaşamaga ýaramly” bolmagy onda okeanlar, daglar we jülgeler bar diýildigi däl. Ol diňe bu planetanyň akar suwy buga ýa buza öwürmän saklap bilýändigini aňladýar. Köp astronomlaryň pikiriçe, haýsydyr bir planeta Ýeriň ekiztaýy diýilmezinden öň ol barada örän köp maglumat toplanmaly.
Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.
ÇEŞMELER:
1. http://news.discovery.com/space/first-alien-earth-will-be-found-in-2013-experts-say-121227.html
2. http://www.space.com/19044-alien-earth-exoplanets-2013.html
3. http://www.ibtimes.com/first-alien-earth-planet-astronomers-predict-well-find-one-2013-974362
4. http://global.christianpost.com/news/first-alien-earth-planet-could-be-found-in-2013-hopeful-scientists-say-87327/