Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

GAIA we Akmaýanyň ýolundaky ýyldyzlar


"Gaia" teleskopynyň suraty
"Gaia" teleskopynyň suraty
Ýewropanyň kosmos gullugy "ESA" özüniň "Gaia" (Global Astrometric Interferometer for Astrophysics) teleskopyny ýaňy-ýakynda, 2013-nji ýylyň 19-njy dekabrynda, merkezi Ýewropa wagty bilen sagat 10.12-de Fransuz Gwineýasyndaky Kuru kosmodromyndan Soýuz-STB-Fregat raketasy bilen kosmosa ugratdy.

GAIA-nyň etmeli işi bir milliard ýyldyza gözegçilik edip, Akmaýanyň ýolunyň we biziň galaktikadaky ornumyzyň iň uly, iň takyk kartasyny üç gerimde düzmek. Ol Ýerden 1.5 million kilometr uzaklykda ýerleşýän "Lagranž nokady 2" (L2) diýilýän ýerde ornaşanyndan soň 2014-nji ýylyň maý aýyndan beýläk Ýeriň kölegesinde bolup, tutuş ýylyň dowamynda Günden, Ýerden ýa Aýdan päsgelsiz gözegçilik işini alyp barar.

Astronomlar toplanan maglumatlar öz galaktikamyz, şeýle hem ondan aňyrdaky Älem giňişligi baradaky düşünjämizi "rewolýusion derejede özgerder” diýýärler.

Agramy iki tonna bolan zond iki teleskop bilen jemi bir milliard ýyldyzyň (Akmaýanyň ýolundaky ýyldyzlaryň bir prosenti) takyk ornuny, reňkini we ýagtylygyny ýazga geçirer. Başga zatlar bilen birlikde olaryň himiki düzümini ýüze çykarmak üçin hem ol bu ýyldyzlaryň takmynan ondan biriniň şöhlelenme spektrini anyklar.

Biziň galaktikamyz kiçi-girim zat däl. Ondaky ýyldyzlaryň bir prosentinden ýokarsyny gözden geçirmek tehnologik taýdan täze iň çylşyrymly enjam bolan GAIA-da başardanok.

Akmaýanyň ýolunyň diametri takmynan 100.000 ýagtylyk ýylyna deň, galyňlygy bolsa 3000 bilen 16.000 ýagtylyk ýyly (bir ýagtylyk ýyly 9.460.730.472.580,8 km) aralygynda diýip çaklanýar. Ol baradaky iň bärkije soraglara-da takyk jogap ýok. Ýöne bir zat welin tas belli diýse-de bolar – biziň galaktikamyzda ýüz milliard töweregi Gün bar.

Bularyň ujypsyzja bölejigini-de barlamak aňsat iş däl. "Gaia" günde takmynan 40 million ölçeg işini geçirip, 50 gigabaýt çemesi maglumaty Ýere ibermeli. Bu ýerde ESA-nyň Nýu Norsiýadaky (Awstraliýa), Sebrerosdaky (Ispaniýa), Malarguedäki (Argentina) 35 metrlik antennalary GAIA-nyň iberjek signallaryna garaşýarlar. Missiýany dolandyrýan bolsa Ýewropanyň Darmstadtdaky (Germaniýa) kontrollyk merkezi "ESOC" (European Space Operations Centre).

Ähli zat planlaşdyrylyşy ýaly gitse, onda bu iş 5 ýyllap dowam edip, GAIA edilen gözlegleri 70 gezek gaýtalamak bilen, bu ýyldyzlaryň aralygyny, tizligini, ugruny we hereketini hasaplap, astronomlara biziň Akmaýanyň ýolundaky regionymyzyň üç gerimli kartasyny düzmäge ýol açar.

ESA-nyň hasaplamagyna görä, tutuş missiýanyň dowamynda geçirilen 900 milliard gözlegiň netijesinde alnan maglumatlar jemi bir petabaýta (1015 Baýt = 1.000.000.000.000.000 Baýt) deň bolar. Ýazga geçirilmegi üçin 200.000 DVD gerek bolan bu maglumatlar gelip, 6 sany hasaplaýyş merkezine gowşar.

Kembrij uniwersitetiniň astronomiýa institutynyň professory Gerri Gilmoryň çaklamagyna görä, ilkinji 3 gerimli kartalar ýene iki ýyldan taýyn bolar: "Kartalary 3 gerimde taýýarlamak üçin çylşyrymly algoritmler utgaşdyrylmaly. Biz hereketde, ýyldyzlar hereketde, töwereginde planeta bar bolsa, ýyldyzlar hem-de sandyrar. Onsoň bu hereketleriň üçüsini-de hasaba almaly bolar. Ýöne edil şu titremäni barlamak bilen biz ýyldyzlaryň töweregindäki on müňlerçe planetanyň üstüni açmagy başararys."

Missiýa edilen çykdajy – bir milliard dollar – az pul däl. Onsoň ol munça harajaty ödärmikä?

"Bu biziň galaktikamyzda ýerleşýän bir milliard ýyldyzyň sanawy bolar. Alnan netijeler biziň kosmos baradaky düşünjämizi ozal asla mümkin bolmadyk derejede özgerder" diýip, professor Gilmor aýdýar.

Gilmor soňra: "Biziň ol ýerdäki zatlar hakdaky düşünjämiz görüp bilýän zatlarymyza seredip, çykarylan netijeler. Ähli zada göz aýlap, ol ýerde näme zatlaryň bardygyny, olaryň özara gatnaşykda nirelerde ýerleşýändigini bilmek üçin şu çaka hakyky mümkinçiligimiz asla bolmandy. Biz bilmeýan zatlarymyzyň näçeräkdigini-de bilemzok. Ol ýerde entek ady-da ýok obýektleriň bardygy şübhesiz" diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Missiýada esasy roly oýnaýan Fransiýanyň kosmos barlaglary baradaky milli merkezi CNES-niň (Centre national d’études spatiales) başlygy Jean-Yves Le Gallyň bellemegine görä-de, "Gaia" güýçli depgin bilen alnyp barlan 9 ýyllyk işiň kulminasiýa nokady. Ol Äleme, onuň taryhyna we kanunlaryna düşünmekde bize adatdan daşary öňegişliklere ýol açar.

Her bir asman jisimi öz dörän döwründen her halda nämedir bir zatlary saklap galýar. "Gaia" asmany diňe häzirki görnüşinde karta geçirmek bilen çäklenmez, ol milliardlarça ýyl mundan öňki geçmişe göz aýlamaga-da mümkinçilik berer.

Bu missiýa ýyldyzlary karta geçirmek üçin gurnalan ilkinji kosmos missiýasy däl. ESA-nyň ozal 1989-njy ýylda uçuran satelliti "Hipparkos" 2 milliondan agdyk ýyldyzyň ornuny ýokary derejedäki takyklyk bilen ýazga geçirip bilmese-de, 100 müňden gowrak ýyldyz barasynda bu işi doly ýerine ýetirip bildi. Ol iň soňunda hem 325 ýagtylyk ýylyna deň uzaklykda ýerleşýän ýyldyzlaryň ählisiniň, şeýle hem 3250 ýagtylyk ýylyna deň uzaklykdaky ýylpyldysy güýçli ýyldyzlaryň aralyklaryny ölçedi.

Täze zond bolsa asman jisimleriniň ornuny Hipparkosyňkydan 200 esseden köp takyklyk bilen ölçäp bilýär. Ýöne ondan başga zatlara-da garaşylýar. Ol täze kosmiki obýektleriň, şol sanda:

  • Gün ulgamynda sany 250 müňe çenli bolan näbelli asteroidleriň we kometalaryň,
  • aşa uzakdaky aktiw galaktiklaryň ýadrosyny emele gitirýän ýüz müňlerçe kwazaryň,
  • planeta sistemalary bilen birlikde müňlerçe ekzoplanetanyň,
  • müňlerçe partlaýan ýyldyzlaryň,
  • on müňlerçe karlik goňur ýyldyzlaryň-da üstüni açmaly.

Ýöne GAIA-nyň hakyky ähmiýeti ilkinji nobatda onuň Akmaýanyň ýolundaky ýyldyzlardan iberjek maglumatlaryna daýanýar. Astronomlar şol maglumatlaryň üsti bilen biziň galaktikamyzyň nädip döräp, nähili ösendigini bilmegi umyt edýärler.

Çeşmeler:

http://www.esa.int/Our_Activities/Space_Science/Gaia
http://phys.org/news/2013-12-europe-billion-dollar-milky-telescope.html
http://www.spiegel.de/wissenschaft/weltall/esa-sonde-Gaia-soll-3-d-karte-der-milchstrasse-zeichnen-a-939886.html
http://www.space.com/24020-Gaia-galaxy-mapping-spacecraft-launch.html
http://www.scinexx.de/wissen-aktuell-17033-2013-12-19.html
http://www.astronews.com/news/artikel/2013/12/1312-026.shtml
XS
SM
MD
LG