Amerikan uniwersitetlerinde okaýan türkmen studentleriniň goýberilmezligi, Türkmenistandaky güýçler babatda dürli soraglary döretdi.
Iň bärkisi geljek ýyla çenli Türkmenistanyň tebigy gazynyň Orsýete akmajakdygyny Orsýet metbugaty, hususan-da, “Wedomosti” gazeti habar berdi.
Berdimuhamedow howpsuzlyk işgärlerine eden gutlagynda olary Gökdepe söweşiniň gahrymanlarynyň edermenliginden ruhlanmaga çagyrdy.
Türkmenistanyň möhüm hasaplaýan meselesini Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji sessiýasynda gozgady.
Samandepede gaz turbasynyň gurluşygynda türkmenler bilen hytaýlylaryň arasynda bolan çaknyşyga çynlakaý hadysa hökmünde baha-da berip bolar.
Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde täze “Galkynyş eýýamynyň” özi bilen alyp gelýän gymmatlyklary barada gürrüň edilip ugraldy.
Medwedewiň Türkmenistana sapary gaz söwdasynyň ýaňadan başlanyp-başlanmajakdygy baradaky soragyň yzyna ýene bir sorag alamatyny goýdy.
Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň birinde türkmen prezidenti Ukrainaly kärdeşiniň Aşgabada saparyna pugta taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Orsýetiň prezidenti Medwedewiň Türkmenistana sapary Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda iň uzaga çeken konfliktiň fonunda geçjege meňzeýär.
Kanunyň öňünde hemmeleriň deňligi barasynda Türkmenistanyň resmi doktrinasy diňe ýurduň graždanlaryna däl, başlyklyk ediji býurokratiýa-da gönükdirilýär.
Türkmenistanyň Hazar deňziniň hukuk durumyny kesgitlemek bilen bagly prosesi çaltlandyrmak boýunça synanyşyklary häzirlikçe goldaw tapmady.
Heniz Bolgariýa sapary taýýarlanýan wagty prezident Gurbanguly Berdimuhamedow özüni bu ýurtdaky turizmiň ösüşiniň gyzyklandyrýandygyny aýdypdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýä sapary Türkmen prezidentiniň nobatdaky daşary ýurt syýahaty, goňşularyna görünmesi däldir.
Ençeme ýyllardan soň, Türkmenistanyň örän möhüm aragatnaşyk obýekti – Amyderýanyň üstünden demirýol köprüsiniň gurluşygy tamamlandy.
Türkmenistanyň ýaýradýan resmi habarlarynda ykdysadyýetiň hususy sektorynyň işleýşi hem-de ösüşi bilen bagly maglumatlar seýrek duş gelýär.
Eger Türkmenistanda-da kanunlaryň berjaý edilişine döwlet çinownikleri gözegçilik etse, şol kanunlaryň bozulmajakdygyna nähili kepil bar?
Kontrabanda, terrorizme we neşe gaçakçylygyna garşy göreşmekden başga-da, serhetçiler polisiýanyň wezipesine girýän işleri-de ýerine ýetirmeli bolýarlar.
Ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň Baş kanunynyň täze redaksiýasynda ylmy kommentariýalary maslahat etmek barada konferensiýa boldy.
ÝHHG-niň gatnaşmagynda Aşgabatda “Sud prosessleriniň amala aşyrylyşynda halkara standartlary” ady bilen ýörite seminar geçirildi.
Geçen Ýekşenbe güni paýtagt Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň ýedinji Mejlisi boldy.
Ýene-de ýükle