Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabada zerurmy ýa-da Moskwa?


Narodetski:"Türkmen ýolbaşçylary emele gelen mümkinçilikden peýdalanyp, öz ýurduny has-da garaşsyz edip bilermi? "
Narodetski:"Türkmen ýolbaşçylary emele gelen mümkinçilikden peýdalanyp, öz ýurduny has-da garaşsyz edip bilermi? "
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedewiň Türkmenistana sapary Aşgabat bilen Moskwanyň arasynda iň uzaga çeken konfliktiň fonunda geçjege meňzeýär.

Dogrusy, Orsýetiň prezidentiniň Türkmenistana gelmegine öňünden aýratyn bir uly taýýarlyk, dabara alamatlary duýulmaýar, adatça, daşary ýurtlardan gelýän aýry-aýry abraýly myhmanlar aýratyn hormat bilen kabul edilýär. Ýöne Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýuşenkonyň Aşgabada saparyna ýörite taýýarlyk görülýär.

Orsýet prezidentiniň saparynyň guraksylygynyň özüne ýetesi sebäpleri bar. Taraplaryň ikisi-de yglan edilmedik uruş ýagdaýynda. Ýöne daşyndan rahat görünmäge çalyşýarlar.

Gaz turbasyndaky partlama

Bäş aý mundan öň ýagdaý diýseň dartgynlaşdy. Çaknyşyk birek-birege dil üstünden günä ýüklemek bilen çäklenmändi. Aradaky gapma-garşylyk takyk meselede döräpdi. Şu ýylyň aprel aýynyň başynda gaz turbasynda bolan partlama türkmen gazynyň Orsýete akmasyny doly togtadypdy. Birsalymda Aşgabat iş ýüzünde iň esasy gaz müşderisini ýitiripdi.

Türkmenistan üçin, göräýmäge, iň ýakymsyz pursatlar başlanypdy. Türkmenistanyň eksportynda gaz söwdasy birinji orunda durup, Aşgabat esasy girdejisinden mahrum bolupdy. Ýöne betbagçylyk, tragediýa ýüze çykmady. Däp bolup gelýän gaz monopolistiniň ýok bolmagy Aşgabatda dowul döretmedi. Gaýta, tersine, bu ýagdaý Orsýet üçin, Orsýet ýolbaşçylary üçin garaşylmadyk ýagdaý boldy.

Orsýete gaz satmazdan Türkmenistan näçe wagtlap oňup biler? Aşgabat Orsýete gaz satmagy dikeltmek üçin islendik barlyşyga gitmezmi? - diýen soraglary halkara synçylary ençeme gezek berdiler.

Görlüp oturylsa, Moskwa bilen konflikt türkmen ýolbaşçylaryny birneme ekezlendiripdir. Ol Türkmenistany gujurly, hiç bir plany ýaşyrman, gaz söwdasynyň täze ýollaryny agtarmaga iterdi. Hut Moskwa bilen konflikt täze, diýseň güýçli syýasy hem ykdysady partnýory iş ýüzünde regiona ýakynlaşdyrdy. Aşgabat şu ýylyň ahyrynda Hytaýa gaz akdyryp başlamaga taýýarlyk görýär.

Kime zerur boldy?

Regiondaky monopoliýasyny hiç kim bilen, onda-da Pekin bilen bölüşmek plany bolmadyk Moskwa Hytaýyň bu ýere gelmegine ýardam etdimi? Orsýet ýolbaşçylary Aşgabada täze güýç berip, onuň bilen gepleşikleri has-da çylşyrymlaşdyrandygyna düşünmeýärmi? Ýene bir uly sorag - syýasy hem gaz gepleşiklerini dikeltmek şu günki gün kime - Aşgabada zerurmy ýa Moskwa?

Köp synçylar emele gelen häzirki ýagdaýdan taraplaryň ikisiniň-de peýdalanyp, gatnaşyklary kadalaşdyrmak, başartsa, ony özara bähbitli gatnaşyklara öwürmek isleýändigini belleýärler. Hazar problemalaryny aradan aýyrymak, onuň hukuk durumyny, statusyny kesgitlemekde hemmeden öňde hereket edýän Türkmenistan şu meseleleriň çözgüdine Orsýeti çekmäge synanyşar.

“Nabukko” proýektiniň täsirini Orsýetiň duýjakdygy baradaky habarlar peýda bolýar. Azerbeýjan bilen aradaky dawwaly ýataklar meselesinde Orsýet Azerbeýjana täsir ýetirip, beýleki kaspiýaka döwletleri dil tapyşmaga yrsa, bu ideýanyň Türkmenistan üçin oňyn taraplary bar.

Belki-de, şu günki gün Aşgabat-Moskwa gatnaşyklarynda iň esasy zat - güýç ulanmak ýoluny aradan aýryp, özara bähbitli, parahatçylykly gatnaşyklary dikeltmegiň zerurdygyna taraplaryň düşünmegi hem belli bir karara gelmegidir. Orsýet diýseň açyk işdäsine haý diýip bilermi? Türkmen ýolbaşçylary emele gelen mümkinçilikden peýdalanyp, öz ýurduny has-da garaşsyz edip bilermi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG