Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medeniýet ministrligi göz ýumýarmy?


Narodetski:"Akademiýanyň içinde bolup geçýän köp wakalary adamlar täze “Galkynyş eýýamy” bilen hiç baglanyşdyryp bilmeýärdiler."
Narodetski:"Akademiýanyň içinde bolup geçýän köp wakalary adamlar täze “Galkynyş eýýamy” bilen hiç baglanyşdyryp bilmeýärdiler."
“Ruhnama” bagyşlanan resmi dabaralar bilen bagly Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdelerinde täze “Galkynyş eýýamynyň” özi bilen alyp gelýän gymmatlyklary barasynda ýene-de gürrüň edilip ugraldy. Resmi propaganda Türkmenbaşy döwründe ýurduň başdan geçiren kynçylyklarynyň sowlup, düýpli özgerişleriň başlanandygy baradaky tezisi her taraplaýyn mazamlaýar. Gös-göni Nyýazowy tankyt etmeseler-de, ony ýatlabam duranoklar. “Ruhnamanyň” awtory diýip yglan edileniň adyny tutmajak bolýarlar. Ol kitaba häzir halkyň, köpçüligiň döreden eserem diýýärler.

Hakykatdan-da, diňe bir ýurduň içindäki adamlaryň köpüsi däl, daşardaky garaşsyz çeşmelerem göze ilýän özgerişleriň ýurtda bardygyny tassyklaýarlar. Ol Türkmenistanyň sungaty bilen bagly käbir meselelerde-de görünýär. Iň bärkisi ýapylan operanyň ýaňadan dikeldilmegini alyp göreliň. Birnäçe ýylyň dowamynda türkmenistanlylar ozal operanyň ýok edilmegi bilen bagly hasraty başdan geçiren bolsalar, soň onuň açylmagy bilen şatlyk duýgularyna gaplandylar. Edil şunuň ýaly ýagdaý türkmen sirki bilen bagly-da bolupdy. Ol hem Nyýazow dünýäsini täzelänsoň dikeldildi, täzeden açyldy. Bularyň hemmesi gowy mysallar, ýurduň içindäkilerem, daşary ýurtlardakylaram şu gowy başlangyjyň, gowulyga tarap özgerişleriň dowam etjekdigine, yza – garaňky diktatura tarap ýoluň ymykly gömlendigine umyt baglaýarlar.

Birnäçe aý mundan öň türkmen ýolbaşçylary Milli Çeperçilik Akademiýasyndan çykan signallara gaty çalt reaksiýa bildiripdi. Akademiýanyň içinde bolup geçýän köp wakalary adamlar täze “Galkynyş eýýamy” bilen hiç baglanyşdyryp bilmeýärdiler. Tersine, ol ýerde bolup geçýän wakalaryň köpüsi köne döwre mahsus bolan alamatlara, Akademiýanyň ýolbaşçylarynyň jenaýatçylykly eden-etdiliklerine şaýatlyk edýärdi. Garyndaşparazlyk, maşgala bolup düşewüntli ýerleri eýelemek, parahorluk, gepiň tümmek ýeri, Nyýazow döwrüne has bolan ähli galplyklar akademiýada gülläp ösýärdi. Türkmen häkimiýetleri halkyň nägileligini duýdy, sesini eşitdi.

Hudožnikler guramasy

Ýurduň içinden syzyp çykýan maglumatlara görä, şu günki gün Türkmenistanyň Hudožnikler guramasy-da Nyýazow döwrüniň elhençliklerini başdan geçirýär. Guramanyň ýönekeý agzalary bu guramada höküm sürýän ýolbaşçylaryň kömürden gara ahlagy barasynda gürrüň edýärler. “Medeniýet ministrligi bu bolýan zatlara göz ýumýar” diýenlerinde, guramanyň ýönekeý agzalary mamlamy? Şu günki gün açyk tankyt etmek ýa şikaýat bilen degişli organlara ýüz tutmak näderejede howpsuz? Hut şonuň üçinem Hudojnikler guramasynda bolup geçýän wakalar barasyndaky gürrüňler köne tertipde - birek-biregiň gulagyna çawuş çakmak arkaly köpçülige ýaýraýar.

Guramadaky bolup geçýän wakalar, onuň işgärleriniň başdan geçirýän ahwalatlary baradaky gürrüňler döwlet goşulyşmazyndan öňki Çeperçilik Akademiýasynyň ýagdaýyndan tapawutlanmaýar. Kemçilikler toplumy edil öňküniň taýy. Şol bir kowum-garyndaşlar, para-peşgeş, maliýe galplyklary. Döredijilik baradaky pikirler, döredijilikli ýaryş soňky orunlara süýşürilipdir. Olaryň ornuny özara intrigalar eýeläpdir. Bu darkaşda ýolbaşça kim ýakyn durýan bolsa, şolam ýeňiş gazanýar.

Bu gürrüňler köne sowetler eýýamynda gunçalan, Nyýazow döwründe parlap açylyp, diktatorlyk donuny geýen syýasy ýagdaýlary ýatlatmaýarmy? Bu aýdylýanlar prezidentiň nämeleriň garşysyna göreşmelidigi barasynda watandaşlaryna edýän çagyryşlaryna bap gelip durmanmy? Ýa-da çagyryşlar bir zat, ýerlerde real ýagdaý – başga zatmyka? Şunuň bilen bagly soraglar yzly-yzyna peýda bolýar. Şol sowallara diňe ýurduň graždanlary jogap berip bilerler. Täze galkynyşa çagyryşlar hemişe aşakda, ýerlerde köpçüligiň goldawy bilen pugtalandyrylýarmy? Täze döwlet doktrinasyna Türkmenistanyň Hudožnikler guramasy nähili seslendikä? Guramanyň döredijilik güýçleri ýurtdaky özgerişleri näderejede duýduka? Bu prosese nähili gatnaşýarka?

Aýdylýan ýa-da gorkusyna sesini çykaryp bilmän, ýönekeý işgärleriň çawuş çakýan aladalaryna guramanyň ýolbaşçylary gulak gabardýarmy? Uly möçberde bu gürrüňi edilýän ýagdaýlar diňe Hudojnikler guramasyna degişlimi ýa-da bular barasynda heniz özgerişler başlanmanka, ýurduň beýleki döwlet gurluşlary, guramalary we edaralary barasynda-da gürrün edip bolarmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG