Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hususy eýeçilik barada az aýdylýar


Aşgabadyň "Sergi köşgünde" geçirilen "Türkmengurluşyk-2009" atly halkara sergisinde ”Ak Tam” türkmen firmasynyň burçy.
Aşgabadyň "Sergi köşgünde" geçirilen "Türkmengurluşyk-2009" atly halkara sergisinde ”Ak Tam” türkmen firmasynyň burçy.

Türkmenistanyň ýaýradýan resmi habarlarynda ykdysadyýetiň hususy sektorynyň ösüşi bilen bagly maglumatlar seýrek duş gelýär. Döwlet telekeçiligi barasynda welin, maglumatlar gaty köp, şonuň üçin olary deňeşdirmegem mümkin däl.

Şu nukdaýnazardan seredilende, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň häzirki proýektlere dürli görnüşdäki ýerli gurluşyk kärhanalarynyñ gatnaşdyryljakdygy baradaky informasiýasy sensasiýa häsiýetli bolup görünýär. Bu ýagdaý hususy telekeçilileriň mümkinçliklerini hem örüşini giňeltse gerek. Indi olara “daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda tenderlere gatnaşmaga rugsat berilýär”.

Hususy firmalar ýol bermek

Ýakynda hususyýetçiler harby gullukçylar üçin birnäçe ýaşaýyş jaýyny gurmak boýunça Goranmak ministrliginden teklip alypdyr. “Dürli ýaz” hem “Doganlar” atly hususy türkmen firmalary halkara tenderde ýeňiji bolupdyr. Ýurduň ykdysady sektoryna hususy firmalary çekmek işi häzirlikçe köpçülikleýin häsiýete eýe däl. Bu bolsa, hususy sektoryň häzir Türkmenistanda ýaňy döräp gelýändigini aňladyp biler.

Gazagystanda ýa Ukrainada ýa-da Orsýyetde göze ilýän hususy sektoryň ösüş depginine ýeterden heniz Türkmenistan gaty daşda. Ýöne welin, atlary agzalan döwletlerem, Türkmenistanam garaşsyzlygynynyň gözbaşyny 1991-nji ýyldan alyp gaýdýarlar. Türkmenistanyňky başdan paşmady. Garaşsyzlyk S.Nyýazowyň eline düşdi, ol ykdysadyýetem goşmak bilen ýurduñ durmuşyny tutuşlygyna öz gysymyna gysdy hem öz erkine daňyp goýdy.

Ýurtda häkimiýet çalşansoň, edil beýleki postsowet döwletlerinde bolşy ýaly, hususy eýeçiligiň giňden ornaşdyryljakdygyna umytlar döredi. Ýolbaşçylaryň berýän gowy wadalary, ýurtdaky özgerişler şu günki gün hususy sektorda-da görünýärmi? Ýurdy izolýasiýadan, ýapyklykdan alyp çykmak, halkara demokratik tejribeleri hasaba almak bilen gündelik durmuşda tutuş standartlar toplumyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda hususy sektoryñ ümzügi öňemi?

Telewideniýe tankyt edildi

Ýakynda hökümet maslahatynda prezident ýurduň milli telewideniýesiniň işini, baş kanaly ýiti tankyt etdi. G Berdimuhamedow programmalaryň gyzykly däldigini, döredijilik gözlegleriniň ýokdugyny, gepleşikleriň hiliniň pesdigini, mazmunyň ýaramazdygyny hem häzirki zaman derejesine we günüň talaplaryna bap gelmeýändigini nygtady.

Başgaça aýdylanda, dogtorlaryň syrkawalara diagnoz goýşy ýaly telewideniýä diagnoz goýdy. Ol ölüp barýan hassa. Eger dünýä tejribelerine ýüzlenilse, prezident hut şoňa-da aýak direýär, onda milli telewideniýäniň derdiniň ötüşip gitmegine ýurtda hususy telekanallaryň ýoklugy sebäp bolan bolaýmasyn? Dünýäniň köp ýurtlarynda hut hususy telekanallar sagdyn bäsdeşlik döredip, gepleşikleriň hilini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Köp sanly hususy köpçülikleýin habar serişdeleri demokratik ýurtlarda bäsdeşlik-konkurensiýa döredýärler.

Prezident tarapyndan “Altyn asyr: Türkmenistan” telekanalynyň direktory Maksat Altaýewe yglan edilen käýinç gepleşikleriň hiliniň ýokarlanmagyna, telekanalyň işgärleriniň döredijilik inisiatiwasynyň joşmagyna getirermi?

Ýakyn wagtlarda prezident Altaýewi başga bir adam bilen çalyşmaly bolmazmy? Şol bir tora indiki geljegiň düşmejekdigine nähili kepil bar? Eger ýurtda döredijilik bäsdeşligi bolmasa, gepleşikleriň mazmunyny hem hilini gowulandyryp bolarmy? Hususy inisiatiwa bolmazdan, häzirki zaman döredijilik prosesini kadalaşdyrmak, sazlamak mümkinmi?

Şol inisiatiwalar ýokardan däl-de, aşakdan, hususy telekeçilerden, ýönekeý döredijilik adamlaryndan çykmaly. Bu häzir Türkmenistanda mümkinmi? Şu wagt azam bolsa, döwlet hususy kärhanalary ykdysadyýetiň döwlet sektory bilen deň derejede bäsleşip biljek köpçülikleýin ykdysady herekete öwrülip bilermi? Bu işden Türkmenistanda kim gorkýar? Dünýäniň tas ähli ýurtlarynda ykdysadyýetiň şahsy inisitawa esasynda gurulýan wagty şol gorky haçan yza teser? Türkmenistan göre-bile gaýtadan bialaç ýagdaýda – ýañy çykmaga ymtylýan ýalňyzlygyna, şol öňki üzňeligine ýüz urmazmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG