Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Erkinlik bolmasa turizm hem bolmaz”


Narodetski: "Beýik, gelşikli binalar, baglar bar, adam ýok."
Narodetski: "Beýik, gelşikli binalar, baglar bar, adam ýok."
Heniz Bolgariýa sapary taýýarlanýan wagty Gurbanguly Berdimuhamedow özüni bu ýurtda turizmiň ösüşiniň gyzyklandyrýandygyny aýdypdy. Şol gyzyklanma bu ugurdan Türkmenistanda gyzgalaňly dowam edýän kampaniýa bilen sazlaşyp gidýär. Turizm senagatynda bolgar tejribesi Ýewropada görelde alar ýaly derejede. Gara deňiz kenaryndaky bolgar kurortlary kontinentiň köp ýurtlarynyň turistlerini özüne çekýär.

“Emma olar erkinlik beripdi”

Ýöne doly bahaly ösüş üçin mümkinçilige Bolgariýa Gündogar Ýewropada kommunistik sistema dargandan soň eýe boldy. Şol azatlyk, erkinlik bilen bir wagtda Bolgariýa daşarky dünýä üçin serhetleri açmakda aýgytly ädimler ätdi. Adamlar ýurda erkin gelmäge hem ýurtdan erkin çykmaga doly mümkinçilik aldylar. Hereket azatlygy bilen bolgar graždanlary-da, daşary ýurtlular-de deň derejede üpjün edildi. Şeýle şert bolmasa Bolgariýa kommunistik zamandaky ýagdaýynda galardy.

Gürrüňi edilýän döwürde ýurduň serhetleri gulp astynda saklanylýardy, ýurda girmekde hem çykmakda päsgelçilikleriň birgideni bardy. Şol böwetlere, päsgelçiliklere gözegçilik edýän milli howpsuzlyk komitetidi. Edil şonuň ýaly sistemany graşsyzlyk ýyllary Türkmenistanda S.Nyýazow ösdüripdi hem pugtalandyrypdy. Käbir ugurlar boýunça ýapyklygy SSSR döwündäkidenem gazaply derejä çykarypdy.

Bolgariýa ýaly üstünlik gazanyp bilermi?

Türkmenistan turizm boýunça bolgar tejribelerini kabul edip aljak, özünde ornaşdyrjak bolsa, olaryň açyklyk boýunça tejribesini dolulygyna kabul etmeli bolar, şol erkinlik hem açyklyk bolgar turizminiň ösüşini kepillendiripdi. Türkmenistan ýurda gelip-gitmegiň düzgünlerini üýtgetmezden, turizmde Bolgariýanyňky ýaly üstünlik gazanyp bilermi? Serhetde kemsidiji barlaglar, köp sanly päsgelçilikler şertinde syýahatçylyk ösermi? Hereket erkinligi üpjün edilmezden, turizmi ösdürmek boýunça edilýän tagallalar puç bolup çykmazmy?

Býurokratlaryň we polisiýanyň gözegçiliginden halas bolan ýurtlara , diňe şol ýurtlara syýahatçylaryň kowçum-kowçum bolup gelýändigine dünýä praktikasy şaýatlyk edýär. Ýakynda Türkmenistanyň resmi internet saýty “Türkmenistan: altyn asyr” Kaspiniň kenarynda gurulýan kurort zolagy Awazadan fotoreportaž çap etdi. Reportažda Kaspiniň kenarynda kaşaň binalary gurmak ideýasy barasynda owadandan owadan, ýakymlydan ýakymly sözler bar.

Adamlar göze ilenok

Bu iş başlanypdyr, birnäçe kaşaň myhmanhana gurlup, taýýaram edilipdir. Olary çap edilen suratlarda görmek mümkin. Suratlarda görünmeýän, göze ilmeýän zat bar bolsa ol – adamlar. Beýik, gelşikli binalar, baglar bar, adam ýok. Tötänden şeýle suratlar ýerleşdirilipmi ýa Awaza dynç alyş toplumynda gündiz eliň çyraly gözleseňem adam ýokmy? Ol ýere bosup barýan syýahatçylar barmy, eger ýok bolsa, adamlary ol ýere barmakdan näme saklaýar?

Köpler üçin elýeterli bolmadyk baha üçin türkmenistanlylaryň ol ýerde dynç alyp bilmezligi mümkin. Belki, serhetleriň ýapyklygy üçin halkara turizmi bu kurorta ýol salyp bilýän däldir? Aňymyzda, hyýalymyzda bir eksperiment geçrip göreliň: Bolgariýanyň serhetlerini ýapyk şekilde göz öňüne getireli. Bolgariýanyň Gara deňiz kenaryndaky kurortlary fotoreportažda şekillendirilen Türkmenistanyň Awaza dynç alyş toplumy ýaly iňlär siňeksiz, çöllük bolup galmazmy?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG