Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokarda düşnüksiz zatlar bolup geçýär


Narodetski: "Bu waka ozaly bilen ýurduň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň mynasybeti bilen bagly ýüze çykan bolaýmasyn?"
Narodetski: "Bu waka ozaly bilen ýurduň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň mynasybeti bilen bagly ýüze çykan bolaýmasyn?"

Köp synçylaryň pikiriçe, Bolgariýadaky we Gyrgyzystandaky amerikan uniwersitetlerinde okaýan türkmen studentleriniň ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizilmegi Türkmenistany daşarky dünýä üçin açmaga Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýykgyn etmesine ters gelýär.

Türkmen ýolbaşçylarynyň ol ýa beýleki bir karary kabul edişi ýokary gatlakda bolup geçýän wakalar baradaky maglumatyň ýetmezçilik etmegi dowam edip gelýän ýagdaý. Orän ýakyn wagtlarda käbir ýokary wezipelerde kadrlar çalşygy bolaýmagy-da ähtimal.

Türkmen prezidenti ýakynda Amerika baryp, BMG-niň Baş Assambleýasynda üstünlikli çykyş etdi. Ol ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton bilen duşuşdy.

Asla garaşylmaýardy

Dogrusyny aýtsak, şol duşuşykda-da studentler meselesi gozgalypdy. Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda haýsydyr bir dartgynlylyk bolar, ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy studentleriň okuwa goýberilmezligi bilen bagly açyk çykyş eder, beýannama ýaýradar diýlip, asla garaşylmaýardy, ol wakalaryň alamatlary duýulmaýardy.

Bolup geçen wakanyň kontekstinde: “Şol gadaganlyk baradaky karara prezidentiň özi gol goýdumy ýa onuň golastyndakylaryň çykarýan hokgasymy?” diýen sorag döreýär.

Ýokarda bir düşnüksiz ýagdaýlar bolup geçýär. Amerikan ilçihanasy öz beýannamasynda studentleriň okuwa gitmegine rugsat etmäge prinsipde türkmen häkimiýetleriniň garşy bolmandygy bellenilipdir. Diýmek, ýokarda kimdir biriniň bu meseläni başgaça, özüçe çözen bolmagy mümkin.

Bu waka ozaly bilen ýurduň ýolbaşçylygyndaky güýçleriň mynasybeti bilen bagly ýüze çykan bolaýmasyn?

Häkimiýetdäki täsirli topar

Halkara synçylary häkimiýetiň içki shemasyna baha berenlerinde, prezidente täsir edip bilýän birnäçe toparyň bardygyny, şol toparlaryň biriniň has-da agramlydygyny belleýärler.

Şol topara girýän ýolbaşçylaryň köpüsi Saparmyrat Nyýazow döwründe häkimiýete gelen adamlar. Haýsydyr bir ýol bilen hut özlerine ýaramaz täsir ýetirer diýen gorky sebäpli olar reformalara garşy hereket edip bilermi?

Synçylaryň arasynda bolmagy mümkin senaride Kreml faktorynyň gizlin rol oýnap biljekdiginiň gürrüňi edilýär. Nyýazowdan galan toparyň käbir wekilleri Moskwa bilen hyzmatdaşlyga ýykgyn edýärler, Aşgabat bilen Waşingtonyň arasynda dartgynlylygyň bolmagy Orsýet ýolbaşçylarynyň isleýän zady, göwün küýsegi.

Studentleriň daşary ýurtlara okuwa gitmegine gadaganlyk girizmek baradaky karar Waşington bilen hoşniýetli hem konstruktiw gepleşikler geçirmekde G.Berdimuhamedow üçin kynçylyklar, päsgelçilikler döreder.

Gaty gymmat bolmazmy?

Ol bary-ýogy 50-60 student üçin üstünlikli ösýän türkmen-amerikan gatnaşyklaryny töwekgellige salyp bilermi? Bu hereketiň bahasy gaty gymmat bolmazmy? Türkmenistanyň esasy syýasy hem ykdysady partnýorlarynyň biri bilen deňeşdirilende, 50 student meselesiniň ýurt derejesinde agramy agyr gelermi?

Prezidentiň çykyşlarynda geljekki planlary amala aşyrmakda häli-şindi gaýtalaýan açyklyk syýasatyna ýolbaşçylaryň arasynda badak atýan kimkä? Studentler bilen bu dawaly wakany G.Berdimuhamedow ünssüz galdyrarmy ýa-da ony islendik özgerişe garşy çykýanlary, has-da beteri Kremliň oýnuny oýnamak isleýänleri, ýolbaşçylykdan çykaryp taşlamak üçin ulanarmy?

Bu wakalar energetik meselede Moskwanyň açyk dil ýarmazlyk taktikasyny dowam etdirýän wagtyna gabat geldi. Gorbaçýowyň perestroýkasy wagty häkimiýetiň ýokary gatlaklarynda reformalara garşy durýan adamlar, reformalaryň ýiti garşydaşlary SSSR-iň lideriniň töwereginde-de bardy.

Türkmen perestroýkasy ösüp, bat alyp başladymy ýa-da ýokarda onuň azatlyga böwsüp çykmagyna ýol bermeýän güýçler ýeterlikmi?

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG