Owgan prezidenti Hamid Karzaý amerikan güýçlerini bu ýurtdaky harby operasiýalaryny azaltmaklyga çagyrmak bilen, Günbatar ýurtlarda käbir ýiti reaksiýalary döretdi.
Moskwanyň özünde-de media erkinliginiň ýagdaýy ýaramaz welin, ýöne has ýamany onuň öz zyýanyny tutuş öňki sowet giňişligine ýetirýänliginde.
Ýewropa Bileleşigine agza bolmak üçin dalaş edýän ýurtlaryň agzalyga kabul edilmegi ugrunda eden işleri barada ýörite hasabat ýaýradyldy.
Ýewropa Bileleşigi garaşsyz media we oppozisiýa edilýän basyşy bes etdirmek üçin ukraine prezidenti W.Ýanukowiçe görkezýän gysyşyny artdyrdy.
ÝB-niň adalat baradaky komissary Fransiýanyň sygan milletinden bolan migrantlary ýurtdan kowmagyny ýiti ýazgardy.
Ýewropa Bileleşiginiň gezekleşilip ýerine ýetirilýän prezidentligi 1-nji iýuldan beýläk Ispaniýadan Belgiýa geçdi.
ÝB-niň Brýusselde başlanan sammitinde sowulman gelýän ykdysady kynçylyklar we Eýran barada gürrüň ediler.
Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň ilçileri Bileleşigiň Moskwa bilen daşary syýasy hyzmatdaşlygy güýçlendirmek teklibini maslahat edýärler.
Aýdylyşyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katherine Aşton Bileleşigiň Günorta Kawkaz we Moldowa boýunça ýörite wekilçilik ornuny ýatyrmagy teklip edipdir. Bu göçüme Bileleşigiň gündogar goňşulary bilen bolan gyzyklanmasynyň azalmagy diýip, baha berilýär.
Ýewropa Bileleşigi “grek tragediýasy” diýilýäne bir çözgüt tapmak üçin iki aýa golaý bäri çekeleşip gelýär. Bu ýurduň 300 milliard ýewro töweregi (ýyllyk tutuş içeri önüminden-de köp) bergisi bar. Muny täzeden maliýeleşdirmek üçin oňa bir aýyň içinde 20 milliard ýewro gerek.
Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Katerin Aştonyň 10-njy martda Ýewropa parlamentinde eden çykyşynda adamlara ýetiren täzeligi bolmady. Ýewropa Bileleşiginiň Birleşen Ştatlar ýa Orsýet ýaly strategik partnýorlar bilen nähili iş salyşmalydygy barada orta atylan täze pikir ýok.
Boks terminleri bilen aýdylanda, Ýewropa Bileleşigi nokaut boldy. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama nobatdaky ABŞ-ÝB sammitine gatnaşmajakdygyny aýdanyndan soň, ýakynda Lissabon şertnamasyny kabul eden Bileleşik bu hepde oňaýsyz ýagdaýda galdy.
Ýewropa Bilelşiginiň Ösüş boýunça komissary Karel de Gucht Gaitä sapary barada maglumat berer. Bileleşigiň ýokary derejeli wekili Katerina Aşton ABŞ-nyň we BMG-niň geçiren sapary hakynda çykyş eder.
ÝB-niň energiýa meselesi boýunça täze saýlanan komissary Guenter Oettinger Ýewropa parlamentiniň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde eden çykyşynda bileleşigiň Russiýa bilen öz gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrmazdan, oňa bolan energiýa garaşlylygyndan çykmalydygyny nygtady.
Anna güni NATO-Orsýet geňeşi 2008-nji ýylyň awgust aýyndaky ors-gürji çaknyşygyndan bäri ilkinji gezek duşuşdy.
Penşenbe güni gije geçirilen ÝB-niň adatdan daşary sammiti garaşylmadyk ýagdaýda tamamlandy. Ýewropanyň syýasy sahnasynda kän bir tanalmaýan iki şahsyýet lider saýlandy.
ÝB özüne agza däl ýurtlaryň garşysyna jeza sanksiýalaryny ulanmak baradaky geň taryhy uzak ömür sürmejege meňzeýär.
Özbegistana garşy girizilen sanksiýalaryň ýatyrylanyna bir ýyla golaý wagt geçensoň, Ýewropa Bileleşigi bu ýurt bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga synanyşýar.
13-nji iýulda Türkiýäniň paýtagty Ankarada Ýewropa Birleşiginiň dört agzasy we Türkiýe taryhy ylalaşyga gol çekip, NABUCCO proýektiniň durmuşa geçirilmegine ýol açdylar.
ÝB özüniň Ukraina bilen bolan gatnaşyklary babatda sabyr käsesiniň dolýandygyny syzdyrdy. ÝB-däki resmiler we syýasatçylar Kiýewe bolan goldawyň azalýandygyny aýdýarlar.
Ýene-de ýükle