Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň prezidentligi Belgiýa geçdi


Belgiýanyň premýer-ministri Iwes Leterme (sagda) we daşary işler ministri Stiwen Wanakere ÝB-niň baş edarasynda, Brýussel, 25-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Belgiýanyň premýer-ministri Iwes Leterme (sagda) we daşary işler ministri Stiwen Wanakere ÝB-niň baş edarasynda, Brýussel, 25-nji iýun, 2010-njy ýyl.

Ýewropa Bileleşiginiň gezekleşilip ýerine ýetirilýän prezidentligi 1-nji iýuldan beýläk Ispaniýadan Belgiýa geçdi.

Özüniň alty aý möhletli prezidentlik döwründe Belgiýanyň ilkinji nobatda üns berjegi – ykdysady krizis, şeýle hem Bileleşigiň Ýewropanyň Daşary hereket gullugy diýlip atlandyrylýan diplomatik organyny ýola goýmak bolar diýip, çak edilýär.

Bu ýagdaý daşary syýasy meseleler, aýratyn-da gündogardaky goňşular meselesiniň 2011-nji ýylda prezidentlik Wengriýa we Polşa geçýänçä, yza süýşmegini aňladýan bolsa gerek.

Daşary hereket gullugy

Öten hepde Bileleşige agza döwletler bilen Bileleşigiň merkezi edaralarynyň arasynda Ýewropanyň Daşary hereket gullugyna üstümizdäki ýylyň aýagyna çenli gurlup, öz işine başlamaly diýlip ylalaşyldy.

Belgiýanyň daşary işler ministri Stiwen Wanakere öten hepde özüniň Bileleşigiň Umumy işler geňeşine ýolbaşçylyk etjek döwründe ilki bilen Daşary hereket gullugynyň ýola goýulmagy ugrunda çalyşjakdygyny bildirdi.

“Men bu işiň Ýewropanyň dünýädäki roly we täsir üçin gaty möhümdigine ynanýaryn. Üstümizdäki ýylyň 1-nji dekabryna çenli Bileleşigiň baş diplomaty Katerine Aşton bu wezipede bir ýylyny dolduranda Daşary hereket gullugy real hakykata öwrüler diýip, pikir edýärin” diýip, Wanakere aýtdy.

Lissabon Şertnamasynda döredilmeli edilen “Ýewropanyň Daşary hereket gullugy” özbaşdak iş alyp barman, 27 agza döwletiň bilelikde berýän buýruklaryny amala aşyrar.

Wanekereniň sözlerine görä, “Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler ministrlerini öz içine alýan Umumy işler geňeşine öňden ýolbaşçylyk edip gelýän Aşton öz işini dowam etdirer”.

Ileri tutulýan ugurlar

Iş ýüzünde gezekleşip ýerine ýetirilýän prezidentlik-de blogyň ileri tutulýan işlerine güýçli täsir edip bilýär. Şol sebäpden prezidentligi geljek ýyl öz üstüne aljak Wengriýa, aýratyn-da Polşa Bileleşigiň ünsüni gündogar Ýewropa çeker diýlip çak edilýär. Ispaniýa özüniň prezidentlik döwründe muňa köp üns bermedi.

Belgiýanyň prezidentliginiň beýlekilerden düýpli tapawutly boljak ýeri – Bileleşigiň giňelmek meselesi. Premýer-ministr Iwes Leterme öten anna güni “Balkan ýurtlarynyň gelejegi Ýewropa Bileleşiginiň içinde” diýse-de, Horwatiýanyň agzalygy üçin gerekli gepleşikleriň 2010-njy ýylda tamamlanjakdygyna şübhe bildirdi.

“Bu gepleşikleriň gazanylan öňegidişligiň esasynda tamamlanmagy Belgiýa üçin gaty möhüm. Bu, dogrudanam, gepleşikler arkaly mümkin boldy. Biziň işimiz ilkinji nobatda syýasy taýdan baha bermek däl” diýip, Leterme aýtdy.
XS
SM
MD
LG