Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Bileleşiginiň ilkinji prezidenti saýlandy


Belgiýanyň premýer-ministri Herman Wan Rompuý, 19-njy noýabr, 2009-njy ýyl.
Belgiýanyň premýer-ministri Herman Wan Rompuý, 19-njy noýabr, 2009-njy ýyl.

Penşenbe güni gije geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň adatdan daşary sammiti garaşylmadyk ýagdaýda tamamlandy. Bileleşigiň ýolbaşçylygyndaky esasy iki wezipe Ýewropanyň syýasy sahnasynda kän bir tanalmaýan iki şahsyýete ynanyldy.

Belgiýanyň premýer-ministri Herman Wan Rompuý 1-nji ýanwardan başlap bileleşigiň häzirki wagta çenli ilkinji doly ştatly prezidenti bolar. Britaniýaly Katerin Aşton bolsa, Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanandan soň, şol aýyň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça ýokary wekiliniň wezipesini eýelär we bu wezipäniň ygtyýarlyklary öňküsinden güýçli bolar.

Wan Rompuý alty aý bäri Belgiýanyň premýer-ministri wezipesini eýeläp gelýär we ady Ýewropada kän bir tanalmaýar.

ÝB-niň söwda boýunça komissary Katerin Aşton.
Britaniýaly syýasatçy Aştonuň hem ýagdaýy şeýle. Ol henize çenli döwlet edarasyna wezipä saýlanmandy we soňky bir ýylyny ÝB-niň söwda boýunça komissary hökmünde Brýusselde geçiripdi.

Olaryň ikisiniň ady hem penşenbe güni gije dabaraly sazlar bilen habar beriş serişdelerinde köpçülige ýetirildi.

Ýewropa Bileleşiginiň häzirki görnüşdäki iň soňky döwürleýin prezidentligini alyp barýan Şwesiýanyň premýer-ministri Fredrik Reinfeld gijeki sessiýa asuda ýagdaýda tamamlanandan soň uludan dem aldy. “Birnäçe ýyl dowam eden çekeleşikleriň, taýýarlyklaryň netijesinde hemme zat ýerbe-ýer edilenden soň, şu taryhy ähmiýetli metbugat konferensiýasynda Ýewropanyň täze liderligini hödürleýäris”.

Bleýer hödürlenmedi

Resmileriň aýtmagyna görä, britan hökümeti ýurduň öňki premýer-ministri Toni Bleýeriň kandidatlygyny resmi taýdan goýbolsun edip, daşary işler ministri wezipesine Aştonuň kandidatlygyny hödürläninden soň, jemleýji ädimler ädildi.

Lissabon Şertnamasy netijesinde dörän iki sany esasy wezipä Wan Rompuý we Aştonuň saýlanmagy boýunça çaltlyk bilen we bir agyzdan alnan karar, ÝB-niň öz içinde bölünişikleriň bardygy baradaky gürrüňlerden birnäçe hepde soň gelen garaşylmadyk habar boldy. Bileleşigiň liderleriniň köpçüligiň sesine daýanmaly boljakdyklaryndan heder edilýärdi we bu ýagdaý bellenen iki adama bolan ynamy gürrüňsiz sarsdyrjakdy.

Sammitiň ahyrynda geçirilen metbugat konferensiyasynda çykyş eden Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žoze Manuel Barroso, Şwesiýanyň premýer-ministri Reinfelde Rubigiň kubigini gowşurdy we munuň Reinfeldiň sabyrlylygyna we araçylyk ukuplaryna özüniň hormat goýýandygynyň alamatydygyny aýtdy.

Barrosonyň aýtmagyna görä, Rompuý we Aştonyň saýlanmagyndan “has gowy karar almak mümkin däldi”.

Prezidentiň roly

Wan Rompuý Ýewropa Bileleşiginiň prezidentligine 1-nji ýanwardan başlap girişer. ÝB-niň daşary işler ministri we şol bir wagtyň özünde Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti boljak Katerin Aştonuň saýlanmagy bolsa entek Ýewropa Parlamenti tarapyndan tassyklanmaly bolar.

YB-niň resmileriniň aýtmagyna görä, täze komissiýa 21-nji ýanwardan başlap işe girişer.

Wan Rompuý geljekde ÝB-niň daşarky hökümetler we guramalar bilen geçirjek sammitlerine gatnaşar we Ýewropa Geňeşiniň, ýagny ÝB liderleriniň syýasy pozisiýalaryny beýan eder.

Aşton daşary syýasata degişli meselelerden jogapkär bolar. Emma onuň wezipe ygtyýarlyklarynyň Wan Rompuýyňky bilen käbir halatlarda çaknyşýandygyna seredeniňde, geljekde käbir düşünişmezlikleriň hem bolmagynyň ähtimaldygy aýdylýar.

Bir zat welin entek belli däl: borçlary we ygtyýarlyklary ýeňledilen hem bolsa, alty aýlyk döwürleýin prezidentligi alyp barjak ýurtlaryň liderleriniň we daşary işler ministrleriniň geljekdäki roly.

1-nji ýanwarda nobatlaýyn prezidentligi Şwesiýadan aljak Ispaniýanyň premýer-ministri Žoze Zapatero, özüniň ikinji planda durmajakdygyny eýýämden mälim etdi.
XS
SM
MD
LG