14-nji sentýabrda, Brýusselde geçirilen duşuşyklardan soň iki tarap hem özara gatnaşyklarda pragramtik hyzmatdaşlyga üns bermeli diýen netijä geldiler.
Bu duşuşyklardan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda Özbegistanyň Daşary işler ministri ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramaz däldigini aýtdy. Ýewropa Bileleşiginiň hem bu meseläniň gozgalmagyny kän islemäýändigi belli boldy.
Ýewropa Bileleşiginiň resmileri metbugatyň wekillerine Özbegistan bilen özara gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny görkezmäge synanyşdylar. Özbek tarapy bilen bolan duşuşyklardan soň geçirilen bilelikdäki metbugat konferensiýasyny alyp baran Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginiň jemgyýetçilik işleri boýunça baş wekili Frank Belfreýdž Özbegistan bilen “giň we çuňňur” gatnaşyklary ýola goýmak meselesiniň öz öňlerinde duran wezipelere girýändigini agzap geçdi.
Onuň aýtmagyna görä, regional hyzmatdaşlyk Owganystandaky ýagdaý energiýa hyzmatdaşlygy, neşe gaçakçylygyna garşy göreş hem-de inwestisiýa mümkinçilikleri ýaly meseleler boýunça geçirilen gepleşikler gaty netijeli bolupdyr. Şeýle-de jenap Belfreýdž, Özbegistanda adam hukuklarynyň häzirki ýagdaýyna baha bermezden, ýurduň demokratiýalaşdyrylmagy meselesi bilen bir hatarda ynsan hukuklarynyň ýagdaýynyň hem özbek resmileri bilen maslahatlaşylandygyny belledi.
Ynsan hukuklary
“Bizde bilim, demokratiýalaşdyrmak prosesi, kanunyň höküm sürmegi ýaly regional inisiatiwalara girýän meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik boldy. Şeýle-de biz ynsan hukuklary bilen bagly dialogy dowam etdireris.” diýip, Frank Belfreýdž öz çykyşynda aýtdy.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda Ýewropa Bileleşigi 2005-nji ýylda özbek režimine garşy girizen esasy sanksiýalaryny ýatyrdy. Muňa derek Özbegistan ýylda bir ýa-da iki gezek ynsan hukuklaryna bagyşlanan duşuşyklary geçirmegi boýun aldy. Mundan başga Özbegistan BMG, ÝHHG hem-de birnäçe hökümete degişli däl guramalaryň wekillerine ýurda girmek meselesini ýeňilleşdirmek babatynda ylalaşdy.
Özbek häkimiýetlerine garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak kararyna birnäçe sebäbäbe görä gelindi. Birinjiden, bu sanksiýalar Daşkent bilen hemme gatnaşyklary üzmekden başga netije bermedi. Ikinjiden bolsa, 2007-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşigi, Germaniýanyň goldawy bilen Merkezi Aziýa regionyna gönükdirilen ýörite strategiýany kabul etdi.
Şol strategiýa bolsa, iň köp ilatly Özbegistan oňa gatnaşmasa, başa barmajakdygyny görkezdi. Indi bolsa bu iki tarapyň gatnaşyklarynyň dikeldilmegiDaşkendiň syýasatynyň özgermegine getirer diýip, ÝB-niň resmileri umyt edýärler. Resmi däl özara gürrüňdeşlikde bolsa, ÝB-niň käbir resmileri geljekde Özbegistanda orta gatlak emele gelip, demokratik reformalary geçirmek ugrunda şol gatlagyñ häkimiýetlere basyş görkezmäge ukyply boljakdygyna bil baglaýandyklaryny aýtdylar.
Emma şeýle umytlar diňe Ýewropa Bileleşigi tarapynda bara meňzeýär. Sebäbi Özbegistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Özbek syýasatyna täsir etmeginiň mümkindigi baradaky mesele bilen düýpden ýalaşmaýandygyny görkezdi.
“Men Özbegistanyň delegasiýasynyň bu ýere hasabat bermek üçin gelmändigini ýene bir gezek ýatlatmak isleýän. Ýagny, Ýewropa Bileleşiginiň biziň ýurdumyzdaky ýagdaýlara gözegçilik etmäge haky ýok. Biz deňhukukly hyzmatdaşlaryň arasyndaky dialogyň tarapdarlary.” diýip, özbek resmisi belledi.
Onuň aýtmagyna görä, ýurduň demokratiýalaşdyrylmagy, adam hukuklarynyň hormatlanmagy, graždan jemgyýetiniň berkidilmegi 1992-nji ýylda kabul edilen Özbek konstitusiýasynda kepillendirilýär. Ýone 70 ýyllap dowam eden sowet režimi döwründe ýüze çykan kynçylyklary birnäçe ýylyň içinde çözüp bolmajakdygyny jenap Norow aýtdy. ÝB-ne garaşly bolmak meselesini ret edip, özbek resmisi öz ýurdunyň diňe deň, özara hormat goýmak şertlerinde pragmatik gatnaşyklary gurmaga taýýardygyny nygtady.
Şeýle-de Özbegistanyň Daşary işler ministri ÝB-de yslamy terrorçylar bilen bir hatarda goýmak tendensiýasynyň bardygyny aýdyp, Ýewropa ýurtlarynda “yslamofobiýanyň” duýulýandygyny belledi. Ol muňa mysal hökmünde Daniýada Muhammet pygamberiň karikaturalarynyň metbugatda çap edilendigini agzady.
Gaça durmaga synandylar
ÝB-niň resmileri hem Özbegistanda adam hukuklarynyň ýagdaýy bilen bagly berlen soraglardan gaça durmaga synandylar. Geçen tomus aýlary Özbegistanda ynsan hukuklary bilen bagly ýagadaýyň has ýaramazlaşandygyny synçylar aýdýarlar. Emma Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri şol ýagdaýyň gowulanmagyna täsir edip biljek planlary hakda gürrüň etmediler.
Gaýta ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Piýer Morel Özbegistan bilen iki aradaky dialogyň üç ýyllyk tejribesiniň bardygyny aýdyp, bu dialogyň, arada käbir “ynjyk hem gapma-garşylykly” meseleleriň bardygyna garamazdan, gowy netije berýändigini nygtady. Emma Piýer Moreliň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşigi bu iki tarapyň arasyndaky kynçylyklary aradan aýyrmaga ukyply.
“Biz özara gatnaşyklarymyzy dikeldip bileris, sebäbi özara kynçylyklaryň nämelerden ybaratdygyny gowy bilýäris. Şol meseleleri çözmekligiň nämäni aňladýandygyna hem düşünýäris.” diýip, jenap Morel belledi.
Brýusselde geçirilen bu duşuşyk ýokary derejedäki duşuşyk hasaplanmaýar. Sebäbi Özbegistanyň Daşary işler ministri Yslam Karimowyň režiminde beýle ähmiýetli adam hasaplanmaýar. ÝB-ne wekilçilik edenler hem öz ýurtlarynyň hökümetlerinde hiç bir syýasy wezipäni eýelemeýän, ýagny syýasy jogapkärçiligi çekmeýän adamlar.
Bu duşuşyklardan soň geçirilen metbugat konferensiýasynda Özbegistanyň Daşary işler ministri ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýynyň ýaramaz däldigini aýtdy. Ýewropa Bileleşiginiň hem bu meseläniň gozgalmagyny kän islemäýändigi belli boldy.
Ýewropa Bileleşiginiň resmileri metbugatyň wekillerine Özbegistan bilen özara gatnaşyklarynyň ýola goýlandygyny görkezmäge synanyşdylar. Özbek tarapy bilen bolan duşuşyklardan soň geçirilen bilelikdäki metbugat konferensiýasyny alyp baran Şwesiýanyň Daşary işler ministrliginiň jemgyýetçilik işleri boýunça baş wekili Frank Belfreýdž Özbegistan bilen “giň we çuňňur” gatnaşyklary ýola goýmak meselesiniň öz öňlerinde duran wezipelere girýändigini agzap geçdi.
Onuň aýtmagyna görä, regional hyzmatdaşlyk Owganystandaky ýagdaý energiýa hyzmatdaşlygy, neşe gaçakçylygyna garşy göreş hem-de inwestisiýa mümkinçilikleri ýaly meseleler boýunça geçirilen gepleşikler gaty netijeli bolupdyr. Şeýle-de jenap Belfreýdž, Özbegistanda adam hukuklarynyň häzirki ýagdaýyna baha bermezden, ýurduň demokratiýalaşdyrylmagy meselesi bilen bir hatarda ynsan hukuklarynyň ýagdaýynyň hem özbek resmileri bilen maslahatlaşylandygyny belledi.
Ynsan hukuklary
“Bizde bilim, demokratiýalaşdyrmak prosesi, kanunyň höküm sürmegi ýaly regional inisiatiwalara girýän meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik boldy. Şeýle-de biz ynsan hukuklary bilen bagly dialogy dowam etdireris.” diýip, Frank Belfreýdž öz çykyşynda aýtdy.
Geçen ýylyň oktýabr aýynda Ýewropa Bileleşigi 2005-nji ýylda özbek režimine garşy girizen esasy sanksiýalaryny ýatyrdy. Muňa derek Özbegistan ýylda bir ýa-da iki gezek ynsan hukuklaryna bagyşlanan duşuşyklary geçirmegi boýun aldy. Mundan başga Özbegistan BMG, ÝHHG hem-de birnäçe hökümete degişli däl guramalaryň wekillerine ýurda girmek meselesini ýeňilleşdirmek babatynda ylalaşdy.
Özbek häkimiýetlerine garşy girizilen sanksiýalary ýatyrmak kararyna birnäçe sebäbäbe görä gelindi. Birinjiden, bu sanksiýalar Daşkent bilen hemme gatnaşyklary üzmekden başga netije bermedi. Ikinjiden bolsa, 2007-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşigi, Germaniýanyň goldawy bilen Merkezi Aziýa regionyna gönükdirilen ýörite strategiýany kabul etdi.
Şol strategiýa bolsa, iň köp ilatly Özbegistan oňa gatnaşmasa, başa barmajakdygyny görkezdi. Indi bolsa bu iki tarapyň gatnaşyklarynyň dikeldilmegi
Men Özbegistanyň delegasiýasynyň bu ýere hasabat bermek üçin gelmändigini ýene bir gezek ýatlatmak isleýän.