Aşton öz syýasatynda ileri tutýan zatlaryny gaýtalady, ýöne Ýewropa Bileleşiginiň Birleşen Ştatlar ýa Orsýet ýaly strategik partnýorlar bilen nähili iş salyşmalydygy barada welin, orta atan täze pikiri ýok.
Aşton Ýewropa Bileleşiginiň ýakyn goňşulary bilen gatnaşyklarynyň etjek işleriniň sanawynda iň ýokary orunda durýanlygyny nygtady: “Ilkinji iş syýasy we ykdysady reformalar arkaly öz töweregimizde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek. Bu örän ähmiýetli, delilleri hem öz-özünden görnüp dur. Ýöne bize halkara derejesinde ygtybar edilmegi-de, töweregimizi düzetmegimize bagly”.
Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat baradaky ýokary wekili: “Ýewropa Bileleşigi öz bähbitlerini we gymmatlyklaryny goramak üçin halkara sahnasynda esasy aktýor bolmaly” diýdi.
Ýöne onuň eden 45 minutlyk çykyşynda Bileleşigiň bu işi nähili etmelidigi barada aýdan düýpli zatlary köp bolmady. Ol Birleşen Ştatlar bilen Orsýeti-de bu ýurtlara edilen sapar ýa ol ýurtlarda bolan duşuşyklar bilen baglanyşykda agzady.
Aşton Ukraina barada hem ýaňy golaýda Kiýewe eden sapary barada durup geçip, Ýewropa Bileleşiginiň bu ýurt bilen gatnaşygyny güýçlendirmek isleýändigini aýtdy.
Gürjüstan üns merkezinde
Aşton 2008-nji ýylyň awgustynda Tbilisi bilen Moskwanyň arasynda bolan uruşdan soň Bileleşigiň Gürjüstanda alyp baran işlerini sanap geçdi. Soň hem: “Öz erkimizdäki serişdelerden doly peýdalansak, Ýewropa Bileleşigi näme zatlary edip bilýändigimizi görkezdi” diýdi.
Ol Ýewropa Bileleşiginiň aradan salym geçirmän, bu konflikte reaksiýa görkezip, araçylyk edenligini, ol ýerde 300 gözegçi ýerleşdirenligini aýtdy: “Orsýet, Gürjüstan, şeýle hem ondan aýrylmaga synanyşýan Günorta Osetiýa we Abhazystanyň gatnaşmagynda ýola goýlan Ženewa gepleşiklerinde hem araçylaryň biri Ýewropa Bileleşigi”.
Aştonyň aýtmagyna görä, indi üns merkezinde duran Gürjüstanda we regionda durnuklylygy hem howpsuzlygy ornadyp, Ýewropa Bileleşiginiň esasy goşantlaryna geçmek.
“Biz indi söwda we wizany liberallaşdyrmak ugrunda işleýäris. Aýrylmaga synanyşýan respublikalar bilen gatnaşyklary täzeden gurmak baradaky çäreleri goldaýarys” diýip, Aşton aýtdy.
Ýöne Ýewropa Bileleşigi bilen Gürjüstan şu wagta çenli diňe wiza işini aňsatlaşdyrmak baradaky ylalaşyk hakda pikir alyşdylar. Wiza düzgüniniň liberallaşdyrylmagy bolsa aslynda onuň ýatyrylmagyny aňladýar.