Bu habar öňki amerikan prezidentlerinden gelmändi. Ol keseden berlen ähli maslahatlary sekiz ýyllap ret eden Jorj Buşdan soň bu wezipä geçen amerikan prezidenti Barak Obamadan geldi.
3-nji fewralda peýda bolan bu habar Köne Kontinent diýlip atlandyrylýan Ýewropadaky däbe görä, az-kem gussaly we diplomatiki äheňde ýazylan hat däldi. Şonuň üçinem bu habary ilkinji bolup çap eden “The Wall Street Journal – Europe” gazetiniň gatyny açanlarynda, Ýewropa ministrleriniň we diplomatlarynyň arasynda ertirki kofesine agzyny ýakanlary kän bolan bolsa gerek.
“Elbetde, lapy keçlikler bolandyr” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowleý şol günki beýanatynda aýtdy. “Biz bu meseläniň üstünde işleýäris”.
Soňra-da ol, “Durnanyň üstünine – urna – ölümlik urgyny etdi”: “Muňa Lissabon şertnamasy sebäp boldy. Ýewropa Bileleşigi ilki bilen kimiň nämä jogäpkärdigini kesgitlemeli”.
Obamany günäkärlemek kyn.
Ýewropa Bileleşigi özüniň döwürleýin prezidentligini alyp barýan täze premýer-ministriň ýa-da prezidentiň ýüzüni her alty aýdan daşarky dünýä öwürýärdi. Gowşak prezidentler güýçlüler bilen gezekleşip duransoň, elbetde, käte prezidentligiň global täsiri azrak bolandyr. Her halda telefon nomerleri üýtgäp dursa-da, telefonlar ýerinde durardy.
Ýöne keseliň garşysyna saýlanyp alnan çäre keselden has erbet görünýär.
Lissabon şertnamasy Ýewropa Bileleşigine doly ştatly prezident berdi we Bileleşigiň daşary syýasat boýunça baştutanynyň ygtyýarlyklaryny giňeltdi. Emma şol bir wagtyň özünde-de döwürleýin prezidentlige degmedi we ýarym-dolandyryjy Ýewropa Komissiýasy bilen ýarym-kanun çykaryjy Ýewropa Parlamentiniň güýji mekirlik bilen giňeldildi. Iň esasy zat bolsa, Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasatynyň ýola goýulşy üýtgemedi.
Onsuzam çökjek bolup duran...
Lissabon şertnamasynyň eden zady, onsuzam çökjek bolup duran gurluşy ýokarky wezipelere çendenaşa garaşly edip goýdy. Netijede indi Ýewropa Bileleşiginde özüni islendik wagt “prezident” diýip tanadyp biljek dört sany liderlik wezipesi emele geldi.
Herman Wan Rompuý – Ýewropa Geňeşiniň prezidenti, teoretiki taýdan “deňleriň arasynda birinji orunda”.
Žoze Manuel Barroso – Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti.
Žoze Mariýa Zapatero – Ispaniýanyň premýer-ministri hökmünde ÝB-niň Ministrler geňeşiniň prezidenti, häzirki wagtda alty aýlyk döwürleýin prezidentligiň ýolbaşçysy, ÝB-niň daşary syýasatynyň ähli ugurlary boýunça jogapkär.
Jerzy Buzek – Ýewropa Parlamentiniň prezidenti.
Edil häzir ÝB-niň ýüzbe-ýüz bolup duran meselesi şundan ybarat – güýç diýlen zadyň soňky nokady bar we syýasatçylar bolsa, hemişe syýasatçy bolup galarlar. Duşuşyk Madridde geçirilmelimi ýa-da Brýusselde? Barak Obama Ýewropa Bileleşigine sapara geläýse, onuň bilen ilki kim elleşip salamlaşmaly? Adatdan daşary “sergi çäresi” bolan ABŞ-ÝB sammiti Zapatero bilen Wan Rompuýyň arasyndaky şu mesele boýunça çekeleşige ýazdy. Kimiň nirede oturmalydygy, surata düşüşlikdäki orunlar we protokoluň beýleki ownuk-uşak meseleleri barada aýdybam oturmaly däl.
Başga bir tarapdan seredeniňde, göz-görtele şeýle çekeleşigiň bolmagyna ýol bermezlik bilen Obama Ýewropa ýagşylyk etdi.
Emma bu bäsdeşlik entek buz dagynyň diňe bir bölegi. Institutlaryň arasyndaky göreş bilen Brýussel bulam-bujar boldy. Daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekil Katerin Aştonuň hem durmuşy aňsat däl. Ol daşary syýasat boýunça resmi kagyzlara simwoliki gözegçilik edip biler, emma ÝB-niň ýygnaklaryny entek hem döwürleýin prezidentlik alyp barýar. Bu ýygnaklaryň arasyna ÝB-niň energiýa, söwda, adalat, içeri işler, daşky gurşaw we oba-hojalyk ministrleriniň hem duşuşygy girýär. Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň 27-niň esasy ilçilerini bir ýere jemleýän COREPER komitetini hem Ispaniýanyň ilçisi dolandyrýar. Bu Komitet ÝB-niň durmuşa geçirilmeli işleriniň gün tertibini hem düzýär.
Şu ýylyň bahar aýlarynda ýola goýulmagy planlaşdyrylýan we ÝB-niň diplomatiki edaralarynyň özeni boljak ÝB-niň Daşary amal gullugy (EAS) belli bir derejede Aştonuň işlerini kesgitlär. Emma bu edara oňa daşary syýasaty özbaşdak ýola goýmak üçin güýç gazandyrmaz.
ÝB-de çuňňur ornaşan problema diňe bir Wan Rompuýyň we Aştonyň dünýa sahnasynda hiç kim bolup galmaklary däl, şol bir wagtyň özünde olar ÝB-niň öz içindäki hiç hili topara, belli bir bähbitlere ýa-da bölünen toparlara-da wekilçilik etmeýärler. Her bir agzasy daşary syýasy meseleler boýunça doly özbaşdaklyga eýe bolan Ýewropa Bileleşiginiň liderleri deňagramly hereketlere ýokardan gözegçilik edip biljekdiklerine ynandylar diýäýmeseň, hakykatda saýlanan adamlaryň bu ugurda ne iş başarjaňlygy, ne-de ukyplylygy rol oýnady.
Başdan gowşak
Elbetde, Lissabon şertnamasy ÝB-niň daşary syýasatyny ýokardan aşaklygyna koordinirlemek üçin edilen möhüm synanyşykdy. Emma bu düzgün ilkibaşdan gowşak ýola goýuldy, sebäbi ýokarda oturan adamlaryň hiç hili güýji ýok! Bu ýerde esasy mesele “Prezident Obama Toni Bleýri ret edermidi? – diýen million dollarlyk sowal däl. Guramalaýyn garym-gatymlyk we belli bir arzuw-hyýallaryň bolmazlygy Ýewropa Bileleşigine agyr zarba urdy.
Häzirki şertler ÝB-niň agzalarynyň köpüsine laýyk ýaly görünýär. ÝB-niň esasy gazetleri Obamanyň häzirki ret etmesini başga biriniň problemasy ýaly edip görkezdiler. Ispaniýadan başga hiç bir agzanyň ýüzi gyzarmady. Ýumruk düşnüksiz konsept bolan “Ýewropa” degdi. Fransiýanyň “Le Monde” gazeti 2-nji fewralda “Ak Tam Ýewropanyň bar bolan derdini täzeden gozgady” diýip ýazdy. Makalanyň ýokarsynda bolsa, Lissabon şertnamasynyň ýetmezçilikleriniň mazmuny ýerleşdirildi.
Häzirki bolýan wakalara resmilerem, synçylaram gaty bir geň galana meňzänoklar. ÝB-niň paýtagtlarynyň köpüsinde, iň bärkisi daşarky aspektleri boýunça, Lissabon şertnamasynyň üsti derege geçmeýän çek hökmünde çyzyldy.
Brýusselde emele gelen “köp polýusly” dünýä gurluşy ABŞ-nyň global häkimiýetiniň ýerine geçer diýen umytlar puja çykyp barýar. Lissabon şertnamasy şu maksat bilen ýola goýlupdy. Emma indi taze konstitusion şertnamany düzmek bilen Ýewropa Bileleşigi ata-babalarynyň uly ýalňyşlyklar bilen çeken zähmetleriniň düýbini täzeden tutmaly bolar. Durnukly güýji gazanmazdan ýola goýlan kiçi göwrümli regional hyzmatdaşlyk dünýä sahnasynda hiç zady aňladanok diýen ýaly. Hytaý we Russiýa ýaly kabul edilen beýleki polýuslaryň hemmesi öz güýçlerini ABŞ-nyň kuwwatyna görä sazlaýan ulumsy döwletler.
Gitdigiçe düzgünlere görä dolandyrylyşdan daşlaşyp barýan dünýä, ÝB-niň öz agza döwletleri, Gündogar we Günbatar esasy bähbitlerine gezek gelende, ýüzlerini tebigy suratda ýene-de ABŞ-a tarap öwürýärler. ABŞ-nyň global häkimiýeti güýçden gaçýan bolup biler, emma ÝB hiç kim üçin hiç-hili degerli alternatiwi wada berenok.
Lissabon şertnamasynyň çäginde iň gowy görnüşe giren ÝB, daşary syýasatyny ýola goýmakda ykdysadyýetleriniň ölçegini göz öňünde tutup bilmedi. Bileleşigiň agza döwletleri öz resurslaryny we özbaşdaklyklaryny bir ýere jemlemegiň uzak möhletde peýda getirjekdigini bilseler-de, henizem biri-birlerini bäsdeş hasaplaýarlar.
Obama Ýewropa Bileleşigine başga bir duýduryş yşaratyny berdi, emma bu hasaba alynýança, Bileleşigiň näme edip biljekdigini öňünden görmek kyn.
Ahto Lobýakas Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Brýusseldäki habarçysy. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý we ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Katerin Aşton.
Şol bir wagtyň özünde 150 milliard ýewrolyk býujeti paýlaýan Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Aşton giňelmek we goňşuçylyk baradaky işleri çeh komissary Stefan Fulä gowşuransoň, hasam güýjüni ýitirdi.Şu ýylyň bahar aýlarynda ýola goýulmagy planlaşdyrylýan we ÝB-niň diplomatiki edaralarynyň özeni boljak ÝB-niň Daşary amal gullugy (EAS) belli bir derejede Aştonuň işlerini kesgitlär. Emma bu edara oňa daşary syýasaty özbaşdak ýola goýmak üçin güýç gazandyrmaz.